Birleşen Milletler Guramasnydan hoş habar gelip gowuşdy – BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) golaýda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) ştab-kwartirasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistan 2014-2016-njy ýyllarda ösüş maksady bilen BMG-niň ylym we tehnika baradaky toparynyň, şeýle hem BMG-niň 2014-2017-nji ýyllar üçin durmuş ösüşi toparynyň agzalygyna saýlandy. Saýlawlar EKOSOS-yň guramaçylyk mejlisiniň barşynda geçirildi we ýurdumyzyň kandidaturasy abraýly guramanyň ähli agzalary tarapyndan goldanyldy.
Bu waka, gürrüňsiz, Türkmenistanyň halkara abraýynyň okgunly ösýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň dünýä bilelişigi tarapyndan goldanylýandygynyň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň esasy alty guramasynyň biri bolup durýan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasydyr. Bu guramanyň işi ykdysady we durmuş ulgamlarynda, şeýle hem saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynda halkara wezipelerini çözmäge ýardam edýär. BMG-niň ähli ulgamynyň adam we maliýe serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işini utgaşdyrýan EKOSOS-yň ygtyýaryndadyr (!).
EKOSOS-yň düzümine ýöriteleşdirilen we sebit toparlarynyň, komitetleriň, ýörite bilermenler toparlarynyň birnäçesi girýär. Türkmenistanyň häzir saýlanan Durmuş ösüşi topary 1946-njy ýylda döredildi. Ol BMG-niň bellenen tertipde saýlanýan agza döwletleriniň 46-synyň wekillerinden hem-de ýöriteleşdirilen edaralaryň agzalaryndan ybaratdyr. Bu topar EKSOS-a maslahat berýär, ählumumy durmuş ösüşiniň meseleleri, şol sanda ilaty durmuş taýdan goramak, maýyplar üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek, ýaşlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de maşgalanyň ornuny pugtalandyrmak we beýleki meseleler boýunça degişli maslahatlary we bilermenleriň netijenamalaryny berýär. Adamlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmaga, şol sanda jemagat ulgamyny, ýaşaýyş jaý gurluşygyny ösdürmegiň hasabyna gowulandyrmaga gönükdirilen çärelere aýratyn üns berilýär. Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda oňyn tejribe we maglumatlary alyşmak, seljeriş synlaryny taýýarlamak we beýlekiler Toparyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.
Öz nobatynda, 1992-nji ýylda döredilen ösüş maksady bilen ylym we tehnika baradaky toparyň düzümine 43 döwlet girýär. EKOSOS-yň şu mejlisiniň barşynda Türkmenistandan başga-da, toparyň agzalygyna Angola, Boliwiýa, Hindistan, Eýran, Keniýa, Kot-d’Iwuar, Hytaý, Latwiýa, Mawrikiý, Mawritaniýa, Pakistan, ABŞ, Tailand, Uganda we Şweiýa girdiler. Bu topar ählumumy we milli derejede ylmyň we tehnikanyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine, tehniki kuwwatyň artdyrylmagyna, ösüp barýan ýurtlara maýalaryň gelmegine ýardam edýär. Bu babatda ol Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş konferensiýasy (ÝUNKTAD), MAGATE, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), ÝUNESKO bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depgini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar – bularyň ählisi häzirki wagtda döwlet ösüşiniň özboluşly nusgasyny durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň oňyn tejribesine gyzklanmanyň barha artmagyny kesgitleýän ýagdaýlardyr.
Ýurdumyzda senagat, oba hojalygy, söwda we hyzmatlar ulgamy, hususyýetçilik çalt depginler bilen ösdürilýär. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda aýdyň beýanyny tapýar. Daşary söwda dolanyşygynda oňyn ösüş gazanylýar, Döwlet býujeti üstünlikli berjaý edilýär.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda umumy bahasy ABŞ-nyň 40 milliard dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, täze innowasion önümçilikleri döretmäge, şeýle hem “intellektual ulgama” – bilim, ylym, maglumat – kommunikasiýa ulgamlaryna, aragatnaşyk, Internet ulgamlaryny ösdürmäge hem-de saglygy goraýyş we medeni ulgamlaryň maddy - enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga iri maýa serişdeleri goýberilýär.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň amala aşyrýan syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilendigini bellemelidiris. Şunda, 2014-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 80,5 göterimi gönükdirildi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny", şähergurluşyk we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde her ýyl ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap enjamlaşdyrylan mekdepleriň we çagalar baglarynyň, lukmançylyk merkezleriniň we medeniýet köşkleriniň köpsanlysy, stadionlar we şypahanalar, sanly awtomatlaşdyrylan telefon stansiýalary, beýleki durmuş-ykdysady desgalar ulanmaga berilýär.
Ilatymyzyň girdejileriniň yzygiderli artýandygy hem bellärliklidir. Munuň özi zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, döwletiň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňililkleriniň hasabyna üpjün edilýär. Şol ýeňillikleriň hatarynda elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň mugt bolmagyny, jemagat we ulag hyzmatlary üçin tölegleriň örän pes bolmagyny görkezmek bolar.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerip, dünýäniň beýleki döwletleri hem-de halkara guramalary bilen gatnaşyklary berkidýär. Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Munuň özi, ilknji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işinde eýeleýän işjeň orny, ýurdumyzyň ähli adamzady tolgundyrýan wajyp wezipeleri çözmäge ýardam bermäge çalyşmagy bilen şertlendirilendir.
Ýurdumyzyň geçen ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna, noýabr aýynda bolsa 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2010-njy ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň durnukly energetika baradaky komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny bellemelidiris. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz bassyr iki ýyl SPEKA-nyň – BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň başlyklygyna saýlandy. Bu maksatnama Ýewropa ykdysady topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki abraýly edaralarynyň, şol sanda BMG-niň 2012-2015-nji ýyllar üçin neşe serişdeleri baradaky toparynyň, BMG-niň şol döwür üçin ilat we ösüş baradaky toparynyň hem-de hemişelik esasda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň düzümine saýlanyldy.
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan 2007-nji, 2009-njy we 2013-nji ýyllarda degişlilikde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we BMG-niň agza döwletleriniň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bu babatda aýdyň mysal bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2015-nji ýyldan soň, ýagny BMG-niň Müňýyllygyň maksatlarynyň hereket ediş döwri tamamlananda ählumumy ösüşiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan ýurtlaryň toparyna girýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan şu gün BMG-niň abraýly toparlarynyň ýene-de ikisiniň agzasy bolmak bilen, häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça strategiki başlangyçlary ilerletmek üçin täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam eder.