Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly jenap Kun Minneni kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Belgiýanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň beýleki döwletleriniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunda ol ýewropaly hyzmatdaşlaryň durmuş-ykdysady taýdan ýokary ösüş depginini görkezýän hem-de durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanan ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Jenap Kun Minneniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän we halkara giňişliginde Türkmenistana uly abraý getiren döredijilikli hem-de öňdengörüjilikli syýasaty dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyz myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny hem-de ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge meýillidigini nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat düzümini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary amala aşyrmak bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini, innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, möhüm ugurlarda, hususan-da, elektroenergetika ulgamynda we beýleki birnäçe pudaklarda işjeň hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň başyny başlaýan sebit we halkara ähmiýetli iri möçberli düzümleýin taslamalarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurt işewür toparlarynyň okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýär.
Jenap Kun Minne Belgiýa Patyşalygynda hormatly konsul hökmünde Türkmenistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki döwletiň arasyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Hoşlaşan mahaly, myhman kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.