Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, myhman ýolbaşçylyk edýän holdingine sazlaşykly ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda orun berilýändigine buýsanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Iteranyň” Türkmenistanda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigini we hyzmatdaşlyk babatda işjeň tejribe toplanandygyny belledi.
Ikitaraplaýyn pikir alyşmalaryň barşynda bu holdingiň gatnaşmagynda ýurdumyzda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda taraplaryň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygy tassyklandy.
Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän holdinginiň Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, holdingiň türkmen bazaryndaky ornuny has-da giňeltmäge meýillidigini tassyklady we “Iteranyň” boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljegi we Türkmenistanda dünýä derejesindäki iri ýaryşlary geçirmek üçin döredilen şertleri nazara almak arkaly sport ulgamynda öňe sürülýän taslamalar hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Igor Makarow ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň gerimiň giňeldilýändigini belläp, munuň döwlet Başutanynyň milletiň saglygy hakynda edýän aladasynyň aýdyň netijesidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda köp ýyllyk gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmak, özara peýdaly we boýun alan borçnamalary ýerine ýetirmek esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.