Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýaponiýaly we türkiýeli hyzmatdaşlaryň wekiliýetini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýaponiýaly we türkiýeli hyzmatdaşlaryň wekiliýetini kabul etdi

view-icon 990
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi Isao Iijimany, “Çalyk Holding” kompaniýalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy, Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklar boýunça professory Ýoşiaki Sasakini we “Japan International Group Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rejep Özkany kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň kabul etmegi özleri üçin uly hormat-sarpadygyny nygtadylar. Bellenilşi ýaly, Ýaponiýa we Türkiýe özüniň oňyn daşary we içeri syýasaty hem-de durmuşyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanýan uly üstünlikleri bilen halkara giňişliginde meşhur bolan Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, esasy ýapon we türk kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge we giňeltmäge çalyşýandyklary nygtaldy. Bu ýerde özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin oňaýly şertler, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary mübärekläp, Türkmenistanyň senagatlaşdyrmak babatda ýöredýän ugrunyň, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň dürli pudaklarda hem-de ulgamlarda işjeň gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Bu giň möçberli meýilnamalar innowasiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmaga, dünýäniň iň gowy tejribesini we nou-haulary çekmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda, däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy nygtaldy. Hususan-da, Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy. Ykdysadyýet, bilim we ylym, hünärmenleri alyşmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilşi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň innowasion ösüş we ýurdy tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrmak babatdaky ugruny nazara almak bilen aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, Ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň tejribesi türkmen paýtagtynda döredilýän Tehnoparkda iş ýüzünde ulanylyp bilner.

Söhbetdeşligiň barşynda jenap Isao Iijima Tokiony we Aşgabady doganlaşan şäherlere öwürmek baradaky teklibi beýan etdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Tokio iri ylym-bilim merkezleriniň biri, Aşgabat bolsa dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň biri bolup durýar. Iki döwletiň paýtagytlaryna şu derejäniň berilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi şeýle hem ýapon maýadarlarynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gyzyklanmasynyň artýandygyny nygtady. Myhman Türkmenistanyň häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýändigini belläp, döwlet Baştutanymyza syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe teklipleri hödürledi hem-de Ýaponiýanyň köpsanly syýahatçylarynyň biziň ýurdumyzyň täsin taryhy-medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine döredijilikli çemeleşýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýaponiýaly hyzmatdaşlygyň ähli tekliplerine garaljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen nygtap, Ýaponiýanyň Imperatory Akihitä hem-de imperator maşgalasynyň agzalaryna, şeýle hem ýurduň Premýer-ministri Sinzo Abä mähirli salamyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem gumanitar-medeni ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen öňe barýan, şol sanda köp pudakly döwrebap senagat düzümini döredýän ýurdumyz ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen, deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Günüň dogýan ýurduna bolan resmi saparynyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berendigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrandygyny bellemelidiris. Şol saparyň barşynda dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Häzirki wagtda Tokioda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýdyp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň, şeýle hem geçirilýän bilelikdäki ieşwürler maslahatlarynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gumanitar gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. 2007-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili bölümi açyldy. Onda ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden we dabaralay ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň döredilendigini, Ýaponiýanyň wekiliniň – Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professory Ýoşiaki Sasakiniň hem şol baýraga mynasyp bolandygyny ýatlatdy.

Şu babatda jenap Ýoşiaki Sasaki bu hormatly baýraga buýsanýandygyny hem-de biziň ýurdumyza ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Häzirki wagtda Ýaponiýada Türkmenistana, onuň häzirki zaman gazananlaryna, baý taryhyna we medeniýetine, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan gydymy däp-dessurlaryna uly gyzyklanma bildirilýär diýip, myhman aýtdy. Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklary boýunça professorynyň belleýşi ýaly, Ýaponiýanyň giň jemgyýetçiligini Magtymgulynyň eserleri bilen tanyşdyrmak maksadynda ol beýik şahyryň we akyldaryň şygyrlaryny ýapon diline terjime etmek bilen meşgullanýar we geljekde hem bu işi dowam etdirer.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan gumanitar-medeni ulgamda netijeli gatnaşyklar baradaky meseläniň üstünde ýene-de bir gezek durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, “Japan International Group Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rejep Özkan özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen bu wajyp ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny nygtady. Türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty, şol sanda bilim we ylym ýaly ileri tutulýan ugurlarda ýöredýän syýasaty döwletiň we jemgyýetiň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýär diýip, myhman aýtdy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine ünsi çekip, bu däp bolan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Meşhur türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Ahmet Çalyk özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge we ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şol taslamalar bolsa milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türk kompaniýasyna Türkmenistanda ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň ilerledilişi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portuny gurmak baradaky mesele ara alnyp malsahtalaşyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Degişli halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolan “Gap Inşaat” türk kompaniýasy bu iri desganyň gurluşygynyň baş potratçysy bolup durýar.

Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň taslamasynda desgalaryň tutuş toplumyny, şol sanda terminallaryň birnäçesini, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlaryny, kenarýaka düzüminiň köpsanly desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Port iň kämil enjamlar we innowasion tehnologiýalary bilen üpjün ediler. Ýurdumyzyň täze “deňiz derwezesi” yklymyň iri logistika merkezine öwrülmelidir we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýelemelidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ählumumy ulag-aragatnaşyk düzümini we halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek babatda oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk, yzygiderli ädimleri ädýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, onuň gurluşygynyň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrülmelidigini belledi. Milli Liderimiz geçirilýän işleriň ählisiniň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň we olaryň möhletleriniň berk berjaý edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy.

“Gap Inşaat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bildirýän ýokary ynamy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly buýsançdygyny aýtdy. Işewür Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berip, türk kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berk berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we türkmen Liderine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.