Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 878
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemlerine, döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, şeýle hem beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen mejlisi açmak bilen, döwlet Baştutanymyz onda birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň işiniň seljeriljekdigini belledi. Şeýle hem olaryň ýerine ýetiren işlerine anyk baha berler we birnäçe guramaçylyk meselelerine serediler.

Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň birinji çärýegindäki makroykdysady görkezijiler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan ykdysady strategiýa we “Türkmenistany 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, pudak we sebit derejede milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýnädigini habar berdi.

Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edildi. Jemi içerki önümiň durnukly we sazlaşykly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüşinde senagat ulgamynyň paýy 51,5 göterime, döwlete dahylly däl pudagyň paýy bolsa 58,3 göterime barabar boldy.

Birinji çärýegiň jemleri boýunça milli ykdysadýýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolundy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy.

Döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň önüm öndürijileri harytlaryň bolçulygyny üpjün etmekde, ilatyň girdejisini hem-de bölekleýin haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmakda guwandyryjy netijeler gazanylyp, 2013-nji ýylyň degişli döwründäkiden 18,7 göterim artdy. Hasabat döwründe daşary söwda dolanyşygynyň möçberleri hem ýokarlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilişi sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Onuň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 38,7 göterim möçberinde emele geldi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Döwlet býujetinden durmuş ulgamynyň ösdürilmegine 80,5 göterim serişde goýberildi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda, doly möçberde maliýeleşdirildi.

Tutuşlygyna alnanda, 2014-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly hereket etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan we milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden meýilnamalaýyn wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik derejesiniň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere ykdysadyetimiziň ähli pudaklary boýunça ösüşinde seljermeleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda önüm öndürmegiň ýokary ösüş depgini gazanyldy.

Şeýlelikde, senagat pudagynda şu ýylyň üç aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümleriň köpüsi boýunça önümçiligiň möçberiniň artmagy üpjün edildi. Olardan elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,2 göterim, tebigy gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 106,9 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,3 göterim, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,5 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,2 göterim, kerosiniň öndürilişiniň ösüş depgini 101 göterim, nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 121 göterim, ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 101,2 göterim, mineral dökünleriň öndürilişiniň ösüş depgini 149,6 göterim, sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 133,9 göterim, magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 134 göterim, nah ýüplükleriň öndürilişiniň ösüş depgini 103,4 göterim, nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 113,7 göterim, lukmançylykda ulanylýan pamygyň öndürilişiniň ösüş depgini 111,6 göterim, derman serişdeleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 158 göterim boldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy boýunça hem meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň köp görnüşleriniň öndürilişi artdy. Hususan-da, etiň öndürilişiniň artyşy 1,3 göterim, süýdüň öndürilişiniň artyşy 0,6 göterim, gök önümleriň öndürilişiniň artyşy 2,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişiniň artyşy 4,7 göterim derejesinde emele geldi. Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna geçen ýylyň degişli senesine görä gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň baş sany köpeldi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat berip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ägirt uly maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. 2014-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda potratçylyk usuly bilen gurluşyk – gurnama we beýleki düýpli gurluşyk işleriniň möçberi 2013-nji ýylyň degişli döwründäkiden 18,8 göterim ýokary boldy.

Ulag ulgamy babatda aýdylanda bolsa, 2014-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 11 göterim, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 9,7 göterim, howa ulagy boýunça 9,1 göterim, demir ýol ulagy boýunça 2,4 göterim, geçiriji turba ulagy boýunça 17,4 göterim ýokarlandy. Şu döwürde ýolagçy dolanyşygynyň ösüş depgini 104,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryndan alnan jemi girdejiler 2013-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary bilen deňeşdirilende 5,7 göterim köpeldi.

Hasabatyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň iri desgalarynyň gurluşyk hem-de durkuny täzelemek işleriniň ýokary depginde alnyp barlandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, şäherleriň we obalaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport edaralarynyň binalarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy. Mundan başga-da, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek ýaly ugurlar boýunça işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetiň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, hereket edýän halkara ülňülerini nazara almak bilen, milli statistika ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda möhüm çäreleriň görülmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda statistikanyň usulyýetini kämilleşdirmek, hususan-da, statistiki görkezijiler ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň göz öňünde tutulandygyny nygtap, alnan maglumatlary işläp geçmek we seljermek, statistiki tejribä täzelikleri ornaşdyrmak, bu düzümiň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini jemlemek boýunça işleri çaltlaşdyrmak barada görkezme berdi. Geçirilen işleriň netijeleri halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga we demografik ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygyna bu babatda anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi

Soňra maliýe ministri D.Sadykow Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem 2014-nji ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Şonda hasabat döwrüniň netijeleri boýunça Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 112,7 göterim, çykdajylar boýunça 96,8 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi aýdyldy.

Ministr ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada durup geçip, onuň girdejiler boýunça 110,6 göterim, çykdajylar boýunça 96,3 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aýtdy. Şeýle hem Aşgabat şäheri we ýurdumyzyň ähli sebitleri boýunça ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik hasabat berildi.

Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işler barada durlup geçilip, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 34-siniň geçirilendigi bellenildi. Mejlisleriň barşynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň, şeýle hem edaralaryň we kärhanalaryň 106-synyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.

Häzirki wagtda şu ýylyň 1-nji martynda kabul edilen Türkmenistanyň Býujet kodeksinde göz öňünde tutulan degişli kadaladyryjy-hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylýandygy aýdyldy. “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň baş buhgalterlerini we hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak işi amala aşyrylýar. Bu işiň geçirilmegi 2014-nji ýylyňi 1-nji ýanwaryndan maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna esaslanýan milli standartlara geçilmegi bilen baglydyr. Şeýle hem Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini we gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz býujet ulgamyny kämilleşdirmek, maliýe serişdelerini durmuş-ykdysady ösüşde ileri tutulýan ugurlara gönükdirmek, döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, buhgalterçilik hasaba alnyşyna we hasabatlylyga usuly ýolbaşçylygy üpjün etmek boýunça şu ministrligiň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti görkezilen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, bu barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Goçyýewe, ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganowa, maliýe ministri D.Sadykowa we ykdysady-maliýe düzümleriniň beýleki ýolbaşçylaryna ýüzlenip, käbir pudaklarda we tutuş ykdysadyýetde bolup geçýän ýagdaýlary toplumlaýyn seljermegiň, milli maksatnamalary işläp taýýarlamak üçin ylmy esaslaryň taýýarlanmagynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýet ulgamynda maliýe-hasabat işleriniň netijeliligini artdyrmakda, önümçilige döwrebap usullary ornaşdyrmakda hem-de pudaklar arasyndaky hasaplaşyk çärelerini sazlaşykly alyp barmakda kemçilikleriň bardygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylaryň işi sazlaşykly guramakda haýal-ýagallyga ýol berýändigini nygtady.

Orta möhletleýin we uzak möhletleýin meýilleşdirmek we çaklamak boýunça işleri geçirmek, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklaryny ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek işleriniň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň we beýleki degişli düzümleriň döredilendigine garamazdan, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ugurda işleýän düzümleriň tagallalarynyň birikdirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde bank ulgamynyň edaralarynyň işi, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hasaplaryna gelip gowşan pul serişdeleri, şeýle hem milli pulumyzyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak maksadynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet strategiýasynyň möhüm bölegi bolan pul-karz syýasatynyň halk hojalyk toplumyny netijeli dolandyrmak we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli pulumyzyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, maliýe syýasatynyň çäklerinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler görmegi talap etdi. Milli Liderimiz şeýle hem Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabyna gelip gowuşýan pul serişdelerine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda görkezme berdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

2014-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň barşynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmelerinde özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 36,4 göterime barabar boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim artykdyr. Bu görkeziji Ahal welaýatynda 34,8 göterim, Balkan welaýatynda 36,9 göterim, Daşoguz welaýatynda 34,9 göterim, Lebap welaýatynda 46,1 göterim we Mary welaýatynda 30,3 göterim derejesine deň boldy.

Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki döwürde ýurdumyzda dürli maksatly desgalaryň 400-den gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde desgalaryň 8-siniň gurluşygy tamamlandy. Şu döwürde 72,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 271 kilometr suw geçirijileriň, 85,4 kilometr lagym geçirijileriň, 161,4 kilometr awtomobil ýollarynyň, 235 kilometr gaz geçirijileriň, 867,4 kilometr elektrik geçirijileriň, 621,9 kilometr telefon ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.

Şeýle hem hasabatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň önümçilik ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek babatda ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň baş maksadynyň halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden, welaýatlarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ösen ýaşaýyş-durmuş düzümini kemala getirmekden ybaratdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilişine degişli gözegçiligi alyp barmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek meýilnamasynyň 157,4 göterim ýerine ýetirilendigi, ösüş depgininiň 188,2 göterime deň bolandygy bellenildi. Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we şäheri abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer häzirki döwürde paýtagtymyzda ylalaşyklaryň 184-si boýunça dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurulýandygyny habar berdi. Desgalaryň 183-si 102 şertnama esasynda şäher häkimliginiň buýurmasy bilen gurulýar.

Şeýle hem ýakyn binalarda we söweş sungaty boýunça we 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk we paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu babatda milli Liderimiziň garamagyna birnäçe binalaryň taslamalary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabady döwrebaplaşdyrmagyň Baş meýilnamasyny durmuşa geçirmek işleriniň üç tapgyrda amala aşyryljakdygy bellenildi. Munuň özi durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, ösdürmek we zerur bolan şäher düzümini toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça ýöriteleşdirilen çärelerden ybaratdyr.

Häzirki döwürde paýtagtymyzda 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 37-siniň gurulýandygy aýdyldy. Şeýle hem Gurluşyk ministrligine we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna öz serişdeleriniň hasabyna 2680 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 68-sini gurmaga ygtyýar berildi. Aşgabat şäherini gurmagyň 12-nji, 13-nji tapgyrlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan degişlilikde 1000 we 680 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji we 15-nji tapgyrlarynda 1680 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy göz öňüne tutulýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäklerinde 257 gektar ýer bölünip berildi we onda 1536 hojalyga niýetlenen bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça zerur işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanylýar.

2017-nji ýyla çenli Parahat-7/1,2,3 ýaşaýyş jaý toplumlarynda 3600 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, ony ýerine ýetirmäge toplumlaýyn we örän oýlanyşykly çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli ýagdaýy nazara almak bilen, paýtagtymyzyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, amatly şäher gurşawyny döretmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we wise-premýere gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň bellenilen möhletde gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ata Watanymyzyň paýtagty ähli görkezijiler babatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan özgertmeleriň durmuşa geçirilişine görelde bolmalydyr diýip belledi we Aşgabady ösdürmegiň bellenen meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysyna raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri, ýüztutmalary öz wagtynda seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, tutuşlygyna ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça hasabat berilýän döwürde işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň ösüş depginleri 114 göterime deň boldy.

Hususan-da, degişli döwürde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini 109,3 göterime deň boldy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, 2014-nji ýylyň mart aýyna çenli “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň “Bereket-Etrek” demir ýolunyň 231 kilometri guruldy, içki demir ýol ulgamlarynyň 30,5 kilometriniň durky täzelendi, ýolagçy wagonlarynyň 47-si satyn alyndy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ösüşi depgini 102,9 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 128,7 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 132,7 göterime deň boldy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän we zerur ähli düzümleri bolan täze howa menzilleriniň gurluşygynyň alnyp barylýandygy baradaky habar aýdyldy. Ýakynda bolsa paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly açyldy, şeýle hem Türkmenistanyň buýurmasy boýunça gurlan täze “Boeing 777-200 LR” uçary ýurdumyza gelip gowuşdy.

Hasabat döwründe Aragatnaşyk ministrligi boýunça işler 103,2 göterim ýerine ýetirildi, ýurdumyzda 144 müňden gowrak täze telefon belgileri gurnaldy, bu 216 göterime deňdir. “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ykjam aragatnaşyk boýunça hyzmatlaryndan müşderileriň 3 million 808 müňden gowragy peýdalanýar, şol sanda 99 ýurduň 172 sany operatorlary bilen rouming hyzmaty hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan bu möhüm ähmiýetli pudaklaryň sazlaşykly hem-de netijeli işini üpjün etmek boýunça mundan beýläk hem ähli tagallalaryň edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ulag ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmakda demir ýol we deňiz üsti gatnawlarynyň barha artýan ähmiýetini aýratyn belledi. Bu pudaklaryň öňünde ýük daşalyşynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem gatnawlaryň ugurlaryny giňeltmek wezipeleri durýar. Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň ähli ulag pudaklakrynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga iri möçberli maýa goýumlarynyň gönükdirýändigini bellemek bilen, wise-premýere suw, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynda hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda Internetiň we aragatnaşygyň döwrebap tehnologiýalarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy babatynda ähli şertleri döretmegi talap etdi we degişli ýolbaşçylara döwrüň talabyna laýyklykda häzirki zaman tehnikasynyň sazlaşykly işlemegini we netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça zerur bolan ähli çäreleri geçirmek barada tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda önümleri öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary berjaý etmek boýunça meýilnama 110, 8 göterim möçberinde ýerine ýetirildi. Geçen döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 199-sy, şol sanda Aşgabat şäherinde 108-si, Ahal welaýatynda 16-sy, Balkan welaýatynda 44-si, Daşoguz welaýatynda 18-si, Lebap welaýatynda biri we Mary welaýatynda 12-si gurlup ulanmaga berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary geçen döwürde Energetika ministrligi boýunça Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň 6-njy energoblogynda düýpli abatlaýyş işleriniň, Abadanyň döwlet elektrik stansiýasynyň energobloklarynda bölekleýin abatlaýyş işleriniň geçirilendigini aýtdy.

Görkezilen döwürde “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça önümleri öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary berjaý etmek boýunça ösüş depgini136,9 göterime deň boldy. Wise-premýer umumy uzynlygy 1676 kilometre barabar bolan Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtomobil ýollarynyň ugrunda ortaça 1379 kilometrde ýer işleriniň geçirilendigini aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gurluşyk ministrliginiň täze Gurluşyk we binagärlik ministrligine öwrülýändigini aýtdy. Täze ministrligiň döredilmegi bilen, Gurluşyk ministrliginiň gurluşyk we önümçilik kärhanalary we edaralary Senagat ministrliginiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň garamagyna geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurluşyk we binagärlik ministrligine birnäçe wezipeleriň, şol sanda binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň taslamalarynyň hiline, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hiline gözegçilik etmegiň tabşyrylýandygyny aýtdy.

Bulardan başga-da, bu ministrlik şäher gurluşygy boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak bilen meşgullanar hem-de gözegçilik etmek bilen bagly wezipeleri ýerine ýetirer.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini döretmek hakyndaky” Permana we “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekip, täze ministrligiň döredilmeginiň maksada laýyk gelýändigini we oňa möhüm ähmiýetli wezipeleriň tabşyrylýandygyny belledi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine B.Ereşowy bellemek hakyndaky Permana, şeýle hem Ç.Ataýewi we G.Baýrammyradowy ministriň orunbasarlarynyň wezipelerine bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz energetika ministri wezipesine G.Saryýewi bellemek hakyndaky Permana we ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky, şeýle hem B.Aşyrowy ministriň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklarynda 2014-nji ýylyň 1-nji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, senagat toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, himiýa, dokma we gurluşyk serişdeleri senagatynda hem-de balyk hojalygynda gazanylan esasy ykdysady görkeziji barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe senagat toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 123 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 132,8 göterime barabar boldy we meýilnama 149,5 göterim ýerine ýetirildi. Hususan-da, sementiň we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende degişlilikde 133,9 göterime we 118,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi boýunça şu ýylyň üç aýynda önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 118,3 göterime barabar boldy. Hususan-da, nah ýüplükleriň öndürilişiniň ösüş depgini 103,4 göterime we nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 113,7 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda haly önümleriniň hem-de arassalanan ýüň ýüplükleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Umuman, şu birleşik boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini hem 100,1 göterime barabar boldy we meýilnama 122,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde himiýa pudagy boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime, şol sanda mineral dökünleriň ähli görnüşleriniň öndürilişi boýunça ösüş depgini 149,6 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 170,1 göterime barabar boldy. Gaýtadan işlenilen we konserwirlenen balyk we balyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 125,6 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň senagatynyň içerki bazaryň ýokary hilli harytlara we hyzmatlara bolan islegini doly kanagatlandyrmaga, daşary ýurtlara iberilýän önümleriniň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ýokary depginini mundan beýläk-de saklap galmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz himiýa toplumynyň netijelliligini ýokarlandyrmak, şol sanda eksport kuwwatyny we döwletara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek arkaly ýokarlandyrmak boýunça çärelere wise-premýeriň ünsüni çekip, täze pudaklaýyn desgalaryň gurluşygynyň hili we möhletleri hem-de hereket edýän kärhanalary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadyp, bu wezipä N.Kadyrowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Aýdogdyýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, alnyp barylýan gurluşyk işleri, bilimi we ylmy, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrundaky guramaçylyk işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat bermegiň barşynda geçen üç aýda Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 115-siniň taýýarlanylandygyny we çapa iberilendigini, şolardan 28-siniň neşir edilendigini aýtdy.

Mart aýynda döredijilik taslamalary we dersler boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” diýen şygar bilen geçirilýän bäsleşigiň döwlet derejesindäki tapgyry guraldy. Bulardan başga-da, türkmen mekdep okuwçylary we talyplar dersler boýunça halkara olimpiadalaryna-da işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtlarda geçirilen bäsleşiklerde ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 18 medala mynasyp boldular, şolardan ikisi altyn we 5-si kümüş medallardyr, talyplar bolsa 6 medal, şol sanda 1 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar.

Ýokary okuw mekdebinden soňra hünär taýdan bilim bermek we ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça ulgamy ösdürmek dowam etdirilýär.

Magtumguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Beýik şahyryň döredijiliginiň öwrenilmegine bagyşlanan ylmy işler we monografiýalar çap edilýär, ylmy-barlag institutlarynda we beýleki edaralarda ylmy-amaly maslahatlar guralýar, daşary ýurtlarda şu ugra degişli çäreler geçirilýär.

Şeýle hem hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine degişli görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, ýurdumyzyň derman senagatynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümiň möçberleriniň ösüş depgini 147 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýşy we derman senagaty ministrliginiň buýurmalary boýunça desgalaryň 19-sy, şol sanda lukmançylyk edaralary üçin 12 binanyň, derman kärhanalarynyň 5-siniň, döwrebap derman ammarynyň we ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Sport we syýahatçylyk ulgamynda-da bu ulgamlary täze derejä ýetirmek boýunça maksada okgunly işler amala aşyrylýar. Hasabat döwründäki ýagdaý syýahatçylaryň artýandygyny hem-de syýahatçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň berjaý edilýändigini görkezýär.

Geçen üç aýda Türkmenistanda milli sport ýaryşlarynyň 57-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 19-sy geçirildi. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 34-sine gatnaşyp, 67 medala , şol sanda 29 altyn, 29 kümüş we 9 bürünç medala eýe boldular. Häzirki wagtda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbie-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň gerimi has-da giňelýär. Şunda ilatyň has giň toparlarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleriň onlarçasy geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuş ulgamlaryny toplumlaýyn ösdürmek ugrundaky ilkinji nobatdaky wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi, şol wezipeleriň berjaý edilmegi bu ulgamlaryň özgerdilmeginiň we döwrebaplaşdyrylmagynyň barşynyň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda döwrebap işgärleriň düzüminiň döredilmegine has düýpli çemeleşilmegini, dünýädäki öňdebaryjy tejribeden has giňden peýdalanmak arkaly hünärmenleriň ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň netijeli ýola goýulmagyny talap etdi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti sport boýunça ýaýbaňlandyrylan uly işleriň badyny gowşatman, döwrebap düzümiň ösdürilmegini, ýurdumyzyň sport babatdaky kuwwatynyň berkidilmegini, ussat tälimçileri we türgenleri taýýarlamak boýunça ulgamyň kämilleşdirilmegini, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini bu ulgamda ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, söwda toplumy we milli ykdysadyýetiň hususy bölegi boýunça esasy görkezijiler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 108,5 göterim üpjün edildi. Şol sanda, bölek haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 110,4 göterime, lomaý haryt dolanyşygy boýunça ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 41 birža söwdasy geçirilip, hasaba alnan şertnamalaryň umumy bahasynyň ösüş depgini 156,1 göterime deň boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça şol döwürde ýerine ýetirilen hyzmat işleriniň ösüş depgini 154,4 göterim üpjün edildi. Hyzmatlary ýerine ýetirmekden alnan peýda 2 esseden gowrak artdy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda 3 sergi we 2 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 147 göterime we oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 128 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň 3 aýy bilen deňeşdirilende, ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 46 göterim artdy. Şunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 257 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa ösüş depgini 258 göterim üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňlp, Ş.Meredowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatmak baradaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Işanowy bolsa bu düzümiň başlygy wezipesine belledi. Şeýle hem R.Meredow we Ç.Nurmyradow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasarlary wezipelerine bellenildiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde okgunly ösýän pudaklaryň biridigini belledi. Haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artýandygy ilatymyzyň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Söwda toplumy bazar ykdysadyýetimiziň durmuş ugurly esasy ulgamlary bolmak bilen, alyjylylaryň bähbitlerini goramak, islegleri öwrenmek, söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary döretmek, halkyň sarp edýän harytlarynyň bazarynda sagdyn bäsleşik ulgamyny kemala getirmek ýaly meseleleri hem çözmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu işde telekeçilik işjeňligine, şol sanda haryt teklipleriniň görnüşlerini giňeltmek we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň täze görnüşleriniň çykarylyşyny ýola goýmak işine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere söwdany dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, önüm öndürijiler bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek, marketing ylmynyň dünýä tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, halkara işewür gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de daşary ýurt bazarlarynda ýurdumyzyň önümlerini ilerletmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi barada habar bermek bilen, soňky üç aýyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen iri möçberli halkara derejesindäki çäreler barada, şeýle hem bu ulgamlaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen geçirilýän işlerde işlemegiň täze görnüşlerini we serişdelerini gözlemegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere döredijilikli çemeleşmegiň, Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimize saglyk ýagdaýy boýunça özüni eýeleýän wezipesinden boşatmak baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrýandygyny habar berdi we bu wezipä ozal Türkmenistanyň hökümetinde medeniýet ulgamyna we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine gözegçilik eden hem-de häzirki wagtda ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesinde işleýän M.Ýazmuhammedowany belleýändigini aýtdy.

M.Ýazmuhammedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň guramaçylyk meseleleri boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz G.Mämmedowanyň başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadylýandygyny aýtdy.

Soňra mejlis ýurdumyzyň welaýatlarynyň we oba hojalyk toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda ýerine ýetirilen işler, häzirki wagtda ekin meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, sebitde gurulýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, häkim häzirki günlerde bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna göreşmek işleriniň dowam edýändiginiň habar berdi. Däne oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne orýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, welaýat boýunça zeýkeşleri, suwaryş ýaplaryny arassalamak işleri dowam edýär.

Welaýatyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek bilen baglylykda berlen hasabatda gara mallaryň we dowarlaryň sanynyň artýandygyny görkezýän maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap fermalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň birinji çärýeginde maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnama 34, 8 göterim ýerine ýetirildi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow öz gezeginde şu ýylyň birinji çärýeginde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe dürli senagat önümleriniň öndürilişi geçen ýlyyň degişli döwründen artyk bolandygy bellenildi.

Häkim hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, güýzlük däne ekinlerine ideg etmegiň, ot-ýimlik we beýleki ekinleriň ekişiniň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler bilen bir hatarda, galla oragy tamamlanansoň, 3 müň gektara gant şugunduryny ekmek meýilleşdirilýär.

Sebitde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem häkim sebitiň ilaty üçin ýeňillikli uzakmöhletleýin karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça üçtaraplaýyn şertnamalaryň 895-siniň baglaşylandygyny aýtdy. Häzirki döwre çenli 1 we 2 gatdy ýaşaýyş jaýlarynyň 145-si ulanmaga berildi. Şeýlpe hem dört gatly 95 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň gurluşygy dowam edýär. Sebitde senagat ähmiýetli desgalaryň 6-sy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň önümleri sarp edijilere ugradylyp başlandy.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýramçylygyna görüýän taýýarlyk işleri, döwet Baştutanymyzyň bu babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Daşoguz welaýatyny 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri barada çykyş edip, welaýat häkimi E.Orazgeldiýew obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýylyň başyndan bäri welaýat boýunça önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň 26-synyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky Kararynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, häkim S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 500 maşgala we Köneürgenç etrabynda 400 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Şeýle hem ol oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişi we güýzlük galla ideg etmek işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda Medeniýet hepdeligini we halkara sungat sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada-da habar berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew 2014-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça welaýatyň esasy ykdysady görkezijileri babatda hasabat berdi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler babatda hasabat bermek bilen, häkim häzirki döwürde sebitde dürli maksatly desgalaryň 106-synyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, olaryň 58-sini 2014-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýändigini aýtdy. Seýdi we Türkmenabat şäherlerinde häzirki zaman pagta egriji fabrikleri gurlup ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda, gurulýan desgalaryň 20-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Olaryň 7-sini şu ýyl ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şu ýyl gurlup gutarylmagy meýilleşdirilen desgalaryň hatarynda Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, bazar, mekdep-internaty we welaýat kitaphanasy bar.

Häkim sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda birnäçe suw arassalaýyjy desgalaryň gurluşygy barada habar berdi. Olaryň üçüsi şu ýyl gurlup ulanmaga berler.

Şeýle hem ol sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim öňde boljak Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Soňra Mary welaýatyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häkim welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada durup geçip, şu ýyl desgalaryň 72-sini ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini, iri desgalary, şeýle hem täze obany we şäherçäni gurmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Welaýatyň häkimi oba hojalyk pudagyndaky görkezijiler barada aýdyp, 200 müň gektar meýdana ekilen bugdaýa ideg işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygyny belledi. Häzirki wagtda galla oragyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde däne orýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Häkim welaýatda gowaça ekişiniň barşy barada durup geçip, 2014-nji ýylyň hasyly üçin 165 müň gektar ýerde gowaça ekmegiň we ondan döwlete 313 müň tonna pagta tabşyrmagyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Maldarçylyk hojalyklarynda häzirki günlerde dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär.

Häkim “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramyna hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görlüşi, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly bir aýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar barada hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde geçen üç aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi.

Umuman aýdanyňda, oba hojalyk toplumynyň pudaklarynda önümçiligiň möçberleriniň we ýerine ýetiren işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 102,87 göterime barabar boldy. Şunda, Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 105,3 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 101,7 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 110,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 105 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 126,5 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 106 göterime deň boldy.

Pudaklaýyn ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda guşçulyk toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň kuwwaty bir ýylda 8 million ýumurtga öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýylda 8 million ýumurtga we müň tonna towuk etini öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy gurulýar. Täze gurulýan desgalaryň hatarynda gije-gündiziň dowamynda 50 müň kub metr suw arassalaýyjy desga Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurulýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde göwrümi 5,2 million kub metre barabar bolan suw howdanynyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhana, Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda 30 müň tonna tüwi öndürýän döwrebap şaly arassalaýyjy kärhana gurulýar.

Şeýle hem hasabatyň barşynda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda gowaça ekişi barada habar berildi. Mundan başga-da, hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde güýzlik bugdaýa ideg etmek işleri, olary iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak çäreleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Haşal otlara garşy göreş çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliliginiň ýokarlanmagyna, onuň senagat düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli görnüşli, ýokary hilli önümçiligiň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ykdysady ulgamyň ähli gurallarynyň we mümkinçilikleriniň işe girizilmegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglyylkda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň pudaklarynda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, häzirki zaman tehnologiýalary we ylmyň ýokary gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak babatda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreleriň sazlaşykly we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etmek bilen, milli Liderimiz gowaça ekişini guramaçylykly alyp barmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaýdan, pagtadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň möhüm şerti bolan ähli agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumy boýunça guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, Türkmenistanyň oba hojalyk ministri R.Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet Başutatnymyz oba hojalyk ministri wezipesine Ç.Çarlyýewi belläp, ony “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine B.Hommakowyň bellenilýändigini yglan etdi.

Ýurdumyzyň Baş prokurory A.Hallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine geçirilen barlagyň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini seljermek, sebitlerde dürli maksatly desgalary gurmakda bar bolan meseleleri ýüze çykarmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Oba Milli maksatnamasyny ýerine ýetirilişiniň barşyna nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, etraplarda binalaryň we desgalaryň gurluşyk taslamalaryny resmileşdirmek haýal alnyp barylýar. Bu ugurda geçirmek göz öňünde tutulýan işleri pudak edaralarynyň arasynda ylalaşmak, şeýle hem desgalaryň gurluşygy üçin ýer böleklerini bermek işleri uzak dowam edýär.

Gurluşyk işlerini alyp barjak firmalary we kärhanalary seçip almak boýunça geçirilýän işler babatynda hem birnäçe bellikler aýdyldy we täze gurlup, ulanmaga berlen desgalarda işlejek hünärmenleri, şol sanda täze çagalar baglarynda işlejek terbiýeçileri taýýarlamak işleri hem ýaramaz alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Baş prokurora milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamynyň öňünde durýan ýokarda görkezilen wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi hem-de her çärýekde barlaglary geçirmegi tabşyrdy we bu işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan desgalaryň ählisi durmuş maksatly desgalardyr. Olaryň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işlerde bökdençlik döredýän ýolbaşçylar kanun esasynda jogap bermeli bolarlar diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkimi A.Kakabaýewi, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi M.Çaryýewi we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi R.Beşerowy eýeleýän wezipelerinden boşatdy.

Bu ýolbaşçylaryň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek wagtlaýynça şol etraplaryň häkimleriniň orunbasarlarynyň üstüne ýüklenildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler A.Goçyýewe A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde ýakyn wagtda etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň düzümine gaýtadan seretmegi hem-de häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesini girizmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu çäre Oba Milli maksatnamasyny has doly we netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi.

Geçen üç aýda bolan wakalar, şol sanda hasabat döwründe Türkmenistana daşary döwletleriň dürli derejeli wekiliýetleriniň 145-siniň sapar bilen gelendigi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň 157 wekiliýetleri daşary ýurtlarda boldular. Bu döwürde Türkmenistan ençeme gezek dürli ugurlar boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam beren halkara forumlarynyň, maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň, duşuşyklaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Şunuň ýaly çäreleriň 36-sy guraldy. Şeýle hem şu ýylyň birinji çäreginde halkara resminamalarynyň 10-syna gol çekildi.

Netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň 16-sy geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň ikisi geçirildi, bularyň gün tertibine söwda-ykdysady ulgam we geljegine uly umyt başlanýan beýleki ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli möhüm meseleler girizildi. Şunuň bilen birlikde, dünýädäki we sebitdäki dürli döwletler bilen gumanitar-medeni gatnaşyklar sazlaşykly we yzygiderli häsiýete eýedir.

Hasabat bermegiň barşynda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy indiki hepdede Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-ermeni gepleşikleriniň jemleri boýunça netijeli döwletara gatnaşyklarynyň we onuň ileri tutulýan ugurlary boýunça amatly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyna ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwletara derejesinde, şeýle heim sebit we halkara derejesindäki abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, häzirki döwürdäki möhüm meseleler boýunça oýlanyşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanmagyna işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary barada durup geçip, däp boýunça türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini hem-de soňky ýyllarda taraplaryň hoşmeýilliligi netijesinde özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetirilendigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, gumanitar-medeni ugur boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine we Daşary işler ministrliginiň işiniň möhüm ugurlaryna degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatyl Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda hödürlenen resminamalaryň ýene-de birnäçesine gol çekip, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda geçen üç aýyň dowamynda ýerine etirilen işleriň jemini jemledi we şu döwürde meýilleşdirilen işleriň esasan ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüş depgini 10 göterimden ýokary derejede durnukly saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 7,2 göterim, haryt dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy. Zähmet haklarynyň möçberi hem 112,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy artyp, 8,9 göterime barabar boldy. Gurluşyk pudagynda hem uly ösüş gazanyldy. Gurluşyk senagaty, söwda, ulag we aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlarda hem uly ösüş gazanyldy. Göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň ählisi gurlup, ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, sport mekdepleri, çagalar baglary we köp sanly beýleki durmuş maksatly desgalar bar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 40 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2 müňden gowrak iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistan ilat sanyna düşýän göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň derejesi boýunça hem öňküsi ýaly has amatly maýa goýum şertleri bolan ýurtlaryň hataryna girýär.

Biziň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» halkara demir ýolunyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, täze gaz geçirijiler gurulýar. Şonuň ýaly-da, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary ulanylyp, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň hususy telekeçiligi ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugry barada durup geçip, häzirki döwürde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň 58,3 göterime barabardygyny belledi. Ýaňy-ýakynda geçirilen ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi telekeçileriň giň mümkinçiliklerini we ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny aýdyň görkezdi. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Hökümetimiz hususy pudaga we telekeçilige mundan beýläk-de giňden goldaw bermegini dowam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda amala aşyrylmaly möhüm wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginini saklamaga, Watanymyzyň gülläp ösmegine ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, ykdysadyýeti mundan beýläk-de özgertmek, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek, şeýle hem maliýe ulgamy üçin iş dolandyryşyň we bank işiniň esaslary boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işer ministri R.Meredowa Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20132017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şol sanda goňşy döwletler we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy we deputatlar düzüminiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz söwda toplumynyň öňünde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmak babatdaky wezipeleri goýdy.

Milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek harytlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Wise-premýer B.Hojamuhammedowa we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki ýolbaşçylaryna Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna başlamaga taýýarlyk görmek, ýurdumyzyň örän iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Bagtyýarlyk» käninde gazy arassalaýan kärhananyň gurluşygyny tamamlap, bu desgany senagat taýdan ulanmaga bermek, şeýle hem beýleki bir örän iri gaz käni bolan «Galkynyş» gaz käninde ýene-de bir gazy arassalaýan kärhananyň düýbüni tutmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa we senagat ulgamynyň beýleki ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze senagat kärhanalaryny gurmak, könelişen senagat kärhanalaryny giň möçberli döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän işleri dowam etmek bilen bagly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady. Ýakyn wagtlarda Maryda täze gurlan himiýa zawodlaryny, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda gurulýan pagta egriji fabrigi ulanmaga bermek zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek meselesi barada durup geçip, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň we milli däp-dessurlarynyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýubileý çärelerini, Ýeňiş baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleri we beýleki seneleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, Aşgabat şäheriniň gününi dabaraly bellemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri giňden beýan etmek, öňküsi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gazanýan üstünliklerimizi giňden beýan etmek arkaly ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin sporty ösdürmek meselelerine geçip, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini talaba laýyk guramak, dünýä derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleriň görülmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe, welaýatlaryň häkimlerine, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olara «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ylym we bilim ulgamlary barada aýdylanda bolsa Aşgabat şäherinde gurulýan Tehnologiýalar merkezini ulanmaga bermek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Milli Liderimiz şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýokary tehnologiýalar bilen bagly hünärler boýunça bilim berýän institutynyň ýa-da uniwersitetiniň şahamçasyny açmak meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Şol ýerde ýokary tehnologiýaly hünärler boýunça bilim almak bolar.

Hhormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri barada durup geçip, täze etraplaryň döredilmegi netijesinde, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň çäkleriniň has giňelendigini we ilatynyň sanynyň artandygyny belledi. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň işewürlik merkezini we beýleki etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, ýokary derejeli myhmanhanalary has köp gurmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn iki ýylyň dowamynda ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki zaman keşbini emele getirmegi doly tamamlamak üçin, goşmaça maliýe serişdelerini we gurluşyk kompaniýalaryny çekmek meselesine hem seretmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň häkimlerine hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki wagtda olaryň öňünde örän möhüm wezipleriň durýandygyny belledi. Gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, şeýle hem ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak wajypdyr.

Ýurdumyzyň galla öndürýän we gallany daşary ýurtlara iberýän ýurt hökmünde gazanan täze derejesini saklamak möhümdir. Şoňa görä-de, welaýatlarda gurulýan 8 sany elewatory ýakyn wagtlarda ulanmaga bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň kuwwatly binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, maldarçylygy ösdürmek, ýurdumyzyň ilatyny et we süýt önümleri bilen doly üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramy giňden we dabaraly bellenip geçiler. Bu baýram ýurdumyzyň durmuşynda örän uly we möhüm ähmiýetli wakadyr. Şoňa görä-de, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere oňat taýýarlyk görmek wajypdyr. Bu baýrama gabatlap geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VI halkara ylmy maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselesine geçip, ýurdumyzda demir ýollary gurmak we bar bolan demir ýollaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady. Aýratyn hem pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny we Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns bermek zerurdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowa, maýa goýum-- gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, hususy telekeçileri çekmek arkaly täze şäherçeleri we desgalary, aýratyn hem, durmuş maksatly desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermegi olaryň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleri hem öz alyp barýan işleriniň depginini has-da ýokarlandyrmalydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, iki sany iri elektrik desgasyny  Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýalaryny ýakyn wagtlarda ulanmaga bermek zerurdyr. Şeýle hem, häzirki hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek, täze elektrik stansiýalaryny we elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby ýeňiji boldy, ol ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy. Bu serişdeler etrapda çagalar üçin oýunlar toplumyny gurmaga gönükdirildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl hem bu bäsleşigi dowam etmek kararyna gelnendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa hem-de wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, bäsleşigiň jemlerini jemlejek ýörite döredilen toparyň işini guramaga degişli meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iň gowy etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenende hökman göz öňünde tutulmaly görkezijileriň sanawyna ähli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini, galla we pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň berjaý edilişini goşmak zerurdyr. Şeýle hem, ýeňiji bolan etrap ýa-da etrap hukukly şäher kesgitlenende jenaýatçylygyň we neşekeşligiň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijelerini hem göz öňünde tutmak wajypdyr.

Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradowa bu bäsleşigi maliýeleşdirmegiň çeşmesini kesgitlemek hem-de banklaryň birinde erkin ýörgünli puldaky hasaby açmak tabşyryldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimine ýeňijä gowşurylýan pul baýragyny oňat netijeleri gazanan ýolbaşçylary höweslendirmek, zerur enjamlary ýa-da tehnikalary satyn almak üçin ulanmaga ygtyýar berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, bu ýere ýygnananlaryň ählisini we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny berkarar Watanymyzda giňden we dabaraly bellenýän «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, mähriban halkymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy üns berlip diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.