Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Milli suw syýasaty gepleşikleriniň Utgaşdyryjy geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň bilermenleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropanyň durkuny täzelemek we ösüş bankynyň, beýleki halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine suw serişdelerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli suw syýasaty we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly wajyp meseleleriň birnäçesi girizildi.
Mälim bolşy ýaly, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri forumlarda öňe süren oňyn halkara başlangyçlary bu ulgamda netijeli sebit we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, munuň özi serhetýaka suw serişdelerini toplumlaýyn we sazlaşykly ulanmagyň özara kabul ederlikli guralyny işläp taýýarlamak meselelerine degişlidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şol meseleler sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda çözülmelidir.
Mejlise gatnaşyjylara Türkmenistanda suw ulgamynda milli syýasaty kadalaşdyrýan milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem suw serişdelerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda suw hojalygy ulgamynda giň möçberli maýa goýum taslamalary, şol sanda täze suw howdanlaryny, “Altyn asyr” Türkmen kölüni, beýleki gidrotehniki we suw desgalaryny gurmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasy hem kabul edildi we tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde suw arassalaýjy zawodlar, suwy süýjediji desgalar gurulýar, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär. Ähli ýerde suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalar, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar.
Duşuşygyň barşynda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmagyň degişli gurallaryny döretmek ulgamynda halkara tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, şeýle hem Merkezi Aziýada Ýewropanyň durkuny täzelemek we ösüş banky hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti bilen tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan serhetýaka suw serişdelerini ulanmak baradaky taslamalaryň netijeleri hödürlenildi.
BMG-niň halkara maslahatçylary we bilermenleri daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdeleri netijeli ulanmak ulgamyndaky halkara konwensiýalaryň tanyşdyrylyşy bilen çykyş etdiler. Olaryň arasynda Howanyň serhetýaka hapalanmagy hakyndaky konwensiýa, Suw akabalaryndan peýdalanmagyň hukuklary baradaky konwensiýa, Senagat näsazlyklarynyň serhetýaka täsiri hakyndaky Konwensiýa we beýleki halkara ylalaşyklary bar.
Ýygnananlar ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň örän wajypdygyny nygtap, bu strategiki taýdan möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar we toplanan oňyn tejribäni alyşmaga hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmaga umumy gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.