Ï Aşgabatda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň bäşinji maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň bäşinji maslahaty geçirildi

view-icon 746
Aşgabatda Söwda – ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Usmonali Usmonzadanyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Türkmen tarapyndan topara däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri wekilçilik etdiler.

Nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy hakynda pikir alyşdylar, şeýle hem deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-täjik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň gadymdan gelýän dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny bellemek bilen, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda döredilen bilelikdäki hökümetara toparynyň özüni hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz giňeltmäge ýardam edýän netijeli düzüm hökmünde görkezendigini kanagatlanmak bilen nygtadylar. Toparyň netijeli işlemegi iki doganlyk döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň ägirt uly kuwwatyny we ileri tutulýan ugurlaryny nazara alanyňda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.

Işewür ýagdaýda geçirilen maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar deňhukukly, özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, eksport-import amallaryny artdyrmak we iberilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň görnüşini we möçberini giňeltmek boýunça ylalaşylan çäreleri görmegiň möhümdigi bellenildi. Umumy pikire görä, iki ýurduň bilelikdäki sergi-söwda çäreleriniň we işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň guralmagy, şeýle hem geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hakynda maglumatlaryň yzygiderli alşylmagy muňa gös-göni ýardam eder.

Ileri tutulýan ugurlaryň käbirinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek mümkinçilikleri aýratyn ara alnyň maslahatlaşyldy. Şol ugurlaryň hatarynda elektroenergetika we senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, ylym we bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlary görkezildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyga, hususan-da, tutuş sebit üçin strategik ähmiýete eýe bolan täze ulag geçelgesi – Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň taslamasynyň amala aşyrylmagyna uly üns berildi.

Iki goňşy ýurtlaryň halklaryny köp asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelen taryhy-medeni gatnaşyklary nazara almak bilen, taraplaryň pikirine görä, gumanitar ulgamdaky ysnyşykly gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki topar ýurtlaryň ikisinde geçirilýän Medeniýet günlerini hem-de teatr, tans we aýdym-saz toparlarynyň, şeýle hem sungat işgärleriniň gatnaşmagynda halkara festiwallaryny we beýleki ähmiýetli çäreleri işjeň guramagy dowam etmegiň möhümdigini bellediler.

Ikitaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň aýratyn möhümdigini nygtamak bilen, taraplar şu günki maslahatyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we Täjigistanyň hem-de olaryň taryhlarynyň, medeni we ruhy däpleriniň umumylygy bilen birleşen doganlyk halklaryň bähbidine doly gabat gelýär.

Iki günlük maslahatyň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Taraplaryň ylalaşmagy bilen, toparyň nobatdaky – 6-njy maslahaty 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler.