8-nji aprelde Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşikleri geçiriler. Olara gatnaşmak üçin düýn agşam türkmen paýtagtyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan resmi sapar bilen geldi.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň we hökümet wekiliýetleriniň öňde boljak duşuşygynyň gün tertibine özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryn degişli meseleleriň giň topary girizildi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda öz ösüşinde okgunly depgine eýe boldy.
Belent mertebeli myhmanyň saparyna taýýarlyk görmek meselesine geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn üns berilmegi tötänden däldir.
Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyga syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berdi. Şol günlere meýilleşdirilen çäreleriň sanawy munuň aýdyň subutnamasy bolup, onda bilelikdäki işewürler maslahatyna möhüm orun berilýär. Bu maslahat ýakyn ýyllar üçin Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet hem-de hususy telekeçilik düzümleriniň özara gatnaşyklarynyň geljegi uly bolan täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.
Şu gezekki duşuşygyň çäklerinde taraplar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar, şeýle hem ägirt uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitlärler. Iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň zerurlyklaryny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alanyňda, ileri tutulýan ugurlaryň käbirinde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda we ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we dokma senagatynda, saglygy goraýyş, oba hojalygy we beýleki pudaklarda uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Sport we syýahatçylyk ulgamlarynda aragatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berilýär. Bu ulgamlar maksada gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda okgunly ösüşe eýe boldy. Hazaryň kenarynda iri deňiz dynç alyş merkezini – "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslama hem-de Aziada-2017-ä ýokary depginde alnyp barylýan taýýarlyk işleri munuň aýdyň mysalydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen şertnamalaýyn-hukuk binýady ýola goýlan gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Bäş ýyldan gowrak wagt mundan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara türkmen-ermeni toparynyň alyp barýan işleri, şeýle hem yzygiderli geçirilýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler hem-de iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň işewür gepleşikleri şol binýady kämilleşdirmäge gös-göni hyzmat edýär.
Netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän we köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy iki ýurduň Liderleriniň gös-göni hyzmaty bolup, olar türkmen we ermeni halklarynyň hoşniýetli erk-isleglerini beýan edýärler.
Aşgabatdaky duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda üstünlikli guralýan hyzmatdaşlygyň ençeme meseleleri boýunça pikir alşarlar. Munuň özi halkara giňişliginde hem üstünlikli gatnaşyklaryň möhüm şerti bolup durýar, diýmek, iki döwletiň hem-de halkyň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegini aňladýar.
Ýokary derejede geçiriljek türkmen-ermeni gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, döwrüň talabyna we özara bähbitleriň derejesine gabat gelýän täze sepgide çykarmaga gönükdirilendir.