Ï Aşgabatda Hazaryň derejesi boýunça işçi toparyň nobatdaky mejlisi geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hazaryň derejesi boýunça işçi toparyň nobatdaky mejlisi geçýär

view-icon 877
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça konwensiýany işläp taýýarlamak baradaky Ýörite iş toparynyň 36-njy mejlisi açyldy. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan we Azerbaýjan Respublikasyndan wekiliýetler geldi.

Gün tertibine Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk görmek, Hazaryň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisiň işewür ýagdaýda geçen birinji güni wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary we hukuk derejesi baradaky meseleler boýunça öz döwletleriniň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler, şeýle hem gyzyklanma bildirýän meseleleriň giň topary boýunça pikir alşyldy, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasynyň düzgünleri boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemek dowam etdirildi. Bu resminama Hazarýaka döwletleriň hemmesiniň tekliplerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi baý uglewodorod, balyk we beýleki tebigy serişdelere eýe bolup, Hazarýaka ýurtlaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň özboluşly nyşany bolup durýar. Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek, sebitde ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar we taraplaryň bäşisiniň hem pikirini nazara almak bilen, ylalaşyk esasynda çözülmelidir. Bu ýörite iş topar hem bu ugurda işleri alyp barýar.

Degişli mesele boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary barada aýdylanda, türkmen tarapynyň wekilleri Hazar bilen bagly meseleleriň türkmen döwletiniň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şol syýasat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanandyr. Hoşniýetli erk-isleg, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde türkmen döwletiniň nukdaýnazaryny kesgitleýän esasy ýörelgeler bolup durýar.

Çykyş edenler täsin suw howdanynyň derejesi boýunça ylalaşykly çözgüdi işläp düzmegiň Hazarýaka döwletler üçin möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň oňaýly görnüşini işjeň gözläp tapmaga ygrarlydygyny nygtadylar. Ol binýatlyk resminama hökmünde Hazar deňzinde halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk çäklerini kesgitlär. Bu deňziň hukuk derejesini kesgitlemek işinde türkmen döwletiniň işjeň nukdaýnazary ýurdumyzyň bu wezipäniň çalt çözülmegine möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki iri maslahatlarda – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň maslahatlarynda, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly maslahatynda, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklarynda we beýlekilerde öňe süren netijeli başlangyçlary aýdylanlaryň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz Hazar boýunça meseleleri diplomatik ýollar arkaly, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmak we hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleriniň esasynda çözmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň taraplaryň nukdaýnazarlaryny has-da ýakynlaşdyrmak we onuň ähli ugurlary boýunça, şol sanda Hazar deňzinde işleriň dürli ugurlaryny we hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmegiň sazlaşykly halkara- hukuk usullaryny işläp düzmek boýunça özara gatnaşyklaryň netijeliligi ugrunda çykyş edýändigi bellendi.

2010-njy ýylyň noýabrynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Bakuda geçirilen duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Kenarýaka döwletleriň täsin tebigy toplum hökmünde Hazaryň goralmagyna uly jogapkärçiligini belläp, şeýle hem olaryň deňizde takyk we sazlaşykly hereketleriniň möhümdigini aýdyp, türkmen Lideri Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşygy hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak hakynda ylalaşygy işläp düzmegi we olara gol çekmegi teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki duşuşyklar we ara alyp maslahatlaşmalar taraplaryň nukdaýnazarlaryny ýakynlaşdyrmaga we häzir eýýäm anyk netijelere eýe bolan özara kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmakda oňyn gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berýär. Köpýyllyk taryhy bolan Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek işiniň soňky ýyllarda işjeň tapgyra gadam basandygyny bellemek bilen, bu ýere ýygnananlar gatnaşýan taraplaryň täsin tebigy suw howdanyny aýawly saklamagyň, onuň baý gorlaryny rejeli özleşdirmegiň bähbidine Hazar meselesini çözmegiň oňyn ýollaryny gözläp tapjakdygyna hem-de Hazar deňzine parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzi diýen derejäni berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagta çenli Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa hem-de Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk ýaly bäş taraplaýyn resminamalara gol çekilendigi kanagatlanmak bilen bellenildi. Wekiliýetleriň agzalary degişli ugurda gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ösdürmek baradaky pikirlerini tassyklamak bilen, Hazar meselesi boýunça öz ýurtlarynyň nukdaýnazarlaryny ýakynlaşdyrmak maksadynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklary dowam etmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler.

Hazarýaka döwletleriň wekiliýetleriniň agzalary mähirli kabul edilendigi we maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, şu günki mejlisiň ähmiýetini nygtadylar. Onuň çäklerinde täze teklipleriň birnäçesi orta atyldy. Aşgabat duşuşygynyň Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem milli bähbitlerini we nukdaýnazarlaryny göz öňünde tutýan ylalaşygy gözläp tapmagyň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygy şübhesizdir.

Ertir Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak baradaky Ýörite iş toparynyň 36-njy mejlisi öz işini dowam eder.