Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oun O,Liriden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany Türkmenistanda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Irlandiýanyň doly ygtyýarly wekili öz gezeginde öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkyna iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda – abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň çäklerinde giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.
Milli parlamentiň alyp barýan işleri we kanunçykaryjylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanunlaryň kämilleşdirilmegi döwleti ösdürmek boýunça öňde goýlan ähli maksatlara tiz ýetilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Jenap Oun O,Liriniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunyň işewür toparlary özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we medeni-gumanitar ulagmynda hem gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasaty munuň üçin oňat şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek hem-de özara bähbitlere gabat gelýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Şu gün Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oun O,Liri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Ilçi Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp görer hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara maslahatynyň we halkara sergi-ýarmarkasynyň myhmany bolar.

* * *