Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bu pudakda alnyp barylýan işlere bagyşlanylan ýörite maslahat geçirdi. Onda toplumyň ýolbaşçylarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijelerine garaldy hem-de nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň nebitgaz toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň barşyna serjerme geçirendigini aýtdy we geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berdi.
Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna girýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň – Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet korporasiýasynyň işine geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz toplumda oýlanyşykly täzeçillik syýasatyň durmuşa geçirilmeginiň, ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şu nukdaýnazardan milli Liderimiz Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri M.Halylowyň pudakda alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
M.Halylow ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň yzygiderli ösdürilmegi we mineral serişdeleriň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagy hem-de gaýtadan işlenilmegi, pudakda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gözegçilik edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada aýtdy.
Hasabatyň çäklerinde, nebitiň kondensat bilen bilelikde çykarylyşynyň we senagat taýdan ähmiýetli gorlarynyň möçberlerini artdyrmagyň möhüm ugurlary boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we degişli düzümleriň ylmy edaralar bilen bilelikde alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň görülýändigi bellenildi.
Şeýle hem ol Nebitgaz toplumynda bitewi pudaklaýyn ylmy-tehniki syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, düzümde dünýäniň ösen ýurtlarynyň tehniki enjamlary, innowasion tehnologiýalary boýunça bar bolan tejribeleri öwrenmek, önümçilige ornaşdyrmak we bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça degişli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýangyç çeşmelerini rejeli peýdalanmak we ykdysady bähbitlere laýyk gelýän ugurlary kesgitlemek boýunça ýörite meýilnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek bilen, ministr bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň görüljekdigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän dolandyryjy edara bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek, esasan-da, gazy gaýtadan işlemek netijesinde alnan kükürdi ýerlemek, geologiýa pudagynda guýulary gazmakda gabat gelýän kynçylyklary aradan aýyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini, her ýylda öndürilýän nebitiň möçberlerini köpeltmek boýunça wezipeleriň yzygiderli ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.
Häzirki döwürde milli senagatyň gerimini has-da giňeltmek, senagat pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin, ýokary tehnologiýalara esaslanýan himiki serişdeleri öndürmegiň, uglewodorod çig malyny ulanmagyň zerurdygyny dünýä tejribesiniň görkezýändigini belläp, milli Liderimiz Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz ministrligiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, bu pudagyň ýurdumyzyň alyp barýan energetika syýasatyny dünýäde giňden açyp görkezmäge we beýan etmäge niýetlenen halkara hukuk resminamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge borçludygyny nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen, dünýä jemgyetiçiligi tarapyndan giň goldaw tapan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler has-da güýçlendirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Pudagyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem şu pudaklar bilen bagly senagat we hyzmat edýän önümçilikleri döretmek babatda netijeli işleri alyp barmakdan ybaratdygyny görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bar bolan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmalydygyny, ýokary hilli gazhimiýa önümlerini öndürmek boýunça dünýä tejribesiniň giňden öwrenilmelidigini aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz nebiti we gazy gaýtadan işleýän zawodlary gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny nazara alyp, täze guruljak zawodlary çig mal bilen üpjün etmek babatda seljerme işleriniň ýokary hilli geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Pudagyň öňünde durýan indiki wezipe, daşary ýurtlaryň gazhimiýa pudagynda alnyp barylýan işleri we bu pudakda toplanan tejribeleri öwrenmekden, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça strategik meýilnamany işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Geljekde ýurdumyz üçin nebit önümleriniň haýsy görnüşiniň has zerur boljakdygyny anyklap, önümleriň şol görnüşlerini köp möçberde öndürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmeli. Nebitiň ýurdumyzyň gury ýer çäklerinde ýeterlik bar bolan gorlaryny özleşdirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäkt ýataklary özleşdirmek boýunça uzakmöhletleýin meýilnamalary işläp düzmeli diýip, döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy pudagyň ösmegine kuwwatly itergi berer diýip sözüni jemledi.
Ýurdumyzyň Nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadowa söz berdi.
Ç.Hommadow häzirki döwürde pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, konserniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, tebigy gazyň ýurdumyzyň içerki bazarlarynda ýerlenýän we daşarky bazarlara eksport edilýän möçberlerini ardyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gaz känlerini özleşdirmek, tebiga gazyň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmak boýunça pudagyň hünärmenleriniň durmuşa geçirýän çäreleri barada habar berdi.
Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 111 göterim, gaz kondensatynyň çykarylyşynyň 126 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň 108 göterim ýerine ýetirilendigi bellendi.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda gazhimiýa senagatynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýän täze kärhanalaryň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy, şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawody gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan önümçilik işlerinde we önümçilik desgalarynyň gurluşygynda ylmyň ýokary gazananlaryny, dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz durmuş ulgamyna degişli köpsanly maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň milli ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeleýän “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine bagly bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pudagyň öňünde durýan birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi. Ilki bilen tebigy gazy içerki bazarda ýerlemek we daşarky bazarlara eksport etmek boýunça gol çekilen şertnamalara laýyklykda, tebigy gazyň göz öňünde tutulan möçberlerini çykarmak üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek we tebigy gaz çykarmak boýunça bir bitewi taslamany düzmeli, bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmeli, şeýle hem ikinji tapgyrda Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC” kompaniýasy bilen bilelikde 2018-nji ýyla çenli 30 milliard kub metr tebigy gaz çykarmak boýunça alnyp barylan işleri öz möhletinde tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyny 2016-njy ýyla çenli doly tammalamak bolsa pudagyň öňünde durýan nobatdaky wezipedir. Çykarylýan tebigy gazyň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, hereket edýän iri ýataklarda tebigy gazy arassalaýjy desgalary gurmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Pudagyň öňünde durýan nobatdaky wezipäniň Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan gaz geçirijileri gurmak işlerini bellenen möhletlerde tamamlamakdan ybaratdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça döwletimiziň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, uglewodorod serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň artdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly ähli resminamalary 2014-nji ýylda doly taýýarlamaly hem-de bu resminamalara gol çekmek boýunça zerur işleri geçirmeli, şeýle hem 2015-nji ýylda bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, “Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisiniň dördünji (D) hatarynyň gurluşygyny bellenen möhleti bolan 2018-nji ýyla çenli tamamlamak, Russiýa we Eýran ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri gol çekilen şertnamalara laýyklykda dowam etmek boýunça birnäçe wezipeleri öňde goýdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin, gazy gaýtadan işlemegiň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny nygtady.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýada gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak üçin, 2014-nji ýylyň birinji iýulyna çenli degişli şertnamalara gol çekilmegini gazanmaly, her biriniň kuwwaty ýylda 600 müň tonna bolan gazdan benzin öndürýän iki sany desgany gurmaly, kuwwaty 2 million 600 müň tonna bolan gazdan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini öndürýän desgany gurmaly, ugurdaş gazdan sintetiki nebit öndürýän desganyň gurluşygyny amala aşyrmaly, ýakyn wagtda düýbi tutuljak sebitde uly desgalaryň biri bolan, kuwwaty ýylda 381 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän desganyň bellenen möhletde gurulmagyny üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz birinji tapgyrda gazy gaýtadan işleýän desgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, gazy gaýtadan işlemegiň ikinji tapgyryna geçmek we gazy gaýtadan işleýän desgalar gurlanda sebit we dünýä bazarynda orta, uzak möhletde isleg bildirilýän önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek bilen baglanyşykly wezipeleri aýan etdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň gazy çuň gaýtadan işläp, önüm öndürmek bilen bagly meseleleri öwrenmegi, şeýle hem institutyň önümleriň ykdysady taýdan bähbitli görnüşlerini öndürmek boýunça teklipleri taýýarlamagy pudagyň öňünde durýan nobatdaky wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty pudagy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmak, alymlaryň ylmy açyşlar we oýlap tapmalar boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirmek we bu ugurda gazanylan netijeleri önümçilige işjeň ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz institutyň alymlarynyň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleriniň abraýly ylmy institutlarynyň alymlary bilen ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmeginiň pudagyň öňünde durýan wajyp wezipedigine ünsi çekdi.
Soňra milli Liderimiz ylmy açyşlary eden alymlaryň işlerini seljerip, olary höweslendirmek işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz institutyň alymlarynyň dünýä ylmynyň bu ugurda gazananlaryny ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmakdan ybaratdygyny aýtdy.
Alymlaryň we hünärmenleriň her ýylda ýurdumyzda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara sergisinde, şonuň bilen birlikde geçirilýän halkara ylmy maslahatynda ylmy mowzuklar bilen köpräk çykyş etmelidigini, şeýle hem, «Halkara gaz kongresiniň» işine, daşary döwletlerde geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmalydygyny belläp, milli Liderimiz türkmen ylmyny kämilleşdirmek üçin institutyň alymlaryny we hünärmenlerini, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryny ylmy işlere çekmegiň zerurdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň öňünde pudagyň hünärmenlerini Halkara nebit we gaz uniwersitetinde iňlis dilinde tapgyrlaýyn esasda okatmak we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek wezipesini, şeýle hem Nebit we gaz institutynyň gaz ýataklaryny öwrenmek üçin ýörite maksatnamalary taýýarlamagy bilen baglanyşykly wezipäni öňde goýdy.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy R.Ilamanowa söz berildi. Ol konsern tarapyndan alnyp barylýan işler, pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan işlenip taýýarlanan guramaçylyk - tehniki çärelere laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda täze guýulary burawlap ulanmaga tabşyrmak, önüm bermegini bes eden ýa-da önüm berijiligi peselen guýulary düýpli hem-de ýeňil abatlap işe girizmek, çüwdürim usuly tamamlanan guýulary mehaniki usula geçirmek işleriniň giňden alnyp barlandygy bellenildi. Şu geçirilen işleriň netijesinde, hasabat döwründe konsern tarapyndan 17 sany täze guýy burawlanyp, ulanmaga berildi, 134 sany guýy düýpli abatlanyp, işe girizildi. Konserniň başlygy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hem degişli işleriň geçirilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu pudagy ösdürmek babatda belli bir işleriň edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz H.Mämmetnazarowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz başga işe geçmegi sebäpli R.Ilamanowy “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine Täçdurdy Begjanowy belläp, ony konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ylmyň gazananlarynyň esasynda we täze tehnologiýalary ulanyp, geologiýa-gözleg işlerini gysga wagtyň içinde has-da güýçlendirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze uly nebit ýataklaryny gözläp tapmak üçin has çuň we nebite baý ýataklarda gözleg-agtaryş buraw işlerini geçirmegiň, nebiti çykarmakda we taýýarlamakda “Türkmennebit” döwlet konserniniň alymlar bilen bilelikde täze tehnologiýalary talabalaýyk ulanmagynyň wajypdygyny belledi.
Çykarylan nebitiň arassalamak we taýýarlamak işlerini dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirmek, şu maksat bilen, iri nebit ýataklarynda merkezleşdirilen nebit arassalaýan, iň täze tehnologiýalara esaslanýan desgalary gurmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz nebiti çykarmakda we guýulary ulanmakda ekologiýa meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, bu babatda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri tapmagyň üstünde işlemegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlarynyň ylmy açyşlar we oýlap tapmalar boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň hem-de ylmy işleriň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň, beýleki döwletleriň abraýly ylmy institutlarynyň alymlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, dünýä ylmynyň gazananlaryny ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna ornaşdyrmagyň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz pudagy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmelidigini belläp, konserniň işini talabalaýyk ýola goýmak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy A.Berdinyýazowa söz berdi. Ol korporasiýa tarapyndan alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Galkynyş” gaz käninde taslama çuňluklary 4800 metr bolan 13 sany ulanyş guýularyny burawlamak işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şol guýularyň ikisinde eýýäm gazuw işleri tamamlanyp, ulanyşa tabşyrmak boýunça jemleýji işler geçirilýär. Ýene-de iki guýuda buraw işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem ýakyn wagtda nebitiň gorlaryny artdyrmaga gönükdirilen birnäçe maksatlaýyn täze guýularyň gazuw işlerine başlamagyň meilleşdirýändigi habar berildi. Bu işler 2014-nji ýylyň nebit kondensat gorlaryny artdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Korporasiýanyň ýolbaşçysy ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Gögerendag-Ekerem zolagynda 3 sany geljegi uly bolan gurluşlar boýunça çuň gözleg guýularyny burawlamaga halkara bäsleşiginiň yglan edilendigini aýtdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän iri ýangyç ýataklarynda hem giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy we olaryň geljekde hem täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy esasda dowam etdiriljekdigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň netijeli işlemegi üçin bu korporasiýa köp zadyň baglydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýanyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň esasy wezipesiniň uglewodorod serişdelerini, gaty magdanlary we gidromineral serişdeleri gözlemekden ybaratdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzda nebitiň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçip, häzirki döwürde tebigy gazyň gorlary ýeterlik möçberde ýüze çykaryldy, şonuň üçin hem, gözleg-barlag işlerini nebitiň gözlegine gönükdirmek wajypdyr diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem buraw işleri geçirilende tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini doly berjaý etmegiň, ýörite hyzmatlary ýerine ýteirýän, tejribeli daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselesini öwrenmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gaty magdanlara hem baýdygyny aýdyp, korporasiýanyň gysga wagtyň içinde dürli daşlardan ýurdumyzda çalt depginler bilen gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ulanylýan örtgi daşlaryny çykarmagy ýola goýmalydygyny nygtady. Şeýle hem kwars çägesinden we bazaltdan aýna we beýleki süýümleri öndürmegi ýola goýmak, bu serişdeleri her dürli ýokary hilli, uly isleg bildirilýän turba önümlerini öndürmekde çig mal hökmünde hem peýdalanmak möhüm wezipe bolup durýar.
Milli Liderimiz seýrek duş gelýän we gymmat bahaly metallary gözlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek we senagat taýdan baý ýataklary kesgitlemek, nebit we gaz guýularyndan akyp gelýän, düzüminde ýod we brom köp bolan suwlardan önüm öndürmegi ýola goýmak, öndüriljek bu önümleriň içerki sarp edijilerden artan bölegini daşarky bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda hem anyk wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa gözleg institutynyň öňünde anyk wezipeleri goýup, institutda ýerine ýetirilýän ylmy işleriň önümçilige ornaşdyrylmagyny gazanmagyň, buraw, gidro-geologiýa buraw işleri geçirilýän ýerleriň hem-de meýdançalaryň seýsmiki ýagdaýyny seljermegiň, iş geçirilýän ýerlerde, gözleg we barlag guýularynyň çäginde toplumlaýyn gaz dinamiki, gazkondensat, gidrogeologiýa barlaglaryny geçirmegiň, guýulary burawlamakda zerur bolan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary öwrenmek arkaly buraw erginlerini taýýarlamak boýunça alynp barylýan işleri güýçlendirmegiň, şeýle hem täze usullaryň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtady.
Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň pudagyň ösmegine uly itergi berjekdigini aýdyp, milli Liderimiz olary çözmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy A.Gurbanowa söz berdi. Ol konsern tarapyndan alnyp barylýan işler, pudagy ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, konsern boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende baş potrat işleriniň ýerine ýetirilişiniň ösüş depgininiň 111,1 göterime deň bolandygy bellenildi. Konserniň “Türkmenturba” zawody boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde öndürilen önümleriň möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107 göterime barabar boldy.
Konserniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ugurlaryň meýilnamalaryna laýyklykda, gurluşyk materiallarynyň, turba önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak maksady bilen önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze kärhanalary gurmak we ulanmaga bermek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu konserniň öňünde hem örän uly wezipeleriň durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni häzirki wagtda esasan hem ýeňil gurluşyk-gurnama işleri bolan turbalary kebşirlemek, gaz gysyjy desgalaryň we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu konserniň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin nebitgaz pudagynda önümçilige ornaşdyrylan, çylşyrymly senagat desgalaryny gurmagyň tehnologiýalaryny we usullaryny öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz önümçilik desgalarynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerine gysga wagtyň içinde girişmegiň möhümdigini belläp, zerur bolan halatynda bu ulgamlarda amala aşyrylýan işlere dünýäde abraýly halkara kompaniýalaryny çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz önümçilik desgalaryny gurmak we bu desgalarda çylşyrymly tehnologiýlary ornaşdyrmak üçin zerur bolan halatynda bilelikdäki kärhanalary döretmek meselesini öwrenmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bazalt daşyndan we kwars çägesinden süýüm öndürmegi ýola goýmagy, bu süýüm bilen önümçilik kärhanalaryny üpjün etmegi hem-de bu önümi daşary ýurt bazarlaryna çykarmagy hem ýola goýmagy, gaty dag-magdan daşlaryndan örtgi materiallaryny öndürmegiň üstünde işlemegi, olary gurulýan desgalaryň içki diwarlarynda örtgi materiallary hökmünde ulanmagy hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Milli Liderimiz bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň pudagy ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, şunuň bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory T.Tagyýewiň hasabat bermegi bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu maksatnama esasynda uglewodorod serişdelerini rejeli ulanyp, nebiti gaýtadan işlemegi kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa nebit önümlerini öndürmek maksady bilen zawodlar toplumynda daşary ýurt kompaniýalaryň gatnaşmagynda meýilleşdirilen birnäçe häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy barada habar berdi.
Toplumyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda geljekde nebiti gaýtadan işlemegiň mukdaryny has-da ýokarlandyrmak üçin hem-de içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, nebit galyndylaryny düýpli gaýtadan işleýän desgalar toplumynyň taslamasynyň üstünde işlemek esasy wezipe bolup durýar.
Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemekde, nebit önümlerini öndürmekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde hem örän möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda hem ençeme tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, toplum sebit we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi üpjün etmelidir. Hususan-da, A-95 benzini bilen ýurdumyzyň ilatyny has doly üpjün etmek maksady bilen, çig nebiti gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak zerurdyr. 2015-nji ýylda A-95 benzininiň öndürilişi has-da köpeldlmelidir. Dürli usullary ulanmak arkaly A-92 benzininden A-95 benzinini öndürmek bilen bagly meseleleri öwrenmeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglanyşykly beren tabşyryklarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyz zawodlar toplumynda A-98 benzinini öndürmegi ýola goýmalydygyny aýtdy.
Şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan ýollar üçin bildirilýän islegden ugur alyp, ýokary hilli bitumy öndürmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz gurluşyk baradaky meselä ünsi çekip, geljekde Ekerem şäherçesinde täze nebithimiýa zawodyny gurmak meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň durkuny täzlemek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz zawodlar toplumynyň sintetiki ýaglary öndürmeginiň hem üstünde işlemelidigini aýtdy.
Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi zawodlar toplumynyň önümçiligini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Zawodlar toplumynyň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz T.Tagyýewe işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan etdi.
Soňra iş maslahatynda hormatly Prezidentmiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berdi.
Ol agentlik tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berip, önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaýyn çäkler boýunça ýangyç çig mallaryny çykarmak, gözläp tapmak babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Mundan başga-da, gaýtadan işleýji desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işlerde milli Liderimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu babatda iň öňdebaryjy halkara ülňüleriniň we tehnologiýalarynyň ulanylýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty we ýurdumyzda daşary ýurt maýadarlaryna döredilen özüne çekiji ykdysady we hukuk şertleri daşary ýurt kompaniýalarynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda maýa goýmak islegini döredýär.
Agentligiň ýolbaşçysynyň hasabatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy gazyň ugurlaryny diwersifikasiýaşlaşdyrmak boýunça alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde amala aşyrylýan “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” we Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamalary boýunça alnyp barylýan yzygiderli we netijeli işler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň öňünde hem birnäçe wezipeleriň durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin, agentlik öňki hereket edýän nebitgazly toplumlardan başga-da, täze meýdançalary öwrenip, täze toplumlary açmak maksady bilen, dünýä belli kompaniýalary gysga wagtyň içinde işe çekmegi tabşyrdy. Pudakda ýörite hyzmatlary etmek işine ýurdumyzyň degişli edaralaryny çekmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, pudagyň edara-kärhananlarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek we önümçilik tehnologiýalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet maksatnamalaryny berjaý etmekde milli Liderimiziň berýän goldaw hemaýatlary aýdyň duýulýar. Şoňa görä-de, pudagyň edara-kärhanalarynyň işini öňe ilerletmek ugrunda degerli işler alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alyp barýan netijeli işleri barada aýratyn durlup geçildi. Şunda ileri tutulýan wezipelere aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işinde kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, B.Hojamuhammedowa berk käýinç yglan etdi hem-de eger-de, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryndan işleri talaba laýyk ýola goýmagy berk talap etdi.
Ylmy barlag institutlarynyň alymlarynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Lidermiz pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty artdyrylanda ilkinji nobatda innowasion tehnologialaryň, tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün edýän we daşky gurşawyň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýän geljegi uly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna ähmiýet bermelidigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyny we olaryň görnüşleriniň artmagyny şertlendirer.
Ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektoryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz baý uglewodorod serişdeleri bolan sebitlerde gözleg-agtaryş işleriniň möçberleriniň artýandygyny, nebitiň we gazyň çykarylyşynyň, olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenişiniň mukdarynyň köpelýändigini bellemek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalaryň gündelik tejribä işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dürli derejedäki ylmy barlaglaryň, tejribeleriň we synaglaryň geçirilmegine, okuw sagatlarynda ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň öwrenilmegine, olaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz “2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer A.Goçyýewe we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradowa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgini saklamagy üpjün etmek maksady bilen degişli çäreleriň kabul edilmeginiň möhümdigini nygtady. Toplumdaky işleriň mlili ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri we ugurdaş ministrlikleriň, pudak edaralarynyň madiýe-ykdysady ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly mümkinçiliklerini halkymyzyň bähbidi üçin durmuşa geçirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, eziz Watanymyz nebitiň we gazyň örän uly gorlaryna eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde bütin dünýäde bellidir.
Biz ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge uly üns berýäris. Bu pudaga dünýäde iň täze tehnologiýalary ornaşdyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtap, olaryň berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ynamly we tutanýerli zähmet çekýändiklerini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, uglewodorod çig malyny çykarmagyň möçberlerini has-da artdyrmagyň, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň ýangyç-energetika senagatyny ösdürmek boýunça döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemlemek bilen, nebitgaz pudagynyň işgärleriniň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Maslahatda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işi bilen baglanyşykly başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Maslahaty tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.