Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden belent mertebeli myhman “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde Ermenistan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady.
Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna barýarlar, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Ermenistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Türkmen Lideri myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümiň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, ermeni Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny Ermenistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serž Sargsýany “Altyn zala” çagyrýar, şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ermeni kärdeşine Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we bu saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etjekdigine, oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň ösdürilýändigini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy, hyzmatdaşlyk we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça goldaw berýändigi üçin ermeni kärdeşine minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, Türkmenistan bilen Ermenistan ykdysady hem-de gumanitar ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, iki ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek ugurlarynda üstünlikli gatnaşyk edýär diýip nygtady.
Şu ýyl ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanda, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda şahyryň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlary toplamak boýunça ylmy-barlag işleri işjeň alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Ermenistanyň Prezidenti Serž Sargsýana we onuň üsti bilen Ermenistanda bu işe ýardam berýän Magtymgulynyň döredijiliginiň muşdaklaryna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz 14-16-njy maýda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, Ermenistan Respublikasynyň wekillerini onuň işine gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Serž Sargsýan mähirli kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Ermenistanyň Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Ermenistanyň Lideriniň belleýşi ýaly, ol ýurdumyza ýene-de gelip görmäge we ikiçäk duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga örän şatdyr. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze ösüşe eýe boldy. Şunda Ermenistan Respublikasynyň Baştutany ermeni tarapynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge hem-de dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, däp bolan gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Şol gatnaşyklaryň esasyny bolsa iki halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary düzýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri barada hem pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti mähirli mübärekläp, ýurdumyzda ermeni dostlarymyzy kabul etmäge hemişe şatdygyny belledi. Bizi özara düşünişmegiň baý we gadymy däpleri hem-de dürli ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklar baglanyşdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-ermeni döwletara gatnaşyklarynyň syýasy ugry barada aýdyp, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, gün tertibiniň esasy meseleleriniň ençemesi boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygy onuň kesgitleýji häsiýetnamasy bolup durýar diýip nygtady.
Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde gatnaşyklar işjeňleşdi. Olaryň arasynda geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri hem-de halkara meseleleri boýunça pikir alyşmaga, olar boýunça özara düşünişmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ilkinji nobatda, bu ählumumy we sebit parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny saklamaga, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmäge degişlidir. Bu ugurda biziň ýurdumyz Ermenistan Respublikasy bilen BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Ermenistan Respublikasynyň energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meselede jogapkärli we yzygiderli garaýşyny aýratyn belledi. Biz ermeni dostlarymyzyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamyndaky başlangyçlaryny goldaýandygyna mynasyp baha berýäris, biziň ýurdumyz şol başlangyçlar bilen Birleşen Milletler Guramasynda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu gün Prezident Serž Sargsýan bilen geçiren gepleşiklerimiz taraplaryň ikisiniň hem energiýa akymlarynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, adalatly nyrh görkezijileri, energiýa serişdeler ulgamlarynyň goraglylygynyň toplumlaýyn kepilligini üpjün etmegiň zerurlygy ýaly wajyp görkezmeler boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady diýip, milli Liderimiz nygtady we bu ugurda gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady ulgamy iki ýurduň gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösýändigini, ýöne munuň entek bar bolan kuwwata laýyk gelmeýändigini aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryň sanawyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Ermenistanyň gatnaşmagynda giň möçberli halkara taslamalaryny meýilleşdirmek hem-de amala aşyrmak wezipesi öň hatara çykmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ilkinji nobatda, gürrüň ulag we aragatnaşyk ulgamy, möhüm geografiki we ykdysady şertleri nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň bu wajyp ulgamynda döwrebap düzümi döretmek barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we durmuş toparynyň ugry boýunça iki ýurduň bilelikdäki işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, bu babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan elektroenergetika, maşyn gurluşygy, derman senagaty, elektronika, oba hojalygy, azyk senagaty ýaly pudaklarda Ermenistanyň uly mümkinçiliklere eýedigine oňat düşünip, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşleriniň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda türkmen-ermeni işewürler maslahatynyň, şeýle hem Ermenistanyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň harytlarynyň sergisiniň geçirilmegini ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň şu saparynyň barşynda söwda wekilhanalary we iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň gatnaşyklary, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky howa gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky resminamalara gol çekiljekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, ýurdumyzyň Ermenistana eksportuny artdyrmaga taýýardygyny nygtap, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň çäklerindäki işi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hususy telekeçiligiň möhüm orun eýeländigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Baştutany işewürlik ulgamynda alyşmalary guramak, işewür geňeşleri döretmek meseleleriniň üstünde işlemegi teklip etdi. Milli Liderimiz şeýle hem ýurtlarymyzda ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek tejribesini dikeltmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hemişe möhüm orun eýeländigini nygtap, iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, olaryň taryhy ykbalynyň ýakyndygyny belledi. Ermenistanyň çäginde saklanyp galan taryhy ýadygärlikler, türkmen halkynyň orta asyr edebiýatynyň nusgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Öz nobatynda, Türkmenistanda ermeni halkynyň baý we gadymy medeniýetine uly sarpa goýulýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasy bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleri getirjekdigine ynam bildirdi. Şunda iki ýurduň Ylymlar akademiýalary möhüm orun eýelemelidir.
Biz bilim we medeniýet ulgamynda türkmen-ermeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem uly gyzyklanma bilen öwrenýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we taraplaryň medeni wekiliýetleri alyşmak babatda tejribesiniň bardygyny belledi. Şu günlerde Aşgabatda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Olar, gürrüňsiz, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döreder. Biziň ýurdumyz şeýle hem geljek ýyl Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etmäge taýýardyr.
Milli Liderimiz Ermenistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini, onuň hakyky uzakmöhletleýin özara bähbitlere laýyk gelýändigini nygtap, şu gün gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwdany giňeltmäge, halkara giňişliginde özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanda Ermenistana hemişe uly sarpa goýulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen Lideri häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösýändigini belläp, şunda Ermenistanyň Prezidenti Serž Sargsýanyň uly şahsy hyzmatynyň bardygyny nygtady. Ol Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany özüniň ermeni kärdeşine berk jan saglyk we wajyp döwlet işinde uly üstünlikler, Ermenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Ermenistanyň Baştutany Türkmenistana gelmäge çakylygy we myhmansöýerlik üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hem-de iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýän türkmen-ermeni döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serž Sargsýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ermenistan Respublikasynyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen we ermeni halklaryny köpden bäri dowam edip gelýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu oňyn gatnaşyklar mynasyp dowam etdirilýär. Prezident Serž Sargsýan şeýle hem özara saparlaryň iki ýurduň gatnaşyklarynda oňat däbe öwrülendigini nygtap, Ermenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylda bolan resmi saparyny mähirlilik bilen ýatlaýandyklaryny belledi. Şol sapar döwletara hyzmatdaşlygynyň ösmegine hil taýdan täze itergi berdi. Gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol ylalaşyklar bolsa yzygiderli ýerine ýetirilýär.
Prezident Serž Sargsýan halkara derejesinde iki döwletiň gatnaşyklarynyň özara hormat goýmak esasynda guralýandygyny nygtap, Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygider häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şunda beýik mertebeli myhman ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň netijeli ösýändigini aýtdy. Munuň özi, gürrüňsiz, däp bolan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.
Ermenistanyň Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Häzirki wagtda haryt dolanyşygynyň möçberi bar bolan kuwwata laýyk gelmeýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serž Sargsýan özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde şu gün geçirilýän türkmen-ermeni işewürler maslahatynyň ähmiýetini belledi.
Belent mertebeli myhman gumanitar ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajypdygy barada aýdyp, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmek meselesi barada durup geçdi. Ermenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ýerewanyň döwlet uniwersitetinde bu şanly senä bagyşlanan maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ermenistanyň wekiliýeti beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna gabatlanyp maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek dabaralara hem gatnaşar. Ermenistanyň Baştutany sözüni dowam edip, ermeni tarapynyň medeni-gumanitar ulgamda, şol sanda taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak işinde türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem şu gün gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň, şol sanda iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlary hakyndaky Ähtnamanyň wajypdygyny nygtady. Munuň özi syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleri döreder we umuman, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Prezident Serž Sargsýan döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmekde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orun eýeleýändigi nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Ermenistan Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Çykyşynyň ahyrynda belent mertebeli myhman mähirli kabul edendigi we netijeli gepleşikleri üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Ermenistan Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler (iş berijiler) birleşmesiniň arasyndaky Ylalaşyga, Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty bilen Ermeni Döwlet bedenterbiýe institutynyň arasyndaky Şertnama, Aşgabat (Türkmenistan) we Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) şäherleriniň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Ylalaşyga, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Ermenistan Respublikasynyň Baş raýat awiasiýasy müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ermenistan Respubliaksynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna, Söwda wekilhanalaryny özara döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan Bilelikdäki türkmen-ermeni Beýannamasyna gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyna barýarlar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň netijelerini teswirläp, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçen oňyn gepleşikler üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine we ermenistanly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn ysnyşykly gatnaşyklara meýillidigi tassyklanyldy, dürli ulgamlarda türkmen-ermeni gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, sebit we ählumumy möçberde özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar. Şunda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli derejelerde hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlaryny amala aşyrmak hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar meseleleri boýunça pikir alyşmak tejribesini goldadylar.
Şeýle hem halkara howpsuzlygynyň häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şu günki duşuşyk ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze we okgunly ösýän esaslaryny berkitdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Söwdada, energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, derman senagatynda, dokma senagatynda gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak hyzmatdaşlaryň geljegi uly ugurlary bolup durýar.
Türkmenistanyň Baştutany bular barada aýdyp, saparyň jemleri boýunça söwda-ykdysady ulgamda, sport ulgamynda, howa ulagy babatda özara gatnaşyklara, şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklaryny öňden gelýän dostluk, özara hormat-sarpa goýmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, şoňa görä-de, taraplaryň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan gumanitar hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtady. Biz halklarymyzyň ysnyşykly gatnaşyklara, iki ýurduň baý medeni mirasyny öwrenmäge ymtylmasyny hemmetaraplaýyn goldarys, Türkmenistanyň we Ermenistanyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygy üçin ähli şertleri dörederis diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň Ylymlar akademiýalarynyň ugry boýunça, şeýle hem bilim we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşandyklaryny belledi.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, ýokary derejede geçirilen şu gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň uzakmöhletleýin geljegi üçin ysnyşykly hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek görkezendiklerini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa iki ýurduň halklarynyň jana-jan bähbitlerine, döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna doly laýyk gelýär.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara düşünişmek we açyklyk ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin Prezident Serž Sargsýana ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Ermenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistana gelip görmäge çakylygy we mähirli garşylandygy üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman Aşgabadyň özünde galdyran täsirleri barada aýdyp, türkmen paýtagtynyň örän owadan we abadan şäherdigini belledi. Ol ähli babatda häzirki zaman şähergurluşygynyň hakyky nusgasy bolup hyzmat edip biler.
Ermenistanyň Baştutany dostluk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijelerini beýan edip, onda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ösüşiniň barşyna jikme-jik garalandygyny, geljek üçin esasy ugurlaryň kesgitlenendigini nygtady. Prezident Serž Sargsýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine kanagatlanma bildirip, özara saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň iki tarapyň hem dostlukly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýandygyny belledi.
Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hazmatdaşlygyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti energetika pudagynda, ýeňil we dokma senagatynda, oba hojalygynda hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň we uly kuwwatynyň bardygyny aýdyp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Olar döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda bu binýat 60 resminamadan ybaratdyr.
Taraplar möhüm sebitleýin we halkara meseleleri babatda halkara giňişligindäki hereketleri mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň möhümdigini belläp, iki döwletiň GDA-nyň, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde has netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goldaw berjekdigini tassykladylar diýip, Ermenistanyň Baştutany aýtdy.
Prezident Serž Sargsýan türkmen we ermeni halklaryny gadymy taryhyň we dostluk däp-dessurlarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtap, döwletara gatnaşyklarynyň gumanitar ugry barada hem pikir alşylandygyny aýtdy. Ermenistanda gadymy türkmen halkynyň baý medeni mirasy barada köp zatlary bilmek isleýärler diýip, Prezident Serž Sargsýan aýtdy we Türkmenistanyň geljek ýyl Ýerewanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet günleriniň hem uly üstünliklere eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman şu gepleşikleriň Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, taraplaryň pikirine görä, yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berýändigini nygtady. Prezident Serž Sargsýan bular barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Ermenistan Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrandygyny habar berdi.
Sözüniň ahyrynda Ermenistanyň Baştutany mähirli garşylandygy hem-de Türkmenistanyň Baştutanynyň türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar.
Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan Gypjaga tarap ugrady, şol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, kümmete gül dessesini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Şeýle hem şu gün Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Konstitusiýa binasyna gül dessesini goýdy. Ajaýyp däbe görä, Ermenistanyň Baştutany bu ýerde ýerleşen hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimize iki ýurduň halklarynyň mizemez dostlugynyň hem-de birek-biregiň medeni gymmatlyklaryna we edebi mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ermeni dilinde neşir edilen kitabyny gowşurdy.
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.