Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

view-icon 686
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabady gurmagyň nobatdaky tapgyrlarynyň çäklerinde giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz ir bilen dikuçar meýdançasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, bu ýerde gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalarda, şol sanda harby gullukçylar, esgerler üçin ýatakhanalarda işleriň barşy bilen tanyşdy.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan binalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýermek bilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany amala aşyryp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, olaryň oňaýly gulluk etmegi, amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň başyny başlan harby özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Belent Serkerdebaşymyz gurluşykda işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, birnäçe anyk belliklerini aýtdy. Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň ukyplylygyny has-da berkitmäge uly üns berer, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin zerur gulluk, durmuş we dynç alyş şertlerini döretmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmäge ukyply bolan ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak barada alada eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwrebap harby şäherçeleriniň we serhet galalarynyň gurluşygyna berilýän ähmiýet barada aýtmak bilen, Belent Serkerdebaşymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyna we olary ýerine ýetirmegiň möhletiniň berjaý edilmegine degişli derejede gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy. Şol desgalaryň taslamalarynda geljekki serkerdeleriň – eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýjylaryň netijeli bilim almagy, beden taýdan kämilleşmegi, şeýle hem medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydygyny belledi.


Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, binada oturdylan penjireleriň bildirilýän talaplara gabat gelmeýändigini aýtdy. Ähli binalar gurlanda olaryň içerki we daşarky görnüşine aýratyn üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we paýtagtymyzda alnyp barylýan ähli gurluşyklarda ýokary talaplara laýyk gelýän, şol sanda ekologiýa we estetika nukdaýnazaryndan ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr diýip, aýratyn belledi. Şular bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek meselelerine üns bermegiň möhümdigini aýdyp, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna we olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalarda bolşy ýaly, ýokary talaplara laýyk gelýän serişdeler ulanylmalydyr diýip, milli Liderimiz bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe taslamalary hödürledi. Bu ýerde görkezilen taslamalarda paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasy, Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň ýerleşiş çyzgylary, seýilgähiň, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň dolandyryş binasynyň we söwda merkeziniň taslamasy, A.Nyýazow şaýolunyň we Görogly köçesiniň, Gurbansoltan eje we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda guruljak döwrebap köprüleriň, yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri, şäheriň merkezinden howa menziline alyp barýan awtomobil ýolunyň, “Älem” medeni dynç alyş merkezi bilen Konstitusiýa binasynyň arasynda ýerleşjek seýilgähiň taslamalary görkezilýär.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasy barada hasabat bermek bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň taslamasyny amala aşrymagyň meýilnamalary hakynda habar berdi. Häzirki wagtda zerur bolan taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini we tekliplerini beýan etdi. Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany, umuman, makullady we şu mesele bilen bagly bolan ähli işlere toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz, hususan-da, paýtagtymyzy has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça onuň esasyny düzýän ähli zatlary nazara almak bilen çäreleri görmegiň möhümdigini nygtap, gurulýan desgalaryň toplumy Aşgabat şäheriniň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulmalydyr we özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, şol sanda olaryň çeper taýdan bezelişi bilen bagly meseleler barada hem durup geçdi. Bu ugurda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek bilen bagly meseleleriň üstünde eýýäm häzirden oýlanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz agaç nahallaryny oturtmak we dürli gülleri ekmek bilen bagly işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze seýilgähleriň taslamalary barada durup geçmek bilen, agaç nahallary oturdylanda her bir ýer böleginiň aýratynlygyny nazara almagyň we ylmy esasda bag oturtmak işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp çüwdürimler olaryň keşbine özboluşly görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem bu ýerde amatlylyk we oňaýlylyk ýagdaýlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuşynda möhüm orun eýeleýän ýollary döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurdaky işler paýtagtymyzy ösdürmegiň geljegini nazara almak bilen, ýokary talaplara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri babatda nägilelik bildirdi we ähli desgalarda alnyp barylýan işleriň hilini hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegi bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyzy ösdürmek boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy.

Dikuçaryň üstünden hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan durmuş, dolandyryş we beýleki maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, şol sanda Aşgabadyň ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny durmuşa geçirmek işleri güýçli depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz onuň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta – gündogar künjeginde Parahat – 7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar, olaryň ýerleşjek ýerleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz bu toplumda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olary gurmagyň usullary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we desgalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjy Ş.Durdylyýewe Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda bir bitewi guýma usulynda gurulmagy meýilleşdirilýän 4 müň 700 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy, olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň durky täzelenýän köçelerini synlady we Aşgabadyň köçelerini döwrebaplaşdyrmak, täze ýollary gurmak bilen baglanyşykly işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyny dowam edip, dürli maksatly binalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda, olarda adamlaryň wagtyny peýdaly we amatly geçirmekleri, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Ak mermerli Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ýaşaýjylar we Aşgabada gelýän myhmanlar üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz gurulýan binalaryň, desgalaryň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň sazlaşykly utgaşmagynyň möhüm talapdygyny nygtady.

Milli Liderimiz dikuçarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň aralygynda döredilýän seýilgäh zolagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Seýilgähiň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygy, olarda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, desgalaryň şäheriň merkezi künjegindäki binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýändigini belledi. Paýtagtymyzyň merkezi ýollarynyň biri bolan A.Nyýazow şaýolunyň iki tarapynda dürli maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde bina edilýän desgalaryň köpüsiniň gurluşygy häzirki döwürde tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Durmuş häsiýetli we beýleki maksatly täze gurluşyklar ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary esasynda gurulýar. Gurluşygy amala aşyrylýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylan çäklerinde çagalar we sport meýdançalary, dynç alyş hem-de jemgyýetçilik çärelerini guramak üçin ýörite künjekler ýerleşer. Şeýle hem bu sebitiň ýol-ulag düzümi doly derejede abadanlaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň üstünden gurluşyklary synlap, dürli maksatly binalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda, adamlaryň wagtyny peýdaly geçirmegi we oňaýly dynç almagy, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp bilmegi üçin şertleri göz öňünde tutmagyň gerekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň owadan şäherleriniň biri hökmünde ak mermerli paýtagtymyzyň derejesini berkitmegiň möhümdigini belläp, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleriniň we häzirki zaman binagärligiň gazananlarynyň gurulýan binalaryň keşbinde sazlaşykly utgaşmagy möhüm şertleriň biri bolup durýar diýip aýtdy.

Ähli ugurlar boýunça nusga bolup durýan paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümleriniň ösdürilmegi döwrüň möhüm talabydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Paýtagtymyzda gurulýan ýollaryň gyralarynda degişli düzümleriň üpjün edilmeginiň, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň we sil suwlar üçin niýetlenen akabalaryň gurluşygynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz uçuşy tamamlap, Aşgabatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny we bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.