Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 632
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutanlygyna bellenilen Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Norman bin Mohamadi kabul etdi.

Mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Pursatdan peýdalanyp, ol Malaýziýanyň Patyşasy Tuanku Al-Haj Abdulhalim Muadzam Şah ibni Al-Marhum Sultan Badlişahyň we ýurduň premýer-ministri Mohd Najip Bin Tun Abdul Razakyň salamyny we dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz öz gezeginde dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli ýöredýän Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýanyň ähli ýurtlary, şol sanda, dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň biri bolan Malaýziýa bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtlandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Myhmany täze jogapkärçilikli wezipä bellenmegi bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, öňi bilen bolsa, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine itergi bermäge gönükdirilen möhüm işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň derejesine çykan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna taraplaryň taýýardygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we malaýziýaly diplomat däp bolan hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynda we geljegi uly ugurlaryň işjeň ösdürilmeginde möhüm orny bolan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň wajypdygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyndaky, ykdysadyýetdäki, işewürlik, syýahatçylyk, bilim, medeni-gumanitar pudakdaky özara peýdaly gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler söhbetdeşligiň esasyny düzdi. Şeýle hem bu gatnaşyklaryň dostlukly ýurtlaryň halklaryny birleşdirýändigi bellenildi.

Birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Malaýziýany diňe bir ykdysady we durmuş ulgamyndaky wezipeler däl-de, eýsem halkara gün tertibiniň esasy meseleleriniň çözgüdine bolan çemeleşmeleriň ýakynlygynyň, olaryň ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi öz içine almak bilen tutuş adamzat üçie möhüm bolan meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine gönükdirilmeginiň ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilige we onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň doly ygtyýarly wekili Norman bin Mohamad hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyllaryň dowamynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň we iki ýurduň milli bähbitlerini, olaryň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge bolan meýillerini nazara almak arkaly köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.