Şu gün, 26-njy aprelde Russiýa Federaisýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana resmi sapar bilen gelýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýan Russiýanyň iri sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.
Yzygiderli häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow söwda-ykdysady hem-de medeni –gumanitar gutnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistan bilen Tatarystanyň netijeli gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtaýarlar.
Şu gün Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ilerledilişini hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar.
Milli ykdysadyýetleri okgunly ösdürmegiň bähbidine taraplaryň ýokary senagat, serişdeler, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar kuwwatyny ulanmagyň mümkinçiligi köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde gol çekilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşygy bu möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň esasy bolup hyzmat edýär.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen – tatar iş toparynyň 2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen birinji mejlisi däp bolan gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna badalga berdi. Şeýlelikde, türkmen tarapynyň Russiýanyň esasy kärhanalary, hususan-da, “KAMAZ”, “Tatneft”, Kazanyň dikuçar we gämi gurluşyk zawodlary hem-de beýleki kärhanalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Şol günlerde türkmen paýtagtynda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilendigi bellärliklidir. Bu çäräniň maksatnamasyna medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy, surat we kitap sergileri, halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleriniň sergisi, şeýle hem iň gowy çeper we dokumental filmleriň görkezilişi girizildi.
Şeýle çäreler hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda guralýan halkara festiwallaryna hem-de köpsanly döredijilik forumlaryna gatnaşmagy döredijilik gatnaşyklarynyň ösmegine we özara baýlaşmagyna, dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam edýär. Munuň özi bolsa Tatarystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň özleriniň ata-babalarynyň topragynda häzir bolup geçýän ägirt uly özgertmelere hem-de gazanylýan üstünliklere uly gyzyklanma bildirýändigini nazara alsaň, aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda geçiriljek duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şol resminamalaryň däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigi şübhesizdir. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemelidiris.
Biziň ýurdumyza iki günlük resmi saparyň çäklerinde belent mertebeli myhman we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşarlar.