Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahmudjon Sobirowdan ynanç hatyny kabul etdi.
Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, ol öz ýurduna Türkmenistanda wekilçilik etmek mümkinçiliginiň dörändigine tüýs ýürekden buýsanýar. Täjigistanda Türkmenistany hemişe goldaw bermäge taýýar ýakyn dost hökmünde kabul edýärler.
Täjik halky doganlyk türkmen halky bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär we uly sarpa goýýar diýip, ilçi türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlyga Täjigistanda ileri tutulýan ähmiýetiň berilýändigini aýtdy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň yzygiderli duşuşyklary türkmen we täjik halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge bolan özara gyzyklanmanyň nyşanydyr diýip, ilçi belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler üin minnetdarlyk bildirip we täjik liderine salam ýollap, Mahmudjon Sobirowy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmegiň asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly häsiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň doganlyk täjik halky bilen hemişe raýdaş bolup, olary gadymdan bäri ruhy we taryhy kökleriň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýakyn goňşular, şol sanda Täjigistan bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we täjik ilçisi soňky döwürde täze mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine kanagatlanma bildirdiler, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatynyň doly möçberde amala aşyrylmagy taraplaryň milli bähbitlerine gabat gelip, diňe doganlyk halklaryň ikisiniň däl-de, eýsem tutuş sebitiň halklarynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Mahmudjon Sobirow Türkmenistanyň sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ösüşine goşandynyň uludygyny belledi. Ilçi iri halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Täjigistanyň geljekde hem türkmen Lideriniň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldajakdygyny aýtdy.
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmagyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we ilçi netijeli gatnaşyklary giňeltmek işinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler. Şonda senagat, bilim, ulag, saglygy goraýyş we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi milli Liderimizi döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan köp ugurly işlerinde berk jan saglyk we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.