Şu gün irden Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky uly ädim bolup, gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, şol sanda Hazar sebitiniň baý uglewodorod serişdelerini giň gerimli özleşdirmegiň hasabyna artdyrmak onuň möhüm ugrudyr. Bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmaga, dünýä bazarlarynda zerur bolan önümleriň çykarylmagyny artdyrmaga ýardam eder. Umuman, bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we rowaçlygyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän kabulhanasyndan Hazaryň kenarynda, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesine ugraýar. Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Balkan welaýatynyň köpsanly ýaşaýjylary dürli reňkli baýdaklar we güller bilen gutlaýarlar.
Dabaranyň geçiriljek ýerinde baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Bu ýere adamlaryň müňlerçesi ajaýyp wakanyň şaýatlary bolmak üçin ýygnandylar. Bu waka täze döwrüň taryhy ýylýazgysyna aýdyň sahypalaryň biri bolup girer. Ähli ýerde baýdaklar parlap, bu ýerde dürli plakatlar, bannerler täze desga hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şol pursat geçmişden nyşan hökmünde peýda bolan görnüş bu dabaranyň öwüşginini has-da artdyrdy: dabaranyň geçirilýän ýerinden uzakda bolmadyk ýerden düýeleriň birnäçesi kerwen gurap geçdi. Olaryň biriniň üstünde bezelen kejebe bardy. Bu uly bolmadyk kerwen gadymy halk däp-dessurlarynyň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Şol däpler bolsa halk mirasynyň bir bölegine öwrülip, biziň ylmy-tehniki ösüş asyrymyzda hem özüniň ruhy ähmiýetini ýitirmän saklady.
Ozal bellenilişi ýaly, gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Polimer önümlerine dünýäde artýan islegi nazara alanyňda, baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan üçin bu ugurda hem ägirt uly mümkinçilikler açylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemek bilen alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen öndürýän desgalaryň gurulmagy ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň kemala gelmeginde ilkinji ädim boldy. Häzir külkelenen propilen TNGIZT-de öndürilýän önümleriň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ony sarp edýän ýurtlaryň arasynda Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan, beýleki ýakyn we alys ýurtlar bar. Eksportlyk harydyň agramly bölegi deňiz arkaly ugradylýar. Şu maksat bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda polipropilen saklamak we ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen ammar guruldy.
Tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde hil taýdan täze mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagta çenli bilermenler Hazaryň türkmen böleginiň gorlaryna 12,1 milliard tonna nebit we kondensat, 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde baha berýärler. Bu ýerde Magtymguly, Diýarbekir we Garagol Deňiz ýaly ýataklar tejribe-senagat taýdan ulanmaga taýýar edildi. Ýeri gelende ýatlasak, 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawod we ýerüsti gaz terminaly ulanmaga berildi. Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag we beýleki düzümleriň bolmagy Gyýanly şäherçesiniň iri gazhimiýa toplumynyň merkezi hökmünde saýlanmagyny şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy gurluşyk meýdançasynyň ýanyna gelip saklanýar. Deňizýakasynyň ilaty döwlet Baştutanymyzy uly joşgun bilen garşylaýar. Milli Liderimize duz-çörek hödür edilýär we ajaýyp gül desseleri gowşurylýar.
Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Balkan welaýatynyň häkimi, ýaşulular we din wekilleri mähirli garşylaýarlar.
Eziz Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaç bolmagy dileg edilýär.
Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşligiň barşynda ýaşulularyň jan saglygy we hal-ýagdaýy bilen gyzyklanyp, balkanlylaryň iş-aladalary barada sorady.
Ýaşulular milli Liderimize eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy hakynda edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän syýasatynda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Şol syýasat Türkmenistanyň gülläp ösmegine, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Balkan welaýatynyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp aýdym-sazly çykyş baýramçylygyň öwüşginini artdyrdy.
Türkmenistany senagatlaşdyrmak işiniň uglewodorod we mineral serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Balkandan başlanandygyny aýtsak, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmaz. Hazar sebitiniň ummasyz baýlyklary adamzada gadymdan bäri mälim bolupdyr. Gerodot we Aristotel, Strabon we Petrokl, Pliniý we Ptalomeý dürli çeşmelere salgylanyp, olar barada ýatlap geçipdir. Grek, arap, rus alymlary we syýahatçylar hem Hazaryň kenarýakasy barada gyzykly maglumatlary getirýärler. Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda türkmen nebiti deriden ýasalan meşiklere guýlup, çydamly düýelerde, Hindistana, Arabystana, Persiýa we Orta Gündogaryň hem-de Günorta Ýewropanyň beýleki ýurtlarynya eltilipdir.
Bu ýerde “gara altyny” senagat taýdan çykarmak işi XIX asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri alnyp barylýar. 1900-njy ýylda Çeleken ýarym adasynda daşary ýurtlaryň, şol sanda meşhur doganlar Nobelleriň şereketleriniň we kompaniýalarynyň, 20-den gowragy işläpdir. XX asyryň ortalarynda bolsa Balkanabat şäheri nebit çykarylýan esasy merkezleriň birine öwrüldi. Onuň töwereginde Nebitdag, Gumdag, Barsagelmez, Goturdepe ýaly iri ýataklar we beýlekiler yzly-yzyna açyldy.
Balkan welaýaty Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatly ösüşe eýe boldy we häzirki wagtda ýurdumyzyň iň iri senagat, ulag we şypahana merkezleriniň birine öwrüldi.
Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda Esenguly etrabynda ýerleşýän Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Keýmir we beýleki günorta-günbatar ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek maksatnamasy durmuşa geçirildi. Munuň özi diňe bir nebit pudagynyň däl, eýsem gaz pudagynyň hem çig mal binýadyny ep-esli pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi. Hazaryň deňiz we beýleki ýataklaryny yzygiderli özleşdirmek ugry seçilip alyndy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkunyň düýpli täzelenmegi hem-de döwrebaplaşdyrmagy netijesinde ol Merkezi Aziýada ýokary hilli awtomobil benzinini, uçar kerosinini, arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, tehniki ýaglary, suwuklandyrylan gazy öndürýän iri kärhanalaryň birine öwrüldi.
Mundan başga-da, sebitiň ykdysadyýetinde nebithimiýa we ýod-brom senagatyna, elektrik energetikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşlerini öndürýän köpugurly gurluşyk senagaty kuwwatyny artdyrýar. Balkan welaýatynyň oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Munuň özi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmäge uly maýa serişdeleri goýberilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, lukmançylyk we medeni merkezler, sport toplumlary we beýleki desgalar köpçülikleýin gurulýar.
Türkmenistany gadymdan bäri “dünýäniň ýedi ýolunyň çatrygy” diýip atlandyrypdyrlar. Birnäçe müň ýyl mundan ozal, bu toprakdan Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary geçirpdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly bolup hyzmat edipdir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda döredilýän döwrebap üstaşyr-ulag kommunikasiýalary Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, olaryň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklaryny iş ýüzünde ulanmaga ýardam edýär. Gazagystan-Türkmenistan –Eýran demir ýoly olaryň iň wajyplarynyň biri bolar. Bu ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty, Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap awtomobil ýoly hem uly ähmiýete eýedir.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy deňizýaka ülkesiniň tuwagy hasaplanýar. 2007-nji ýylda möçberi, gerimi we batyrgaýlygy babatda deňi-taýy bolmadyk bu taslama badalga berleninden bäri ägirt uly işler amala aşyryldy. Ol geljegi uly döwrebap deňiz şypahanasynyň derejesine eýe boldy. Häzirki wagtda Hazaryň kenaryny ajaýyp myhmanhanalar we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri bezeýär. Olarda göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Şypahana düzümini ösdürmegiň çäklerinde, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara howa menzili, awtomobil ýollary, kuwwatly gazturbina elektrik bekedi, deňiz suwuny süýjediji zawod guruldy. Awazynaň çäginden uzynlygy 7 kilometre barabar bolan gämi ýüzýän derýa geçýär, onuň kenarlarynda häzirki wagtda seýilgähleri, amfiteatrlary, interaktiw suw çüwdürimleri, garbanyşhanalary we restoranlary, deňiz ýahtalary we gezelenç katerleri üçin niýetlenen duralgalary öz içine alýan dynç alyş zolagy döredilýär.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň ajaýyp netijesidir, Türkmenistanyň açyk daşary syýasatynyň özboluşly nyşanydyr. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr.
...Sahnalaşdyrylan çykyşlar tamamlandan soň, döwlet Baştutanymyz bina tarap ugraýar, bu ýerde şu günki dabara gatnaşyjylar we onuň myhmanlary ýygnandylar. Olaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Olaryň ählisi ör turup, milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen mähirli garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýandygyny nygtady. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň hem barha çalt depginler bilen ösýändigini aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu strategik pudak ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Şonuň üçin hem, ýurdumyzda giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde ýangyç-energetika pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde pudagyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi barha giň gerime eýe bolýar. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň kuwwaty barha artýar. Bu pudak öz önümleri bilen diňe bir içerki bazary doly üpjün etmek bilen çäklenmeýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan harytlarynyň eksportunyň möçberleri ýylsaýyn artýar.
Döwletimiziň alyp barýan «açyk gapylar» syýasatynyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde hem örän uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň netijeleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Tokioda geçirilen «Ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen geljegi» atly türkmen-ýapon maslahatynda umumy bahasy 20 milliard amerikan dollaryna barabar bolan taslamalary durmuşa geçirmek barada ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Şol saparyň dowamynda ýurdumyzda suwuk ýangyç we benzin öndürýän zawodlary gurmak baradaky çarçuwaly ylalaşyklara gol çekildi. Şeýle hem, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak hakynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň «LG International Corp», «Hyundai Engineering» we Ýaponiýanyň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýalarynyň arasynda üçtaraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy.
Netijede, türkmen tebigy gazyny gaýtadan işlemegiň hasabyna önümçiligiň täze görnüşlerini döretmek boýunça ilkinji ädimler ädildi.
Şol ylalaşyga laýyklykda, ýurdumyzda gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça umumy bahasy 3 milliard 432 million amerikan dollaryndan gowrak bolan taslama durmuşa geçiriler. Bu taslamanyň çäklerinde ýylda 5 milliard kub metr möçberdäki tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürmek üçin zerur bolan çig mal alnar. Tebigy gazyň bu möhüm ähmiýetli çig maly öndürmekden galan möçberini, ýagny 4,5 milliard kub metrini ýangyç hökmünde ulanmak üçin gaz geçiriji ulgamlara akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Täze guruljak gazhimiýa toplumynyň kuwwaty ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmak üçin dünýäde uly islegden peýdalanýan harytlary öndürmäge mümkinçilik berýän gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat üpjünçilik ulgamlarynyň döredilýändigini belledi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, ýylda 2 million 494 müň tonna dizel ýangyjyny, kerosin hem-de benzin öndürýän zawodlary gurmak hakynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» we «Chiyoda Corporation» kompaniýalar toparynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekildi.
Şonuň ýaly-da, türkmen tebigy gazyny gaýtadan işläp, ýylda 600 müň tonna benzin we 300 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürýän zawody gurmak hakynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Ltd.» we Türkiýäniň «Rönesans Türkmen» kompaniýalar konsorsiumy bilen Çarçuwaly Ylalaşyk baglaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlary bar. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan häzirki wagtda energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda ýokary önümçilik pudagyny hem döredýär.
Tebigy gazy ýa-da çig nebiti gaýtadan işlemek esasynda diňe bir başlangyç energiýa serişdelerini däl-de, eýsem gymmatly himiki önümleri alyp bolýar. Bu önümlere bolsa, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.
Tebigy gazy gaýtadan işlemek üçin innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak gazhimiýa pudagyny güýçli depginler bilen ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, nebitgaz pudagynyň öňünde tebigy gazdan diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmegi ýola goýmak wezipesi durýar. Şol bir wagtda bu önümleri eksport etmek üçin hem giň mümkinçilik döretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, häzirki döwürde Hazar deňziniň türkmen böleginiň baý uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmegiň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady. Hut şu ýerde – deňizde hem-de deňziň kenarýaka zolagynda ýakyn onýyllyklaryň dowamynda «gara altynyň» hem-de «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmen döwletiniň alyp barýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek syýasaty hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri nebitgaz pudagynda öňde goýlan bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.
Häzirki wagtda umumy gorlary 18 milliard 200 million tonna şertli ýangyç möçberinde kesgitlenen Hazaryň türkmen böleginde dünýäniň belli kompaniýalarynyň birnäçesi önümi paýlaşmak şertlerinde işleýär.
Hazar deňziniň türkmen böleginde tebigy gazyň senagat taýdan çykarylyp başlanmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň çalt depginler bilen ösýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Şu gün düýbi tutulýan gazhimiýa toplumynda dünýäniň iň täze tehnologiýalaryna esaslanýan enjamlar oturdylar. Şeýle hem, türkmen hünärmenleriniň bu kärhanada netijeli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler dörediler.
Ýurdumyzda tebigy gazdan alynýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän täze önümçilik ulgamynyň işe girizilmegi – ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen durnukly ösdürmek bilen gönüden-göni baglydyr. Häzir düýbi tutulýan gazhimiýa toplumy hem munuň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlap, ýygnananlary häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän gazhimiýa toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi we olar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra “LG” toparynyň başlygynyň orunbasary, “LG International Corporation” kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory jenap Hi-Bom Liýe söz berildi. Myhman şu günki wakanyň ähmiýetini belläp, Balkan welaýatynyň Hazar deňziniň kenarynda gözel tebigaty hem-de gazylyp alynýan baýlyklaryň ägirt uly gorlary bolan Türkmenistanyň möhüm sebitleriniň biridigini nygtady. Birnäçe ýyldan Türkmenistanyň günbatar böleginiň kenar ýakasynyň üsti ýene-de bir iň döwrebap toplum bilen ýetiriler. Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän bu toplum Koreýa Respublikasynyň hem-de Ýaponiýanyň Türkmenistanyň nebitgazhimiýa pudagynyň kuwwatyny artdyrmak işine saldamly goşandynyň aýdyň beýanyna öwrüler.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesinde ýurduň her ýylky ykdysady ösüşi 12 göterimden hem geçdi diýip, jenap Hi-Bom Li aýtdy. Ylym ulgamynda, adam serişdelerini ösdürmekde, kiçi işewürligi pugtalandyrmakda ägirt uly maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, döwlet kärhanalary hususylaşdyrylýar, senagat taýdan döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň öz ösüşinde eýerýän ýörelgesine meňzeşdir. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň belleýşi ýaly, “Geljekde üstünlik gazanmak üçin öňünden 100 ýyllyk meýilnamany döret”. Işewür özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “LG International” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny aýdyp, “LG Eleсtroniсs” halkara elektron kompaniýasy bilen bilelikde Halkara nebit we gaz uniwersitetinde maglumatlar tehnologiýalary merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamany üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezdi. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň 5 müň ýyldan geçýän taryhy bardyr diýip, jenap Hi-Bom Li sözüni dowam etdi. Ykdysady babatda iki döwletiň özara gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri uludyr. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mümkinçilik berer. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň häzirki diplomatiki gatnaşyklaryna 23 ýyl dolandygyna garamazdan, iki ýurduň arasynda baryp ХV asyrda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk ýola goýlupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar hökmünde olar söwda hyzmatdaşlar bolupdyr.
Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürmek boýunça toplumy gurmak baradaky şu iri möçberli taslama diňe bir Merkezi Aziýada-da däl, eýsem bütin dünýäde ägirt uly taslama bolar diýip, jenap Hi-Bom Li aýtdy.
Işewür “LG International”, “Hyundai Engineering” we “Toyo Engineering” kompaniýalar konsorsiumynyň bu taslamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we dabara gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli bolmagyny, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegini arzuw etdi.
Soňra “Hyundai Engineering” Сo.Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş dolandyryjy direktory jenap Wi-Çol Kim çykyş edip, Türkmenistanyň okgunly ösýändigine haýran galýandygyny aýtdy. Koreýa Respublikasynyň işewürler toparynyň wekiliniň nygtaýşy ýaly, munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňden görüjilikli syýasatynyň netijesidir. Şu babatda polietilen we prolipropilen öndünýän zawodyň gurluşygynyň taslamasy, gürrüňsiz, ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam eder.
“Hyundai Engineering” kompaniýasy Türkmenistanyň köpden bäri gelýän hyzmatdaşydyr. Bu kompaniýa nebitgaz ýataklarynyň özleşdirmekde we nebithimiýa ulgamynda möhüm düzümleýin taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi. Olaryň hatarynda gazy arassalaýan zawodyň gurluşygy bar. Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan iri taslama tamamlanyp barýar.
Jenap Wi- Çol Kim iki ýurduň –Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeň goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýüreklen hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň baştutanyny ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Öz nobatynda, “TOYO Engineering” kompaniýasynyň prezidenti we dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory Kasumoto Işibaşi dabara gatnaşyjylary şü günki ajaýyp waka bilen gutlady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň nebitgazhimiýa senagatynyň ösdürilmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Munuň özi gysga döwrüň içinde giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilmegini üpjün etdi.
Bu ugurda geçirilýän işler Türkmenistany gülläp ösýän ýurda öwürmek, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ägirt uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyp, şeýle hem nebitgazhimiýa pudagyny ösdürmäge döwlet derejesinde goldaw berilýändiginiň tassyknamasydyr diýip, myhman aýtdy.
Soňra Kasumoto Işibaşiniň belleýşi ýaly, şu günki gün “Hyundai Engineering Сorporation”, “LG International” we “TOYO Engineering Сorporation” kompaniýalar konsorsiumy üçin hem örän ähmiýetli gün boldy. Olar biziň ýurdumyzda ilkinji gezek polietilen we polipropilen öndürýän toplumy gurar. Şoňa görä-de, bu taslama işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda örän ähmiýetli bolar.
“TOYO Engineering Сorporation” barada aýdylanda bolsa, bu kompaniýa eýýäm 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň çäklerinde himiýa we nebitgazhimiýa pudaklarynda dürli taslamalary amala aşyryp, 60-dan gowrak zawodyň taslamasyny düzmäge we olaryň gurluşygyna gatnaşdy.
Türkmen nebitgazhimiýa pudagyny ösdürmäge gatnaşmak biziň üçin uly hormat-sarpadyr diýip, jenap Kasumoto Işibasi aýtdy we “TOYO Engineering Сorporation” kompaniýasynyň biziň ýurdumyza özüniň toplan ägirt uly tejribesini we “nou—haularyny”, daşky gurşawy goramak ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Milli Liderimiz kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa toplumynyň düýbüniň tutulýan ýerine barýar. Wakanyň esasy pursady gelip ýetýär—bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda döwlet Baştutanymyz geljekki desgalaryň binýadynyň düýbüne şu günki dabaranyň barşynda gol çeken, türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine gönükdirilen ýörite gutuny oklaýar.
Iri önümçilik desgasynyň geljekde nähili boljakdygyny görkezýän, toplumyň düýbüniň tutulýan ýerinde gurnalan bannerler eýýäm häzirden ertirki güne nazar aýlamaga, yhlasly zähmetiň netijelerine, gazanyljak täze üstünliklere we ýetiljek belent sepgitlere syn etmäge mümkinçilik berýär. Her bir uly we möhüm işiň başlangyjy özünde tejribäni hem-de tagallalary, häzirki döwrüň tejribesini we geljekde edilmeli işleriň pikirini birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, her günde, her sagatda, ädimme-ädim ýurdumyzyň iň täze taryhy, şöhratly terjimehaly ýazylýar, onuň bagtyýar ykbaly döredilýär.
Asylly däbe görä, milli Liderimiz binýadyň täze senagat kärhanasynyň düýbüne betonyň ilkinji pilini guýup, gurluşyga badalga berýär. Munuň özi bu ýere ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylanýar. Potratçy kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, milli Liderimiziň göreldesine eýermek bilen, şu günki wakanyň halkara ähmiýetini bellediler.
Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän “açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri, senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy, köp ugurlarda, ozaly bilen, ylmy we ýokary tehnologik pudaklarda daşary ýurt işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we dünýä tejribesini giňden çekmek üçin amatly şertleri döredýär.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polietilen we polipropilen önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylar. Ilkinji çig maly täsin usullar boýunça mümkin bolan ähli garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Polimerleşdirmegiň çylşyrymly işleri barada jikme-jik durup geçmezlik üçin şol işleriň netijesinde ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleriň alynýandygyny aýtmak gerek.
Külkelenen polipropilen dünýä bazarlarynda uly islege eýedir. Ol polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar we degişlilikde, polimer önümleri – turbalar, şpagat, mäkäm urganlar, awtoulaglar üçin süzgüçler, şeýle hem dürli eginbaşlar we mebeller, azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdeleri we gutular – bulgurjyklar, lotoklar we beýlekiler öndürilende ulanylýar.
Toplumyň beýleki täze önümi bolan polietileniň hem örän gowy eksport mümkinçilikleri bar. Onuň esasynda uly isleg bildirilýän dürli turbalaryň we harytlaryň önümçiligini ýola goýmak bolýar. Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýylda TNGIZT-de polipropilen örtügini öndürýän zawodyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onuň ulanylýan ugurlary hem örän giňdir. Gaplayýş serişdesi hökmünde örtük oba hojalyk önümçiliginde we azyk senagatynda süýji, köke we beýleki önümler gaplananda ulanylýar.
Şeýlelikde, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ondan alynýan önümleriň eksportuny artdyrmaga uly üns bermek bilen Türkmenistan tebigy gaz we çig nebit ýaly diňe ilkinji energiýa serişdeler bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, gymmat bahaly polimer önümleriniň has girdejili bazarynda öz mynasyp ornuny eýelär.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz şol gün paýtagtymyza gaýdyp geldi.