Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 816
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Baş sekretarynyň ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sport baradaky ýörite geňeşçisi jenap Wilfrid Lemkeni kabul etdi.

Ýokary wezipeli myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Wilfrid Lemke Türkmenistana gelip görmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtap, BMG-niň biziň ýurdumyzy dürli ulgamlarda, şol sanda sport babatda sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýän ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sporty wagyz etmek we ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça Türkmenistanda ädilýän netijeli ädimlere ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirip, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna salam ýollap, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belledi. BMG-niň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edilmegi, şeýle hem üstünlikli amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we ýokary wezipeli myhman sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar munuň üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda Olimpiýa hereketini ösdürmekde, degişli döwrebap düzümi döretmekde uly üstünliklere eýe bolandygy bellenildi. Türkmen Lideriniň başyny başlan oňyn sport syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi munuň aýdyň mysaly boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly ýaryşlara ykjam taýýarlyk görmek meselesi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýaryşlar häzirki wagtda türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherçesinde geçiriler. Bu şäherçe sport desgalarynyň iri hem-de köp ugurly toplumyny öz içine alýar.

Söhbetdeşligiň barşynda jenap Wilfrid Lemke Türkmenistanda gören zatlarynyň we aýratyn-da sport desgalarynyň, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin döredilýän ajaýyp şertleriň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adamlaryň saglygynyň möhüm şerti hökmünde sporty höweslendirmek we wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerini yzygiderli geçirmek däbe öwrüldi. Olar hakyky ählihalk häsiýetine eýe boldy. Şol çäreleriň hatarynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygary astynda geçirilýän Milli spartakiada bar. Oňa ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, dürli pudaklaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar. Aprel aýynyň birinji gününde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy badalga aldy. Onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we jemgyýetçilik-medeni çäreler geçirilýär. Şol çäreler bolsa türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, öz tarapyndan geljekde hem sebit we ählumumy möçberde sport ulgamynda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn höweslendirmäge ýardam etjekdigini aýtdy. Biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda bu möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň halkara sport hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belläp, türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli gürrüň edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we ýokary wezipeli myhman BMG-niň esasy maksatlaryna – dünýäde parahatçylygy, özara düşünişmegi hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksatlaryna laýyk gelýän sport ulgamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy barada pikirlerini beýan etdiler.