Ï Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 633
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn He bu ýurduň kenarýakasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren “Sewol” ýolagçy gämisiniň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz hatynda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.