Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 746
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň prezidenti Rownag Ibragim ogly Abdyllaýewi kabul etdi.

Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna rowaçlyk, şeýle hem bozulmaz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň ýakyn goňşulary bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini we gadymy döwürlerden bäri doganlyk gatnaşyklaryna, medeni we taryhy umumylyga eýe bolan hem-de paarhatçylyk, döredijilik we ynçanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan türkmen we azuraýjan halklarynyň bähbidine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.

Türkmen Lideriniň işjeň we öňdengörüjilikli “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýändigini bellemek bilen, myhman özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň tutuş halkara bileleşigi üçin uly gyzyklanma döredýän we ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly hem-de geoljegi uly hyzmatdaş saýylýan Türkmenistan bilen giň möçberli gatnaşyklary ýola goýmaga meýillidigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklary ýyl-ýyldan pugtalandyrmak arkaly ýurtlaryň ikisiniň hem häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmegiň ýoluny agtarmakda tagallalaryny birikdirýändigi we parahatçylyk, energetika howpsuzlygyny nazara almak bilen, ählumumy howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berýändigi aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyk, has takygy, dünýä bazarynyň energiýa serişdeleriniň durnukly ugradylmagyna bolan ýokary gyzyklanmalaryny nazara alanyňda ägirt uly ähmiýeti bolan üstaşyr gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly täze geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň özenini düzdi.

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek boýunça Türkmenistanyň saýlap alan ugruna ýokary baha bermek bilen, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak babatda ýöredýän ägirt syýasatynyň eýýäm oňyn netije berýändigini, munuň bolsa gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, tebigy gazyň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewraziýa yklymyna howpsuz hem-de ygtybarly üstaşyr geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat döredýändigini nygtady.

-Soňky ýyllaryň dowamynda biz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryny özgertmek boýunça işlenip taýýarlanylan uzakmöhletleýin maksatnamalary, ozaly bilen bolsa iri nebitgaz ýataklaryny gözlemek hem-de senagat taýdan özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny we ugurdaş düzümi döretmek, bu işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek babatda ägirt uly serişdeleri gönükdirýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz munuň gury ýerde we deňiz ýalpaklygynda baý nebit we gaz ýataklaryna eýe bolan Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegine şübhesiz kepil geçýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda sazlaşykly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Mämetaga ogly Soltanzade gatnaşdy. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň prezidenti Rownag Ibragim ogly Abdyllaýewi kabul etdi.

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Mämetaga ogly Soltanzade gatnaşdy.