Ï Awazada “Aziada-2017-niň tagamlary” halkara okuw maslahaty açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada “Aziada-2017-niň tagamlary” halkara okuw maslahaty açyldy

view-icon 838
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Seýrana” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aziada-2017-niň tagamlary” atly ýörite okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana 20-den gowrak ýurtdan - Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Hindistandan, Nepaldan, Ýaponiýadan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Ukrainadan iň gowy aşpez-hünärmenler geldiler.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanmagy şu günki duşuşygyň aýratyn derejä eýe bolmagyny şertlendirýär. Munuň özi türkmen döwletine goýulýan belent sarpanyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen “açyk gapylar” syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň artýandygynyň aýdyň subutnmasydyr.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz “Aziada-2017-niň” taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we köpçülikleýin sportuň ösdürilmegini, Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirer. Çünki bu waka diňe bir sport çäresi bolman, eýsem häzirki döwürde ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen döwletiniň gazananlaryny äşgär etmäge, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, taryhyny giňden wagyz etmäge, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen möhüm medeni wakadyr. Mundan başga-da, Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galmagy, sport düzüminiň belent derejelere ýetmegi ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly geçirilen maslahatlardaky çykyşlarynda şeýle iri sport ýaryşlaryny guramak boýunça öňdebaryjy tejribeleriň öwerenilmegine aýratyn ünsi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman kabul etmegiň esasy şerti bolan hyzmatlar ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şeýlelikde, türkmen aşpezleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, bu ulgamdaky hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagyny maksat edinýän “Aziada-2017-niň tagamlary” atly okuw maslahatyny geçirmek çözgüdi kabul edildi. Onuň esasy aýratynlygy dürli milletleriň we medeniýetleriň tagam taýýarlamakdaky usullaryny, aşpezlik ýörelgeleriniň we Aziýanyň ajaýyp däplerini ugur edinýändigidir. Munuň özi parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baýramy bolmak bilen, Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň medeni gymmatlyklaryny has-da ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilendir.

Bu çäräniň açylyş dabarasynda örän baý we gadymy medeniýeti bolan türkmen halkynyň özüniň köpasyrlyk taryhyna aýawly çemeleşýändigi, pederlerimiziň bahasyz ruhy mirasynyň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine, ajaýyp milli däp-dessurlaryň, ýörelgeleriň täzeden dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň asyrlara uzap gidýän taryhynda “saçak” diýen düşünje “bedew”, “haly”, “gawuny” we beýleki mukaddeslikler ýaly özünde halkymyzyň köpasyrlyk şöhratyny we sazlaşygyny jemleýär. Halkymyzyň taryhyndan geçip gelen müňýyllyk däplerimiz “milli tagam” we türkmen topragynyň hem-de onuň halkynyň jomartlygynyň, myhmansöýerliginiň baş nyşany bolan desterhan ýaly düşünjelerde öz beýanyny tapypdyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ýeten sepgitleri barada aýtmak bilen, dabarada çykyş edenler ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy we paýhasly ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykmagyny, adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini nazarlaýan oňyn özgertmeler maksatnamasy ýurdumyzda azyk bolçulygynyň gazanylmagyny, her maşgalada, her bir türkmen ojagynda abadançylygyň, eşretiň ýola goýulmagyny nazarlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygar edinýän özgertmeler syýasatynyň esasy wezipesi ileri tutulýan ugurlary we möhüm çemeleşmeleri kesgitleýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ol dünýäniň tehniki ösüşine laýyk gelmek zerurlygyndan ýüze çykýar. Özgertmeler maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biri azyk bolçulygynyň baş çeşmesi bolan türkmen obalarydyr.

Azyk senagatynyň we önümleriň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ösdürilmegine niýetlenen ägirt uly möçberdäki maýa goýumlar gönükdirilýär. Senagat esasyndaky maldarçylygyň ösdürilmegi, suwaryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, suwarymly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegi oba hojalyk önümçligine maýa goýum maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň özgerdilmeginde hususy ulgamyň wekillerine aýratyn orun degişlidir.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar aşhana ulgamyndaky milli däpleriň aýratynlyklary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Bellenilşi ýaly, türkmenler azyk önümlerini gaýtadan işlemek, tagam taýýarlamak bilen baglanyşykly däpleri we ýörelgeleri nesilden-nesle geçirip gelipdir. Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanyň çäginde ekerançylyk we maldarçylyk ösdürilipdir. Bu pudaklaryň önümleriniň artmagy aşhana däpleriniň ösmegini şertlendirýär.

Häzirki döwürde türkmen aşhanasynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Ol beýleki milletleriň aşhana medeniýetiniň, şol bir wagtyň özünde tagam taýýarlamagyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu babatda her halkyň aýratynlygy bardyr. Türkmen aşhanasynda gadymy döwürlerden bäri beýleki halklaryň hem tagamlary taýýarlanylýar. Öz gezeginde türkmen tagamlary hem dostlukly halklaryň saçaklarynyň bezegine öwrülýär.

Bu ýerde görkezilen wideofilm maslahata gatnaşyjylara milli aşhanamyzyň tagamlarynyň köpdürlüligi barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berdi.

Okuw maslahatynyň barşynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen wekiller çykyş edip, bu ýere ýygnananlary öz ýurtlarynyň milli aşhanalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Myhmansöýerlik we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, daşar ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary bu çäräniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Bu medeni çäräniň diňe bir Aziýanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň aşhanalarynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmäge däl, eýsem dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine, döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşjakdygy nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde meşhur aşpezler – maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri ussatlyk sapaklaryny geçerler, dürli tagamlary taýýarlamak boýunça öz gymmatly tejribelerini paýlaşarlar.

Ertir “Aziada-2017-niň tagamlary” atly okuw maslahaty öz işini dowam eder.