Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi, ol garamagyndaky düzümleriň işi hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň standartlaşdyryş we sertifikatlaşdyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän iş hakynda hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, “Sertifikatlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýurdumyzyň Ministrler Kabineti tarapyndan sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň bozulmagy üçin ykdysady jerime çärelerini ulanmagyň Tertibi tassyklanylýar. Şu düzgünnama laýyklykda resminamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, Şonuň bilen baglylykda, bu ugurda hereket edýän namalaryň bozulmagy üçin anyk çäreler hem-de jerimeleriň möçberleri kesgitlenildi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky habar hem aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistanyň çäklerinde gulluk iş saparlaryna iberilýän işgärler üçin çykdajylaryň möçberlerini kesgitlemek maksady bilen geçirilen iş hakynda hasabat berdi. Geçirilen serjermäniň netijeleri boýunça degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy, şonda şu maksatlar üçin niýetlenilen pul serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak teklip edilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak babatda kanunçylyk we kadalaşdaryjy-hukuk namalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini üpjün etmegiň ähmiýetini belledi. Bu ulgamda bir bitewi döwlet syýasatyny amala aşyrmak halkara ülňülerini ulanmagyň esasynda, şol sanda hili dolandyrmagyň ulgamy boýunça önümleriň hilini hem-de bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy wezipeleriniň hatarynda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli Liderimiz Kararyň hödürlenen taslamasyny makullap, önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň howpsuzlygyna hem-de hiline bildirilýän talaplary berjaý etmek boýunça sarp edijileriň hukuklaryny üpjün etmek baradaky çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu resminama gol çekip, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi dowam etdirip,Türkmenistanyň çäklerinde gulluk iş saparlaryna ugradylýan işgärler üçin çykdajylaryň möçberlerini kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Milli Liderimz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişine ygtybarly gözegçiligi üpjün etmek barada görkezme berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işleri, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esasyny berkitmäge we ösdürmäge, Türkmen döwletiniň halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen çäreler barada habar berdi.
Habar berlişi ýaly, Mejlisiň komitetlerinde adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, raýatlara hukuk kömegini bermek, medeniýet ulgamyna girýän edaralaryň işleri, internet giňişligini peýdalanmak, ekologiýa we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, emläk gatnaşyklary, gurluşyk işlerini alyp barmak, telekeçiligi, ýerine ýetiriş önümçiligi, täjirçilik arbitražyny ösdürmek meseleleri boýunça täze kanunçylyk namalary taýýarlanyldy. Bulardan başga-da jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet syrlary, maglumatlary goramak, gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almak, çaganyň hukuklaryny döwlet taýdan kepillendirmek, şeýle hem bar bolan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Onda täze kanun taslamalaryna serediler, şeýle hem 20-nji aprelde Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli bilelikdäki maslahata görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz parlamentiň ýurdumyzda syýasy medeniýeti ýokarlandyrmaga, raýat institutlaryny berkitmäge we demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda deputatlaryň alyp barmaly işlerine ünsi çekdi. Kanunçykaryjylyk işi jemgyýetiň bähbitlerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we halkyň saýlan wekilleriniň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbidine wekilçilik etmekden, döwletimiziň ileri tutulýan durmuş meseleleriniň kanunlaryň taslamalarynda öz beýanyny tapmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.
Öňdebaryjy tejribäni we dünýä ülňülerini öwrenmegiň we milli kanunçykaryjyk işine ornaşdyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek we milli kanunçylygy halkara kadalary bilen sazlaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde birnäçe daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyk görmek barada habar aýdyldy. Olar türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere hem gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umumymilli baýramlar we şanly seneler mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany ýylsaýyn artýar diýip, kanagatlanmak bilen belledi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmenistana, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna, onuň täze taryhy döwürde gazanan üstünliklerine gyzyklanmasynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň döwletimiz bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň berkemegine, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň giňelmegine, biziň Watanymyzyň abraýynyň dünýä ýüzünde has-da artmagyna ýardam etjek baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary, şol sanda myhmanlary milli däp-dessurlarmyza laýyklykda kabul etmek bilen bagly tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmenistan - Sport” teleýaýlymynda halkara ýaryşlaryny alyp görkezmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilmegi munuň mysaly bolup biler. Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi bilen hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 2012-nji ýylyň aprel aýyndan bäri şol birleşigiň doly hukukly agzasy bolup durýar.
Bu birleşigiň sport topary oňa gatnaşýan ýurtlarda maslahatlary yzygiderli geçirýär. Şu ýyl bu sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty türkmen paýtagtynda şu ýylyň 30-njy apreli – 3-nji maýy aralygynda geçiriler.
Wise-premýer bu möhüm çärä taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin birleşigiň agza döwletleriniň 19-syndan 60-dan gowrak adamyň Aşgabat şäherine geljekdigini aýtdy. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygy giňeltmek, iri sport ýaryşlaryny göni ýaýlymda alyp görkezmegi guramakda tejribe alyşmak, sport gepleşiklerini alyp baryjylary, sport žurnalistlerini taýýarlamak meseleleri giriziler. Şeýle hem “ Türkmenistan - Sport “ teleýaýlymynda daşary ýurtlarda geçirilýän ähmiýetli ýaryşlary göni ýaýlymda alyp görkezmegiň geljegine garalar. Foruma gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäheresine baryp görerler, olar üçin medeni – tanyşlyk gezelenç maksatnamasy taýýarlanylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berip, Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň wakalaryny şöhlelendirmäge taýýarlyk görmek babatda ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamyny ösdürmekde maslahatyň ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwürde parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini durmuşa geçiriji, halklaryň gatnaşyklarynyň serişdesi hökmünde sportuň ähmiýeti barha artýar we bu babatda Türkmenistan saldamly goşandyny goşmaga çalyşýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şeýle forumlaryň diňe bir hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga, täze maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalaryny ýaýratmaga hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem medeniýetleriň has işjeň gatnaşyklarynyň täze usullaryny döretmäge ýardam etmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmäge --Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna girişmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu iri desganyň gurluşygynyň uly ähmiýetini belledi. Bu toplumyň gurluşygy ýurdumyzda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygy, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli meýilnamalar, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini çykarmagyň hasabyna milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak bilen şertlendirilendir.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boljak bu taslamany durmuşa geçirmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwletimiz ilatymyzy maddy taýdan goldamaga, şol sanda awtomobil ýangyjyndan muzdsuz peýdalanmak boýunça ýeňilliklere gönükdirilen ägirt uly serişdeleri goýberýär. Şeýle durmuş ýeňillikleri ýurdumyzyň raýatlarynyň tebigy gazdan, suwdan, elektrik energiýasyndan muzdsuz peýdalanmagy bilen birlikde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly täsir edýär. Ýöne degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan diňe bir önümçilige däl, eýsem, ýurdumyzyň içerki bazarynda ýeňillikli nebit önümlerini we ýangyç – çalgy serişdeleriniň ýerlenişine ýeterlik derejede gözegçiligi üpjün etmeýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerden bu ulgamdaky işleriň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, gurluşyk senagatynda maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek boýunça geçirilýän işler barada durup geçip, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, bu işe ýerli hususy kärhanalary çekmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde bu önümleriň önümçiligi üçin ylmy taýdan esaslandyrmak, içerki bazaryň islegini öwrenmek, bu önümçilikleri çig mal bilen üpjün etmek, iň gowy tehnologiýalary saýlap almak, şeýle hem önümçilikleri gurnamak üçin zerur bolan ýer bölekleriniň meýdanyny we ýerleşjek ýerini kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.
Hususan-da, keramiki plita we faýans önümleriniň önümçiligini özleşdirmek boýunça ýylylyk saklaýjy mineral pamyk önümleriniň önümçiligi boýunça elektrik kabelleriniň önümçiligi boýunça degişli işler geçirilip, häzirki wagtda bu önümleri öndürjek zawodlaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek we gurluşygyny maliýeleşdirmek ýaly meseleleriň üstünde işlenilýär.
Şeýle hem wise-premýer, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň sarp edijilerini ýöriteleşdirilen demir gurnawlary bilen üpjün etmek maksadynda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Alyn” hususy kärhanasy bilen bilelikde “Bagtyýar döwür” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli bolmagy gurluşygyň depgininiň mundan beýläk-de artdyrylmagyny, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň, çykarylýan gurluşyk materiallarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip belledi. Gurluşyk materiallarynyň hili iň ýokary talaplara hem-de häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz şundan ugur alyp, importyň ýerini tutýan ýokary hilli gurluşyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, täze kärhanalaryň önümleriniň ýurdumyzyň bazarlaryny zerur bolan gurluşyk materiallary bilen doly üpjün etmäge hem-de milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Biržanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen resminamada DHÇMB-niň merkezi edarasynyň täze düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer söwda ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekip we ony ýerine ýetirmek barada görkezmeleri berip, söwda ulgamyny döwre görä ösdürmek üçin administratiw çäreleri ýeterlik derejede görülmeýär diýip belledi. Möhüm düzüm özgertmeleri bilen bir hatarda iş usulyny, onuň mazmunyny düýpli täzelemek, söwda işiniň öňdebaryjy görnüşleriniň ornaşdyrylmagy we iş usullarynyň guralmagy üçin dürli derejedäki ýolbaşçylaryň jogapkärçiligini artdyrmak zerur bolup durýar.
Ýurdumyzyň durmuş maksatly ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri bolmak bilen söwda toplumy sarp edijileriň bähbidini goramak, islegi öwrenmek, söwda hyzmatdaşlarynyň arasyndaky ösen gatnaşyklary ýola goýmak, halkyň sarp edýän harytlarynyň bazarynda bäsdeşlige ukyply gurşawy kemala getirmek ýaly meseleleri hem çözmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Esasasan-da ýurdumyzyň ilatynyň sarp gündelik sarp edýän harytlarynyň, azyk önümleriniň öz wagtynda we elýeterli üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz söwda ulgamynda nyrhlaryň durnuklylygyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagy babatda zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň söwda ulgamynyň işiniň käbir ugurlary boýunça tankydy belliklerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz söwda toplumyny dolandyrmaga çemeleşmelere gaýtadan seretmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamdaky bar bolan kemçilikleri mysal getirip, harytlaryň hiline gözegçiligi güýçlendirmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary iň täze kompýuterler we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün etmek meselelerine uly üns berilýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada yzygiderli alada edýändigi netijesinde 1-nji synpda okaýan çagalara kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüp gelýän nesliniň döwrebap bilim almagy, olaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksadynda degişli işler alnyp barylýar. Geçirilýän işleriň çäklerinde «Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2014–2015-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin kompýuterleri satyn almak hakyndaky» kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Şu resminama laýyklykda, “Lenowo” (HHR) kompýuterleriniň kämilleşdirilen kysymlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olary okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün etmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Ýaşlara bilim bermekde multimediýa tehnologiýalarynyň we kompýuterleriniň ulanylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýaş türkmenistanlylaryň okuwa gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz 1-nji synp okuwçylaryny kompýuterler bilen üpjün etmegiň ähmiýetini belläp, täze kysymly kompýuterleri seçip almak boýunça kanagatlanma bildirdi we degişli Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Munuň özi okatmagyň hem-de okuwyň usulyny kämilleşdirmäge ýardam edip, bilim bermek işiniň has netijeli we özüne çekiji bolmagyny üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda igşleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi. Şunda öňdebaryjy guramaçylyk usullaryny we innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak we şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek esasy ugur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berip, gözegçilik edýän düzümleriniň işini utgaşdyrmak we mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmäge degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Bellenip geçilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisi hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahaty geçiriler.
Baýramçylygyň maksatnamasynda Halkara atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça atçylyk-sport ýaryşy, şeýle hem uzak aralyga atly ýöriş, däp bolan at çapyşyklary we beýleki sport ýaryşlary bar. Şöhrat gazanan ahalteke bedewi Ýanardagyň Köpetdag şaýoly bilen we Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan ýadygärliginiň açylyşy bu şanly senä gabatlanar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar.
26-njy aprelde baýramçylygyk dabaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda dowam eder, şol ýerde ahalteke bedewleriniň gözelliginiň jemleýji bäsleşigi we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli çäreleri örän ýokary derejede guramaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzda geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri türkmen halkynyň iň oňat atçylyk däplerini ösdürmäge ýardam etmek, behişdi bedewleriň bütin dünýädäki şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, özboluşly ahalteke tohumyndaky bedewleri giňden ýaýratmagy hem maksat edinendir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän udag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy üçin “Boeing-737-800” kysymyndaky uçary satyn almaga degişli kararyň taslamasy hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde ulag ulgamynyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň içersinde hem, halkara ulag ugurlaryny depginli ösdürmek babatda hem awiagatnawlaryň artýan ornuny nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany ýokarda agzalan resminamany makullap we oňa gol çekip, iň täze uçuş tehnikasynyň peýdalanylmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeltjekdigini, ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak amala aşyrylan mahaly hyzmat etmegiň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etjekdigini belledi. Şol resminama laýyklykda raýat awiasiýasynyň howa parkyna “Boeing-737-800” kysymyndaky uçarlaryň üçüsi goşular.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi.
Hasabatda wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda gurulýan täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň ýokary hilli guralmagyna we olaryň bellenen möhletlerde ulanylmaga berilmegine gözegçilik etmek boýunça döwlet toparyny döretmek hakynda zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Şol toparyň düzümine degişli pudaklaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň möhüm ornuny belläp, täze desgalaryň türkmen şäherlerini we obalaryny bezejekdigini nygtady. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň we munuň üçin ähli zerur düzümleriň has-da depginli ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berer hem-de türkmenistanlylaryň durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrar.
Döwlet Baştutanymyz "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň" ähmiýetini aýratyn belledi. Şol maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ähli obalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Agaçlary oturtmak, elektrik, gaz üpjünçiligi we aragatnaşyk ulgamlaryny getirmek üçin ýörite tehniki zolaklaryň bolmagyny hökmany tertipde göz öňünde tutmak möhümdir. Döwlet Baştutanymyz şunda ugur almak bilen degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi we bu işleriň çalt depginlerde we ýokary hilli geçirilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gurulýan täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň ýokary hilli gurulmagyna we olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegine gözegçilik etmek boýunça döwlet toparyny döretmek hakyndaky” karary makullap we oňa gol çekip, gurluşygyň hilini ýokarlandyrmak, iň täze ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda öz gurluşyk materiallarymyzyň çykarylyşyny mundan beýläk-de giňeltmek, işleri ýerine ýetirmegiň möhletleriniň sazlaşykly berjaý etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň hasabatlaryny diňläp, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna” laýyklykda maý aýynyň başynda Lebap welaýatynda iki sany täze gurlan desganyň – gazturbinaly elektrik stansiýasynyň we gaz arassalaýjy desganyň dabaraly açylyp, ulanmaga beriljekdigini aýtdy.
Bu elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzdan Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Gaz arassalaýjy desganyň ulanmaga berilmegi bolsa, tebigy gazy Hytaýa göz öňünde tutulan maksatnama laýyklykda ibermäge mümkinçilik berer.
Bu geçirilýän işler ýurdumyzyň energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa gepçirýändigimizi aýdyň görkezýär diýip, bellemek bilen milli Liderimiz wise-premýerler M.Artykowa we B.Hojamuhammedowa bu möhüm ähmiýetli desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi jemläp, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we täze ýollary gurmagyň ýokary hilini üpjün etmegiň, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň adyna nägilelik bildirdi we gurulýan ýollaryň hiline gözegçiligi güýçlendirmek maksadynda ýöriteleşdirilen anyklaýyş enjamlaryny satyn almagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de paýtagtymyzyň sazlaşykly we çalt ösüşinde möhüm orny eýeleýän ýol-ulag düzümlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilen mahaly ygtybarly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge we döwrebap enjamlar bilen işlemäge ukyply hünärmenleri öz wagtynda taýýarlamak meselesiniň hem örän möhüm bolup durýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.