Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine ugrady.
Deňiz ýakasynyň halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.
Uçaryň ýanynda milli lybasly gyzlar hormatly Pezidentimize gül desselerini gowşurdylar.
Soňra Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline Ermenistan Respubllikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň uçary gondy. Mälim bolşy ýaly, belent mertebeli myhmanyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady. Birek-birek bilen dostlarça salamlaşyp, iki döwletiň Baştutanlary döwletara we özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hyzmatdaşlygyň has möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga ýene-de dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Soňra Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ygrarly bolan biziň ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlygyny täze sepgide çykarmaga, işewür we medeni gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýär diýip belledi.
Türkmen topragynda mähirli myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirmek bilen, Prezident Serž Sargsýan ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hyzmat eder diýip belledi.
Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine kanagatlanma bildirmek bilen, söhbetdeşler olaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça giňeljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany öz ermeni kärdeşini Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga, şeýle hem ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu günler geçirilýän halkara ähmiýetli çärä baryp görmäge çagyrdy.
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşikleri geçirildi. Ol iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklaryny bar bolan kuwwatlyklara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan meýilleriniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Duşuşygyň barşynda taraplaryň iki döwletiň täze taryhy tapgyrda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini bellemeli. Mälim bolşy ýaly, söwda-ykdysady, energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, oba hojalygy, derman önümçiligi, dokma senagaty ýaly ugurlar boýunça tagallalary birleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak gepleşikleriň esasyny düzdi. Türkmen-ermeni işewürlik maslahatynyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tututlýan ugurlary kesgitlenildi. Bu maslahat Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň Türkmenistana resmi saparyna gabat geldi.
Tutuşlygyna alnanda geçirilen gepleşikler iki döwletiň we olaryň Liderleriniň arasynda gatnaşyklaryň özara düşünişmek derejesiniň ýokarydygyny, şeýle hem Türkmenistan bilen Ermenistanyň iki dostlukly halklaryň bähbidine doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ygrarlydygyny aýdyň etdi.
Iki ýurduň Liderleri howa menzilinden Ruhyýet köşgüne ugradylar. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçirilýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Serž Sargsýanyň ulag kerweni tutuş ýoluň dowamynda Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary tüýs ýürekden mübäreklediler.
...Bu ýerde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet Baştutanlaryny dabaraly garşylamaga hemme zat taýýar. Ruhyýet köşgünde ylham-joşgun ýagdaýy äşgär duýulýar.
Bu ýerde ýurdumyzyň hökümet agzalary, milli parlamentiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, giň jemgyýetçiligiň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köpsanly myhmanlar bar. Olaryň hatarynda Ermenistan Respublikasynyň wekilçilikli toparynyň agzalary hem bar. Bu ýere ýygnananlar iki ýurduň Liderlerini ör turup el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, islendik döwletiň halkara derejesindäki abraýy diňe bir syýasy ýa-da ykdysady serişdeler bilen däl, eýsem onuň medeni-ruhy mümkinçilikleri bilen-de kesgitlenýär. Medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi döwletara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň ösdürilmegi üçin has oňaýly ýagdaýyň döredilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyz medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy diňe bir syýasy we ykdysady gatnaşyklara goşmaça hökmünde däl-de, eýsem ýurduň daşary syýasat ulgamynyň ösdürilmeginiň kesgitleýji şerti hökmünde baha berýär. Goňşy we alysda ýerleşýän döwletler, şol sanda GDA-nyň çäklerindäki ýurtlar bilen medeni hyzmatdaşlyk bu ýurtlaryň köpasyrlyk ruhy gatnaşyklarynyň saklanmagyna we ösdürilmegine, beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň täze we netijeli görnüşleriniň gözlenip tapylmagyna ýardam berýär. Galyberse-de, daşary syýasatyň medeni diplomatiýa ýaly netijeli guralynyň ulanylmagy daşary ýurtlarda baý taryhy milli där-dessurlaryny aýawly saklaýan ýurt hökmünde Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan baradaky düşünjäniň has-da artdyrylmagyna degerli ýardam edýär.
Sazlaşykly ösdürilýän halkara medeni gatnaşyklar özara içgin düşünişilmegine we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine badalga berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň gumanitar ugry many-mazmuny we dürli görnüşlere eýe bolmak arkaly birek-birek bilen içgin gatnaşmagy, özara düşünişilmegini we agzybirligiň pugtalandyrylmagyny maksat edinýän halklarymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyny subut edýär.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen başlanyp, häzirki döwürde iki ýurduň medeni we taryhy taýdan ýakynlygynyň düýpgöter täze many-mazmuna eýe bolýandygyny görkezýän subutnama öwrüldi. Munuň özi diňe bir medeni çäre bolmak bilen çäklenmän, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň we özara hormat goýmagyň nyşanydyr. Medeniýet günleriniň, şol sanda şu günki bilelikdäki konsertiň göwnejaý guralmagy hem-de geçirilmegi dünýä siwilizasiýasyna önjeýli goşant goşan ata-babalarymyzyň biziň halklarymyzyň ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän milli medeniýetleriň gymmatly mirasydygyny aýdyň görkezýär.
Tomaşaçylar dostlugyň senasyna öwrülip, iki ýurduň meşhur döredijjilik toparlarynyň, tanymal estrada aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, ýaş zehinleriň çykyşlaryny ruhubelentlik we buýsanç bilen garşyladylar. Olaryň arasynda Ermenistanyň Kalp we tans teatrynyň, Ermenistanyň milli saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirijileri, milli we halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri, ýurdumyzyň “Dokmaçylar”, “Serpaý” folklor toparlary we “Näzli” tans topary, iki ýurduň häzirki zaman estrada aýdymçylary we beýlekiler bar.
Konsert mizemez türkmen-ermeni dostlugyna bagyşlanan Türkmenistanyň we Ermenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde “Ýaňlansyn, dost-doganlyk aýdymy” atly edebi-sazly çykyş bilen başlandy.
Soňra ajaýyp aýdymlar, milli saz mirasyna degişli eserler, dünýäniň nusgawy genji-hazynasyna giren milli mukamlar we sazlar, döwrebap estrada aýdymlary we joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar Türkmenistanyň we Ermenistanyň iki ýurduň çäklerinden daşarda-da meşhurlyga eýe bolan toparlarynyň täsirli çykyşlaryna şowhunly el çarpmak bilen mynasyp baha berdiler. Belli ermeni kompozitory Aram Haçaturýanyň milli we halkara bäsleşiklerinde ýeňiji bolan watandaşymyz tarapyndan ýerine ýetirilen “Tokkatasy”, şeýle hem milli saz gurallaryny çalýan sazandalaryň çykyşy has-da täsirli boldy.
Türkmenleriň gadymy “Küştdepdisi” medeni çäräniň täsirliligini artdyrdy, bu tansa iki ýurduň folklor-tans toparlary hem goşuldy we tomaşaçylar tarapyndan şowhunly garşylanyldy.
Medeni çäräniň ahyrynda halklaryň dostlugyny wasp edýän “Dostluk mukamy” atly aýdym konserte gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirildi.
Ruhyýet köşgünde dostluga bagyşlanan konsert üstünlikli geçirildi, tomaşaçylar dostlugyň we ussatlygyň ýatdan çykmajak baýramçylygyna gatnaşan artistlere uzak wagtlap el çarpdylar. Bu çärä gatnaşanlar we myhmanlar biziň halklarymyzyň birek-birege tüýs ýürekden mähirli we uly hormat goýmak bilen garaýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdiler. Soňra Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, döredijiligiň we dostlugyň baýramçylygy taryhy-medeni mirasyň çäginiň ýokdugyny we umumy adamzadyň genji-hazynasy bolup durýandygyny äşgär etdi diýip bellediler. Bu wakanyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täsirli sahypalaryň biri hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasyna goşuljakdygy hem-de dostlukly iki halkyň ruhy-medeni rowaçlygyna we ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi şübhesizdir.
Konsert tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleriniň adyndan iki dostlukly ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlaryna ajaýyp gül sebetleri gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Ruhyýet köşgünden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly, ýokary derejeli “Berkarar” dynç alyş merkezine tarap ugrady.
Mälim bolşy ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda deňiz dynç alyş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslama bolup durýar. Hazaryň türkmen kenary arassa deňiz suwuna, ýakymly howa ýagdaýyna, mineral çeşmelere we bejerijilik ukyby bolan suwlara örän baýdyr hem-de bu ýerde dynç alyş we saglygy goraýyş hem-de syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin ähli amatlyklar bar.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslama häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde şunuň ýaly dynç alyş zolagyny döretmek boýunça dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, netijeli hojalyk ýöretmegiň we dolandyryşyň milli ugruny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Hazaryň kenaryny dynç alyş merkezine öwürmek maksady bilen, bu ýerde ABŞ-nyň milliardlarça dollaryna barabar düzümleýin desgalar guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Türkmenbaşy şäherinde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýeňillikli wiza, gümrük we salgyt tertibi bolan aýratyn ykdysady giňişligiň hereket etmegi bu ýerde işleýän kompaniýalara we maýadarlara amatly şertleri üpjün edýär hem-de deňi-taýy bolmadyk taslamanyň üstünikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.
Bu ýerde syýahatçylyk ulgamyny döretmäge girişilmegi bilen, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikleri dynç alyş hem-de syýahatçylyk ulgamyna kuwwatly daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymynyň hasabyna durmuşa geçirmäge täzeçe çemeleşmäni ýüze çykardy. Dünýäniň işewür we jemgyýetçilik-syýasy toparlarynda ägirt uly seslenmä eýe bolan we türkmen döwletiniň taryhy ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan bu innowasion maýa goýum taslamasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özüniň anyk ugruny kesgitledi.
Häzirki döwürde Awaza diňe bir ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň esasyny düzmek, milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny şeprtlendirmek bilen çäklenmän, eýsem möhüm duşuşyklaryň, halkara ähmiýetli iri maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy we yzygiderli üns bermegi netijesinde bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, bejeriş-sagaldyş merkezleri, çagalar dynç alyş merkezleri, birnäçe kottežler toplumlary peýda boldy. Desgalaryň her biri häzirki zaman ýörelgelerini we milli binagärlik däplerini özünde jemlemek bilen, diňe binagärlik özboluşlylgy bilen däl, eýsem üýtgeşik bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Doly derejeli dynç alyş üçin bu ýerde köpsanly hyzmatlar hödürlenýär. Şeýle hem restoranlar, çaýhanalar, ýaht-klublary, kinokonsert we maslahat zallary, ýüzüş howuzlary, fitnes merkezleri, çagalar oýun we sport meýdançalary, tennis kortlary, şeýle hem döwrebap awtoduralgalar dynç alýanlaryň hyzmatynda.
Deňiz şypahanasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän “Berkarar” dynç alyş merkezi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň täsin galdyrýan desgalarynyň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça gurlan toplum binagärlik taýdan özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Belent görnüşi, düýpli we sazlaşykly binagärlik keşbi boýunça dünýäde bu bina meňzeş desga ýokdur.
“Berkarar” myhmanhanasy beýikligi boýunça dürli gatly toplumlaryň bäşisinden ybaratdyr hem-de bular bilelikde Türkmenistanyň şemala pasyrdaýan Döwlet baýdagyny şekillendirýär. Milli baýdakda bolşy ýaly, diňi iki tarapyndan türkmen halysyndaky gölleriň bäşisi bezeýär. Toplum bäş ýyldyzly myhmanhanadan hem-de medeni-dynç alyş we sport-sagaldyş maksatly desgalaryň 30-a golaýyndan ybaratdyr.
Ozal habar berlişi ýaly, şu günler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017-niň tagamlary” atly ýörite okuw maslahaty geçirilýär. Şonuň çäklerinde dünýäniň 23 ýurdundan, şol sanda Ermenistan Respublikasyndan ökde hünärmenler – aşpezler tälim berýärler. “Berkarar” köpugurly we ýokary derejeli dynç alyş merkezi Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän beýleki kaşaň myhmanhanalar bilen birlikde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň aşhanalary bilen tanyşdyryş dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şunda okuw maslahaty gatnaşyjylar Aziada, dünýäniň beýleki döwletlerinde adaty naharlaryň taýýarlanylyşynyň syrlary bilen tanyşdyrýarlar.
Bu çäre türkmen aşpezleriniň hünär ussatlygynyň, şu ugur boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralýar. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmegine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi.
Aziada-2017-ä Aziýadaky ýurtlaryň türgenleri bilen birlikde, Okeaniýa döwletleriniň – Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, köpsanly adalarda ýerleşýän Polineziýanyň we Mikroneziýanyň wekilleri gatnaşar. Şeýle giň möçberli çäreleriň geçirilmegini guramak boýunça iň oňat tejribäniň öwrenilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, myhmansöýerlige mahsus esasy ýagdaý hökmünde hyzmat edýän ulgama möhüm ähmiýet berilýär.
Islendik ýurduň medeniýeti öwrenilende milli aşhanalaryň uly gyzyklanma döredýändigi bellärliklidir. Şunda halkyň däp-dessurlary we özboluşlylygy ýüze çykýar. Mälim bolşy ýaly, gündogar halklary elmydama myhmansöýerligi bilen belli bolup, myhmanlary töre geçirip, olara iň oňat tagamlary hödürläpdirler. Milli aşhanalar medeniýetiň möhüm bölegi bolup, şunda aýratyn-da umumy gymmatlyklar, däp-dessurlar we adatlar jemlenýär. Şoňa görä-de, başga bir halkyň medeniýetine uýgunlaşmagyň has gysga ýoly onuň aşhanasynyň üsti bilen geçýär diýlip hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan hem Aziada-2017 iri sport forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini görkezmäge hem-de dünýä bileleşigini milli däplerimiz bilen tanyşdyrmaga we ozaly bilen türkmen halkynyň tagamlarynyň köpdürlüligini açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Bu halkara çäräniň geçirilýän ýerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Serž Sargsýany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi we şu günki dabaralara gatnaşyjylar mähirli garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanlaryna gül desseleri gowşurylýar.
“Berkarar” dynç alyş merkeziniň binasynyň öňündäki meýdançada türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän we Türkmenistanyň Azyk senagat birleşiginiň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşleri görenleriň ünsüni özüne çekýär.
Prezidentler “Aziada-2017-niň tagamlary” atly ýörite okuw maslahaty mynasybetli dürli halklaryň milli tagamlaryndan ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyrylan bina girdiler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara görkezilen tagamlar köp görnüşliligi bilen bir hatarda, olary saçaga äbermegiň öňdebaryjy usullary, bereketli desterhanlaryň bezeg aýratynlyklary äşgär duýulýar.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ilki bilen Ermenistan Respublikasyndan gelen tejribeli aşpezleriň taýýarlan tagamlary bilen tanyşdylar.
Belarus Respublikasynyň aşpezleri öz halkynda meşhur hasaplanýan milli tagamlary taýýarlapdyrlar.
Soňra Prezidentler we çärä gatnaşyjylar Beýik Britaniýanyň aşpezleriniň taýýarlan tagamlary bilen tanyşdylar. Olaryň bölüminde bu döwletiň milli aşhanasynyň aýratynlyklaryny äşgär edýän tagamlar görkezilýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň aşpezleriniň taýýarlan meşhur tagamlary hem örän özüne çekiji boldy. Esasan-da, olaryň birýani, mežubusi tauş, ak tüwi ýaly tagamlary saçagyň bezegine öwrüldi.
Belent mertebeli myhmanlar Azerbanjan Respublikasynyň milli tagamlary bilen hem tanyşdylar. Olaryň arasynda çişlikleriň dürli görnüşlerini, gowurmaly palawy, lewän, dolma ýaly tagamlar bar. Azerbaýjan Resbublikasynyň Milli tagamlar merkeziniň baş direktory, taryh ylymlarynyň doktory Tahir Amiraslanowyň belleýşi ýaly, “Bereketli türkmen saçagy” atly kitap türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegini şöhlelendirýär we Türkmenistanyň baý taryhyny wagyz etmek işinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, azerbaýjanly myhman aýtdy. Tahir Amiraslanow Türkmenistana gelip görmek we şunuň ýaly ähmiýetli çärä gatnaşmak mümkinçiligi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyna ýadygärlik gol çekip bermegini haýyş etdi. Öz gezeginde azerbaýjan aşpez ýazan kitaplaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýana sowgat berdi. Munuň özi milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän “açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk we abadançylyk syýasatynyň bütindünýäde dabaralanýandygynyň ajaýyp alamatydyr. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Filippinlerden gelen ussat aşpezleriň taýýarlan tagamlary bilen tanyşdylar. Olaryň bölüminde tüwiden we beýleki önümlerden taýýarlanan tagamlar görkezilýär. Gazagystanyň wekili döwlet Baştutanlaryny mübärekläp, milli gazak tagamlarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Olaryň hatarynda daglanan dowar gapyrgasy, dürli süýt önümleri, gowrulan etler bar.
Bu sergide Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen aşpezler milli tagamlardan taýýarlanan bölümlerinde görkezilýän önümleriň aýratynlyklary, olaryň taýýarlanyş usullary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle hem bu ýerde gruzin halkyna mahsus tagamlar görkezdiler. Olaryň bölüminde dürli etlerden taýýarlanan tagamlar, işdäaçarlar, süýji nygmatlar meşhur gruzin şeraplary bar.
Gyrgyz halkyna mahsus tagamlar barada gürrüň berýän Gyrgyzystan Respublikasynyň bölüminde hem milli tagamlaryň birnäçe görnüşleri görkezilýär. Olaryň hatarynda gyrgyz “bäşbarmagy”, karçega atly milli naharlary bar. Şeýle hem olar dürli süýt önümlerini, içgileri görkezilýär.
Hindistan Respublikasynyň iň meşhur tagamlarynyň birnäçe görnüşleri sergide mynasyp orun eýeläpdir. Hindi aşpezleri çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi we bu ýerde görkezilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli tagamlary barada höwes bilen gürrüň berdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň ussat aşpezleri öz gezeginde hytaý halkynyň milli naharlaryny görkezdi we olary taýýarlamagyň usullary barada gürrüň berdi. Her bir tagam taýýarlanylyşy, görnüşi we tagamy bilen tapawutlanmalydyr.
Dürli usullara baý bolan italýan aşhana önümleriniň görkezilýän bölüminde unaş önümlerinden taýýarlanan milan rizottosy, häzirki zaman tiramesa, kremli ştrudel, ragu we beýleki naharlar bilen bir hatarda häzirki zaman usulynda taýýarlanan tagamlar görkezilýär.
Aziýanyň tagamlarynyň arasynda koreý aşhanasy öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň bölüminde tüwiden taýýarlanan naharlaryň birnäçe görnüşleri görkezilýär. Koreýa Respublikasynyň wekiliniň gürrüň berşi ýaly, hoşboý ysly goşundylary garmak bilen, koreý aşpezleri adaty önümleri ajaýyp nusga öwürmegi başarýarlar.
Malaýziýaly aşpezler et bilen bir hatarda dürli miweleriň, kokos süýdüniň we palma şekeriniň bilelikde ulanylmagynda taýýarlanan tagamlaryny görkezdiler.
Özbegistan Respublikasynyň aşpezleri sergide palawlaryň, börekleriň dürli görnüşlerini görkezdiler. Özbek aşpezleri kebaplaryň, palawyň, mantylaryň we beýleki tagamlaryň taýýarlanyş aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Belent mertebeli myhmanlar Pakistanyň özboluşly tagamlary bilen hem tanyşdylar. Olaryň bölüminde etli tagamlar, dürli görnüşli çorbalar görkezilýär.
Russiýa Federasiýasyna wekilçilik edýän aşpezler balykdan taýýarlanan tagamlaryň, çörek önümleriniň dürli görnüşleri barada gürrüň berdiler.
Sergide görkezilýän tagamlaryň hatarynda Tailandyň tagamlary hem görkezildi, bu ýurduň wekilleri döwlet Baştutanlaryna tagamlary taýýarlamak üçin ulanylýan önümleri işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Täjigistan Respublikasynyň aşpezleri hem bu günki çärä taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Görkezilýän tagamlaryň hatarynda Orta Aziýanyň beýleki halklaryna çalymdaş tagamlaram, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan naharlaram bar. Palaw täjik tagamlarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär, okuw maslahatyna gatnaşyjylar onuň birnäçe görnüşini görkezdiler.
Türkiýe Respublikasynyň aşpezleri hem öz ussatlyklaryny görkezdiler. Mälim bolşy ýaly, türk tagamlary köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.
Belent mertebeli myhmanlar ukrain aşhanasynyň aýratynlyklary, köpdürlüligi bilen tanyşdylar. .
Bu ýerde ýaponiýaly aşpezler milli tagamlary taýarlamakda öz ussatlygyny görkezdiler. Olar balygyň dürli görnüşlerinde bişirilen naharlaryň örän baý görnüşini hödürlemek bilen, olaryň taýýarlanyş, bezeliş aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň ussat aşpezleriniň taýýarlan bölümi serginiň baş bezegine öwrüldi. Onda 140-dan gowrak tagamlar görkezildi. Olaryň hatarynda 20 görnüşden gowrak çorba, 12 görnüşli palaw, çişlikleriň, kebaplaryň birnäçe görnüşleri, gutaplaryň, börekleriň dürli görnüşleri, balykdan taýýarlanan birnäçe görnüşli tagamlar, işdäaçarlar, süýjülik önümleri bar. Ýeri gelende aýtsak, bu tagamlaryň köpüsiniň hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabynda görkezilýän milli tagamlardygyny, olaryň şu kitapda görkezilýän usullar esasynda taýýarlanandygy bellärliklidir.
Soňra bu ýerde Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan hem-de Malaýziýadan gelen ussat aşpezler öz ýurtlarynyň milli tagamlarynyň taýýarlanyş usullaryny görkezdiler. Olar öz halklaryna mahsus bolan milli tagamlary bilen bir hatarda, olary taýýarlamagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Serginiň gidip duran pursadynda oňa gatnaşyjylaryň gözüniň alnynda tagam taýýarlanmagy serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dünýäniň 23 ýurdundan bolan milli tagamlaryň sergisi bilen tanyşlykdan soň, iki döwletiň Baştutanlary bilelikde “Akmaýa” dynç alyş merkezine tarap ugraýarlar, bu ýerde belent mertebeli Prezidentleriň çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen mähirli hoşlaşdy. Iki ýurduň Liderleri birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdiler hem-de dostlukly halklara iň oňat arzuwlaryny aýtdylar. Ermenistanyň Lideri türkmen kärdeşine göwnaçyklyk we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, ýene-de duşuşjakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy.
Soňra Ermenistanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline tarap ugraýar.
Prezident Serž Sargsýan Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, öz ýurduna ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.