Ï Türkmenistanyň Prezidenti “LG”, “Hyundai” we “TOYO” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “LG”, “Hyundai” we “TOYO” kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 930
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä belli koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny – “LG” toparynyň başlygynyň orunbasary, “LG International” kompaniýasynyň prezidenti we baş dolandyryjy direktory jenap Hi-Bom Lini hem-de “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň prezidenti we baş dolandyryjy direktory jenap Wi-Çol Kimi, esasy ýapon kompaniýalarynyň biri—“TOYO Engineering” kompaniýasynyň prezidenti we dolandyryjy direktory jenap Kasumoto Işibaşini kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen görşüp we wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, koreý we ýapon işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwata eýe bolan we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ymtylýandygyny aýtdylar. Şunda” LG International”, “Hyundai Engineering” we “TOYO Engineering” kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm taslamalara gatnaşmaga hem-de geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Koreý we ýapon hyzmatmatdaşlarynyň özara hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşmesini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny we iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işleri çekmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ykdysady ösüşinde şolara aýratyn üns berýändigini belledi. Senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ugry amala aşyrmak bilen, ýurdumyz iri daşary yurt kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegi ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Olar özlerini Türkmenistanyň ygtybarly we jogapkärli işewür hyzmatdaşlary hökmünde görkezdiler.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar ýurdumyzda ýaýbaňlanan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýän düýpli özgertmeleri nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, gazhimiýa pudagynda gaýtadan işleýän düzümi döwrebaplaşdyrmak babatda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly serişdelere eýedir. “LG International”, “Hyundai Engineering” we “TOYO Engineering” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze iri bilelikdäki taslamany amala aşyrmaga – Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumyny gurmaga gatnaşmakda koreý we ýapon kompaniýalaryna bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “TOYO Engineering” kompaniýasy hem-de “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp.Ltd” kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde 2013-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde degişli ylalaşyga gol çekildi. 22-nji aprelde düýbüniň tutulyşy göz öňünde tutulýan häzirki zaman senagat toplumynyň önümçilik kuwwaty bir ýylda polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

“LG International”, “Hyundai Engineering” we “TOYO Engineering” kompaniýalarynyň ýurdumyza öňdebaryjy işlerini, tejribesini we tehnologiýalaryny bermäge taýýardygyny tassyklamak bilen, işewürler ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň geljekde hem hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge yzygiderli we berk eýerjekdigine ynandyrdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz “LG International”, “Hyundai Engineering” we “TOYO Engineering” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary anyk netijäni ugur edinýän işewür hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.