Şu günler Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri türkmen we ermeni halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygynyň, iki ýurduň medeniýetleriniň özara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
Bu dostluk we döredijilik forumy Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparyna gabatlanyp geçirilýär we halklaryň özara düşünişmegine, dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän şert hökmünde häzirki wagtda dünýäde medeni diplomatiýanyň möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, ýokary derejede geçirilen türkmen-ermeni gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şol resminamalar Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda köp ugurlarda, şol sanda medeni-gumanitar ulgamda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Hususan-da, iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gol çeken Bilelikdäki türkmen-ermeni beýannamasynda: “Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleri gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini goldadylar, 2015-nji ýylda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak üçin zerur çäreleri görmek barada” ylalaşdylar diýlip nygtalýar.
Türkmenbaşy şäherinde geçirilen hem-de Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine badalga beren iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başlanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Medeniýet günleriniň açylyşyna we dostluk konsertine iki döwletiň Liderleriniň -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň gatnaşmagy bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Konserte gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen we ermeni halklaryny taryhy taýdan şertlendirilen hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gumanitar ugruny düzýän köp zatlar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde türkmen we ermeni halklarynyň baý taryhyny hem-de medeniýetini öwrenmek boýunça köp ýyllardan bäri bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Munuň özi biziň halklarymyzyň gadymy döwürlerden bäri gatnaşyk edendigine şaýatlyk edýär.
Şu babatda iki ýurduň alymlarynyň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň mirasyny öwrenmek boýunça alyp barýan bilelikdäki işiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Türkmen nusgawy şahyrynyň doglun gününiň 290 ýyllygy ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşda giňden bellenilip geçilýär. Şu ýylyň mart aýynda Ýerewanyň döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda bu şanly senä bagyşlanan ylmy maslahat, şeýle hem beýik şahyryň ermeni dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Ermenistanyň wekiliýeti hem şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän şu Medeniýet günleriniň maksatnamasyna dostlukly ýurduň häzirki zaman suratkeşleriniň eserleriniň sergisi girizildi. Onuň resmi taýdan açylyş dabarasy 9-njy aprelde Türkmenistanyň döwlet şekillendiriş muzeýinde geçirildi. Dabara gatnaşyjylar iki döwletiň Liderlerlerine -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýana parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýändikleri we medeniýeti hem-de sungaty hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şu gün Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde “Watan” kinokonsert merkezinde dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny ajaýyp halk aýdym-sazlary, nusgawy we estrada sazlary, joşgunly tanslar düzdi. Şol aýdym-sazlary ýerine ýetirenleriň hatarynda Ermenistanyň Döwlet halk saz gurallary orkestri, Tans we kalp teatrynyň artistleri, meşhur estrada aýdymçylary – milli we halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.
Kino sungatynyň muşdaklaryna ermeni kinematografiýaçylarynyň dürli ýyllarda döreden işleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi. Olaryň hatarynda dürli nesilleriň söýgüli filmleri bolan “Demirgazykly gelin”, “Aşpezleriň bäsleşigine geldiler”, “Bagtyň mehanikasy” filmleri, şeýle hem döwrebap filmler – “Parajanow” hem-de “Eger-de hemmeler...” atly dramalar, “Ermenistanyň iň soňky darbazy” atly dokumental film bar. Filmler “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde görkezilýär.
Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy we iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.
Ermenistanyň wekiliýeti üçin uly medeniýet maksatnamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde köpsanly duşuşyklar geçirilýär, myhmanlar “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna, şeýle hem muzeýlere we türkmen paýtagtynyň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp gördüler.