Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Ol Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň biziň ýurdumyza bolan resmi saparyna gabat gelip, dostlukly we netijeli türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, Ermenistan Respublikasynyň baştutanynyň biziň ýurdumyza bolan resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki türkmen-ermeni beýannamasyna gol çekildi. Bu resminamada, hususan-da, gepleşikleriň barşynda “Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleri gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini goldadylar, 2015-nji ýylda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak üçin zerur çäreleri görmek barada ylalaşdylar” diýlip bellenilýär.
Şeýlelikde, ýokary derejedäki gepleşikler taraplaryň giň gerimli hyzmatdaşlygy, şol sanda medeniýet ulgamynda gatnaşyklary has-da ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Ýeri gelende aýtsak, Ermenistan Respublikasynyň ussat aşpezleri Awazada geçirilen “Aziada-2017-niň tagamlary” atly okuw-maslahatyna gatnaşyp, ermeni aşhanasynyň dürli tagamlaryny görkezdiler.
Häzirki forum dostlugyň we döredijiligiň hakyky baýramçylygyna öwrüldi, Medeniýet günleriniň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet koşgünde geçirilen açylyş dabarasyna Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Serž Sargsýanyň gatnaşmagy bolsa iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup girdi.
Ermenistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly döredijiligi, ýurduň häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ermeni suratkeşleriniň sergisi, “Watan” kinokonsert merkezinde Ermenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy, “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde bolsa dostlukly ýurduň kinematografiýaçylarynyň surata düşüren iň gowy çeper we dokumental filmleri görkezildi.
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen ermeni we türkmen artistleriniň bilelikdäki konserti mekdeni çäräniň jemleýji wakasyna öwrüldi.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynyň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerlik hem-de medeni forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu çäre biziň halklarymyzyň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşany bolup çykyş etdi.