Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdurahim Aşury kabul etdi.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmenistanlylaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň bähbidine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleriniň şaýady bolandygyny nygtap, Türkmenistany hemişe aýratyn mähirlilik bilen ýatlajakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, onuň iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän, soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli türkmen-täjik döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan önjeýli şahsy goşandyna ýokary baha berdi, iki ýurduň halklary bolsa asyrlaryň dowamynda dostluk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglydyr.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany we Täjigistanyň ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň topary boýunça pikir alyşdylar, onuň üstünlikli ösdürilmegi halkara we sebit syýasatynyň möhüm taraplary boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygyna ýa-da gabat gelmegine, şeýle hem olaryň däp bolan söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňelltmegi maksat edinýändigine gönüden-göni hyzmat edýär.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-täjik gatnaşyklary özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykdy, gazanylan wajyp ylalaşyklar we giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekdäki uly üstünlikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Sebitde iri Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň geçen ýylyň iýunynda badalga alan taslamasy olaryň iň möhümleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze depgin we mazmun bermegi maksat edinýändiklerini tassyklap, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizligine hem-de deňhukuklylyk we özara peýdalylyk nukdaýnazaryndan guralýan oňyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine iki tarapyň hem ynam bildirýändigini beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Täjigistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine dostlukly ýurduň ilçihanasy tarapyndan ýörite taýýarlanan “Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösüşiniň 20 ýyllygy” atly kitabyň birinji nusgasyny gowşurdy we şu ýyllaryň içinde berlen kömek we goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we täze taryhy eýýamyň iri möçberli özgertmelerini durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.