Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

view-icon 730
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Aslowy kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Täjigsitan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň parahatçylyk, abadançylyk, durnuklylyk we milli Liderimiziň başlangyjy bilen türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebitiň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gatnaşyklaryň ýokary derejeli netijeli häsiýeti Merkezi Aziýada amatly syýasy we ykdysady ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirýändigini belledi.

Ikitarapalýyn gyzyklanmalara we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna we ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha bermek bilen, Sirojiddin Aslow täjik tarapynyň köpasyrlyk dostluk we birek-birege hormat goýmak esasyna daýanýan netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine we çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň köp ýyllyk netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn meýilleri bellemek bilen, milli Liderimiz we myhman bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gyzyklanmalary nazara almak bilen ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, ähli pudaklarda köp derejeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem türkmen we täjik halklarynyň ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyny şertlendirýän ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň derwaýysdygy bellenildi.

Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanyň daşary işler ministri soňky ýyllarda iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlarynyň, işewürlik we gumanitar ulgamlarynda yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, söwda, ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň maslahatlary netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.

Duşuşyga Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdurahim Aşur gatnaşdy.