Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisi açmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda möhüm çäreleriň geçiriljekdigini, şeýle hem döwlet baýramçylyklarynyň giňden we dabaraly bellenjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sapar bilen gelmeklerine garaşylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň hökümet toparlaryň daşary ýurtlara saparlarynyň, şeýle hem möhüm meselelere bagyşlanan halkara maslahatlarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi bellenildi.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz hökümet Baştutanynyň orunbasarlarynyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyp, wise-premýer ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Bellenilşi ýaly, “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bank kartlaryny ulanmagyň görnüşlerini we hilini ýokarlandyrmak we olaryň goraglylygyny üpjün etmek, bank hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 1-nji apreline çenli bank kartlaryny peýdalanýan müşderileriň sany 2013-nji ýylyň degişli döwri bileni deňeşdirilende 66 göterim ýokarlandy, mundan başga-da söwda pudaklarynda harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyga niýetlenen terminallaryň sany 23 göterim, bankomatlar bolsa 77 göterim artdy.
Hasabatyň çäklerinde “Altyn asyr” kartlaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşygyň möçberlerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň MasterCard kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ygtyýarnama Ylalaşygyna laýyklykda, MasterCard halkara töleg ulgamyny işjeň ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşygy ýola goýmak, harytlar, hyzmatlar, Internet ulgamy arkaly petekleri satyn almak boýunça hasaplaşyklary geçirmek babatda uly işler alnyp barylýar.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki döwürde MasterCard halkara töleg ulgamynyň kartlarynyň nusgalary işlenip taýýarlanylýar. Olar biziň ýurdumyzyň çäklerinde ulanylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna plastik kartlaryň dürli nusgalary görkezildi. Kartlary ulanyjylaryň girdejilerine we maksatlaryna laýyklykda olaryň her biri üçin MasterCardyň “MasterCard Maestro”, “MasterCard Standart”, “MasterCard Gold”, “MasterCard Business” ýaly görnüşleri işlenip taýýarlanylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işinde häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy maliýe-karz syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, şeýle hem milli we halkara tölegleriň, tutuşlygyna alnanda bolsa maliýe akymlarynyň dolanyşygyna oňyn täsirini ýetirer diýip belledi. Bu ulgamdaky ähli ileri tutulýan wezipeleriň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bank ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler karz edaralarynyň arasyndaky bäsdeşlik hereketiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer we ol bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de täze elektron hyzmatlaryň işjeňleşmeginiň höweslendirilmegini şertlendirjekdigini aýtdy.
Banklar täze müşderileri işjeň çekmek maksady bilen, maliýe hyzmatlarynyň görnüşlerini yzygiderli giňeltmeli hem-de döwrebaplaşdyrmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere birnäçe anyk taşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ähli guramalaryň we maliýe-ykdysady toplumyň düzümleriniň işine berk gözegçiligi alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ulanyljak MasterCard halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň görkezilen görnüşlerini, umuman, oňlap, milli Liderimiz wise-premýere bezeg aýratynlyklary barada birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça milli parlament tarapyndan amala aşyrylýan işler barada aýtdy. Şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görmegiň barşy barada aýdyldy. Şol maslahatda döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bilen baglylykda işlenip taýýarlanan täze kanunçylyk taslamalaryna garalar.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy 20-nji aprelde Mary welaýatynyň 99-njy “Kemine” we 103-nji “Zarpçy” saýlaw okruglary boýunça çykyp giden deputatlaryň ornuna Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlawlaryň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlarda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw toparynda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda saýlawçylaryň 88,68 göterimi gatnaşdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň esasy kanun çykaryjy edarasynyň işiniň türkmen döwletiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine, döwletiň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýadyň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan geçirilen işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan halkara çärelerini guramaga degişli meseleler barada aýtdy.
Şonda Türkmenistanda geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekilçilikli toparlaryň geljekdigi hem-de munuň ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgelýändigini, daşary ýurtlarda türkmen halkynyň baý tebigy mirasy hem-de şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýan behişdi bedewler babatda bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygyny aýdyň görkezýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän umumymilli baýramçylyklarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan “açyk gapylar” syýasatynyň öz beýanyny tapýandygyny belledi. Ýurdumyza gelýän hem-de baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli ählihalk dabaralaryna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanda geçirilýän halkara derejeli çärelere we forumlara dünýä bileleşigi tarapyndan içgin gyzyklanma bildirilýändigini belläp, bularyň ýokary derejede göwnejaý guralmagyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň asyrlarboýy myhmansöýerlige, dostluga we hoşniýetlilige esaslanýan ýörelgeleri bilen giňden tanalandygyny hem-de häzirki taryhy eýýamda şol ýörelgeleriň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berip, Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň we wekiliýetleriň göwnejaý derejede kabul edilmegine degişli ähli meselelere gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, maý aýynda Türkmenistanda, däp bolşy ýaly, umumymilli baýramçylyklaryň birnäçesi, şol sanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Türkmen halysynyň baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. 25-nji maýda şeýle hem geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen Aşgabat şäheriniň güni belleniler. Bu şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlar, sergiler, konsertler, teatrlaşdyrylan sahna oýunlarynyň görkezilişleri, döredijilik duşuşyklary we beýleki baýramçylyk çäreleri guralar. Mundan başga-da, maý aýynda täze desgalary açmak we düýbüni tutmak göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 13-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň we ýadygärlikler toplumynyň düýbüniň tutulyşy, soňra Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda Magtymguly Pyragynyň täze oturdylan heýkeliniň açylyşy, şeýle hem bu obada ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary meýilleşdirilýär. Aşgabatda “Magtymguly Pyragy we umumyadamzat gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. 25-26-njy maýda Sergi köşgünde “Ak şäherim-- Aşgabat” atly XIII köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçiriler.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk çäreleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milletiň gadymy ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýelemekde, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň möhüm ornuny nygtap, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny bütin dünýäde has-da giňden wagyz etmäge, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňümizdäki aýda geçiriljek halkara forumlarynyň ähmiýetini belledi. Şol çäreler milletara medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, olaryň işi täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň many-mazmunyny we maksatlaryny açyp görkezmäge gönükdirilmelidir diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy, şeýle hem maý aýynda belleniljek baýramçylyklar we şanly seneler barada aýdyp, wise-premýere şol senelere gabatlanyp guraljak çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmegini we geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi, döwürleýin neşirlerde çap edilýän makalalaryň derejesiniň pesdigi, dürli derwaýys we gyzykly mowzuklaryň ýetmezçilik edýändigini, olarda döredijilikli we seljerme häsiýetindäki çemeleşmeleriň ýokdugyny aýdyp, ulgamyň işine nägilelik bildirdi. Bularyň hemmesi anyk maksatnamanyň işlenip taýýarlanmaýandygynyň netijesidir. Makalalaryň köpüsiniň manysyzlygyny, maglumatlaryň çeperçiliksiz düzülýändigini, şeýle hem umumy maglumatlary gaýtalaýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz olaryň anyk we kesgitli mazmuna eýe däldigini we başga-da birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy.
Gazetleriň, žurnallaryň, radionyň we telewideniýäniň işgärlerine talabyň ýokarlanýandygyny, döwlet syýasatynyň möhüm wezipelerini, jemgyýetiň durmuş-ykdysady we ruhy ösüşini nazara almak bilen, döwrüň özi žurnalistleriň ussatlygyny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň ýokary hilini üpjün etmek babatda möhüm meseleleri öňe sürýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz ýüze çykan ýagdaýy düzetmek we türkmen žurnalistikasynyň döredijilik mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Baýramçylyk çärelerine, hususan-da, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly binagärlik nyşany bolan paýtagtymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere täze, döwrebap çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz wise-premýerden olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine we medeni çäreleriň çuňňur mazmunly bolmagyna hem-de çeperçilik taýdan bezeg aýratynlyklaryna üns bermegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer nebitli we gazly täze meýdançalary hem-de has çuň ýerleşýän gatlaklary gözlemek maksady bilen geçirilýän geologiýa-gözleg we buraw işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şu ugra degişli wezipeler 10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda kesgitlenildi.
Hasabat bermegiň barşynda Amyderýanyň sag tarapynda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” ýatagynda gazy gaýtadan işleýän zawodyň ulanmaga berilmegi bilen bagly taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Düzüme degişli täze desganyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine akdyrylýan harytlyk gazyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem maý aýynyň başynda maýa goýumly ýene-de bir taslama – “Galkynyş” gaz käninde ýylda 30 milliard kub metre barabar möçberde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça ikinji zawodyň gurluşygyna badalga bermek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň örän baý tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde, halkymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmekde olara möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Häzirki wagtda ýurdumyz energetika strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar, tebigy gazy dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we degişlilikde, köpugurly ýangyç geçirijileriň düzümini döretmek şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmeginiň, HHR-iň maliýe düzümleriniň we kompaniýalarynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ýataklaryň özleşdirilmegine we dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşmagynyň bu netijeli hyzmatdaşlygyň oňat nusgalary bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna şu ýataklarda önümçilik desgalaryny ulanmaga bermek, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de çalt depgin bilen ösdürmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz pudakda öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, düzümlere degişli, şol sanda täze ýataklary özleşdirmek, ýangyç geçirijileri we beýleki desgalary gurmak, nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek boýunça iri taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra öz gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy we ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetmiziň senagat ulagmyny ösdürmek häzirki zaman pudaklaýyn düzümleri, şol sanda innowasiýa esasynda iri önümçilikleri döretmek ýoly bilen kemala getirmegi öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk önümleri senagatyny tizleşdirilen depginlerde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky habar aýdyldy, wise-premýer, hususan-da, iri panelli jaýlary gurmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň hem-de Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Aşgabadyň durky täzelenen zawodynda köp gatly we kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin demir-beton gurnamalaryny öndürmek göz öňünde tutulýar we onuň taslama kuwwatlygyna çykmagy bilen her ýylda 1500-1600 öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň senagatynyň ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde ähli ýerlerde senagat, medeni-durmuş maksatly desgalar bina edilýär, şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk önümlerine isleg barha artýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz gurluşyk önümleriniň çykarylyşynyň möçberlerini we olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň, bu ulgamda ýokary görkezijileri gazanmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekip, pudagyň täze gurulýan, şeýle hem ozal hereket edýän desgalarynda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine, iň täze enjamlar we tehnika bilen üpjün edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow çykyş edip, gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan geçirilýän işler, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 23-26-njy maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady zolagy” atly halkara sergisine gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi. Halkara sergisiniň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna ýardam bermekden ybaratdyr. Serginiň açyklygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, soňra bilelikdäki ösüşe ýardam bermäge gönükdirilendigi yglan edildi. Sergide döwlete degişli bolmadyk ulgamyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän türkmen halylary we haly önümleri, el işleri, sowgatlyk önümler, milli lybaslar görkeziler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin söwda-ykdysady ugur we maýa goýumlary boýunça örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, halkara derejesindäki şunuň ýaly forumlara gatnaşmagyň dünýä jemgyýetçiligine milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we serişdelerini görkezmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport boýunça mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam bermeginiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere şu çäräni guramak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň, ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli we elýeter nyrhdan harytlar bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragtnaşyklar ministri B.Abaýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň bazarlarynda nyrhlary kemala getirmek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini, degişli düzümlerde zerur bolan maliýe serişdeleriniň we beýleki şertleriň bardygyna garamazdan, bu babatda döwrüň talabyna laýyk gelýän çäreleriň durmuşa geçirilmeýändigini belläp, olaryň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylardan görkezilen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi, bazarlarymyzda ýokary hilli we elýeter bahaly harytlaryň bolçulygyny döretmegi berk talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda berjaý edilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permanyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada aýtdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň hatyrasynyň ebedileşdirilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Türkmenistanda uruş weteranlaryna we tylda janaýamazakly zähmet çekenlere uly hormat goýulýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni ýurdumyzda her ýylda uly ählihalk baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Permanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi, şoňa laýyklykda, uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň faşizme garşy uruşdaky umumy Ýeňşe mynasyp goşant goşandygyny belledi. Türkmenistanlylar beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda söweşip, mertligiň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidenti söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzyň atlarynyň nesilleriň kalplarynda ebedilik galjakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň uruş weteranlary we ýowuz uruş ýyllarynda öz güýçlerini gaýgyrman, tylda zähmet çekenler, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary barada geljekde-de hemmetaraplaýyn alada edip, olaryň saglygyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna degişli meselelere içgin üns berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permana gol çekip, onuň ýerine ýetirilmegine göwnejaý gözegçiligiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýokary bilim berýän ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, Aşgabatda iňlis dilinde okadylýan Halkara uniwersitetini döretmek bilen bagly mesele barada durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň aprelinde türkmen paýtagtynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu täze ýokary okuw mekdebiniň binalarynyň toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe we bilim ministri G. Mämmedowa ýüzlenip, halkara uniwersitetinde öwredilmeli ugurlar we döwrüň talap edýän hünärleri boýunça onda döredilmeli kafedralar barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň, onuň guramaçylyk meseleleriniň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz bu işleri halkara hil ülňülerine laýyk derejede guramaga oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişiniň işjeň alnyp barylýandygyny belledi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “2014-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Resminama laýyklykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek barada habar berildi. Olaryň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik we atly sport bäsleşikleri geçiriler, Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda döwrebap okuw merkeziniň açylyş dabarasy we beýleki çäreler guralar. Şeýle hem degişli durmuş düzümi bolan atçylyk sport toplumynyň gurluşygyna badalga berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan pudagy ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, bu möhüm oba hojalyk çäresini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi obasenagat toplumynyň ykdysady netijelliligini artdyrmak, onuň eksport kuwwatyny berkitmek, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Galla oragy möwsümi ýurdumyzyň ekerançylary üçin örän jogapkärli döwürdir we şoňa görä-de, bu möwsüme ykjam taýýarlyk görülmelidir, oba hojalyk düzümleriniň ählisiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini ýokary derejede guramak zerurdyr diýip, milli Liderimz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz “2014-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” karara gol çekip, oba hojalyk önümçiligini sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň başlygy Ý.Annaýewe Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, dabaralary geçirmäge ünsi güýçlendirmegi talap edip, zerur bolan ýagdaýynda giň gerimli goşmaça çäreleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda howa ýollary ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyza Türkmenistanyň buýurmasy esasynda taýýar edilen täze nobatdaky “Boeing 777-200LR” kysymly uçaryň Aşgabada gelip gowuşmagyna garaşylýandygy baradaky habar aýdyldy.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň aragatnaşyk enjamlaryny oturtmak boýunça alyp barýan işleri barada aýtdy. Bellenilşi ýaly, Türkmenistanda goşmaça 60 sany awtomatlaşdyrylan telefon beketleri işe giriziler we 63 müňden gowrak belgili telefon beketleri oturdylar.
Howaýollary ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns beriljekdigini belledi. Şu maksat bilen döwletimiz täze döwrebap uçarlary, enjamlary yzygiderli satyn alýar, täze düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça taslamalary maliýeleşdirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Öz gezeginde pudaklaýyn edaralar howa ulgamynda ýolagçylara edilýän hyzmatyň ýokary derejä eýe bolmagyny gazanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Mundan başga-da, alnyp barylýpan gurluşyk işleri öz möhletinde we ýokary hil derejesinde tamamlanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Aragatnaşyk ulgamynda häzirki zaman ulag düzüminiň we ýokary tehnologiýaly ulgamyň bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we giň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň we oňa täze tehnikalaryň, enjamlaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-permýer hasabat bermegiň barşynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda döwrebap obalaryny we şäherçelerini gurmak üçin ýer böleklerini bermek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.
Ýol gurluşygynda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň möhüm meselelerine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidenitimiz ozal bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň, olary kada laýyk derejede saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara hem-de döwlet ähmiýetli ýollary gurmak bilen bir hatarda, welaýat we etrabara ulag ýollarynyň gurluşygynyň yzygiderli dowam etdirilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz ýol gurluşygynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur bolan ulgamlary çekmek bilen baglanyşykly meselelere örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady.
Ulag ýollarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu işlere toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli obalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna giň gerim berilmeginde sebitleri özgörtmek boýunça Milli maksatnamanyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredilýän täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň sözüň doly manysynda nusgalyk bolmalydygyny, olarda halkymyzyň eşretli ýaşaýşy we göwnejaý dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze obalarda gurulýan her bir desganyň, çekilýän ýollaryň we durmuş ulgamyna degişli beýleki düzümleriň döredilmegine toplumlaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşmegi wise-premýerden talap etdi.
Bu babatda elektrik we gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň öz wagtynda ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara işleriň depginini ýokarlandyrmak, döwrüň talabyna laýyk hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň hasabatlaryny diňläp, öňde boljak möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen bagly meselelere gaýdyp geldi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary işler minsitri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyza gelýän ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda guralýan ähli çäreleri talaba laýyk we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň baştutanyna ýokary derejeli myhmanlaryň saparlary bilen baglanyşykly ähli çäreleriň tassyklananan maksatnamalara laýyklykda geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe we Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýolbaşçylyk edýän ministrlikleriniň ähli gulluklarynyň, şol sanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bu möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän döwründe gije-gündiziň dowamynda talaba laýyk işlemegi, baýramçylyk günleri ähli ýerde tertip-düzgüniň doly berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz wise-premýer P.Taganowa we ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde dükanlarda we söwda merkezlerinde baýramçylyk söwdasyny ýokary derejede guramak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda giňden, täsirli beýan edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, olardan welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Mahriban halkymyzyň baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmagy we oňat dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döredilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we beýleki mejlisiň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň mähriban halkymyzyň durmuşynda aýratyn ornunyň bardygyny, merdana halkymyzyň behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmekde bitiren taryhy hyzmatlaryny nazara alyp, biz Türkmen bedewiniň baýramyny döwlet derejesinde giňden belläp geçýäris diýip aýtdy. Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we göz-guwanjydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmen halkymyz merdana ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyzy – behişdi bedewlerimizi bu gün başynyň täji hasaplaýandygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bütin dünýä ýaň salan bedewlerimiziň eziz Watanymyzyň täze taryhyna ebedi girendigini aýtdy. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň ata-babalarymyzdan miras galan ruhy-medeni gymmatlyklaryna, milli baýlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.