Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

view-icon 717
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline gelenden soň, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentine gözegçilik edýän pudaklarynda we özlerine ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylaryň öňünde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de amala aşyrmak boýunça anyk wezipeleri goýdy.

Maslahatda Gyýanly şäherçesinde düýbi tutuljak polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna aýratyn üns berildi. Ol senagatyň täze pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen bu ulgamda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde görülýän anyk ädimleriň aýdyň mysalydyr.

Milli ykdysadyýetimizi, şol sanda onuň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalar babatda bu wakanyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şol çäräni ýokary derejede geçirmek barada anyk görkezmeleri berip, degişli ýolbaşçylara bu taslamany ýerine ýetirmegiň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda durmuşa geçirilýän işler barada durup geçmek bilen, Balkan welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, geljekde hem birnäçe iri taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ünsi çekdi we welaýatyň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty tamamlap, bu ýerden öz kabulhanasyna tarap ugrady.