Şu gün Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň hormatyna geçiriljek çärelere badalga berildi. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen şygryýetiniň söz ussadynyň hormatyna başyny başlan toý dabaralarynyň çäklerinde geçirilýär. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy, Sankt-Peterburgyň “Milletler öýi”, Türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky “Mekan” jemgyýeti bilelikde geçirýärler.
Magtymguly Pyragynyň şahyrana we pelsepewi mirasy ürkmen halkynyň dünýä medeniýetine özboluşly goşandy bolup durýar. Ol belent ynsanperwerlik maksatlaryna esaslanyp, täze taryhy döwürde uly joşgun bilen ýaňlanýar we jebisleşdiriji ähmiýetini tassyklaýar. Şonuň üçin beýik şahyryň ýubileýi Türkmenistanda we onuň çäklerinden alyslarda giňden bellenilýär. Munuň şeýledigini Sankt-Peterburgdaky çäre hem tassyklaýar. Ony geçirmek üçin Newanyň boýundaky şähere türkmen wekiliýeti geldi. Onuň düzüminde ylym we medeniýet işgärleri, belli türkmen artistleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreleriň Russiýanyň medeni paýtagtynda – belent şygryýetiň ruhuna beslenen şäherde geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. “Puşkin-bu biziň ähli zadymyz” diýip, russiýalylaryň öz beýik şahyry barada aýdyşy ýaly, türkmenler hem Magtymguly Pyraga türkmen halkynyň umyt-arzuwlaryny beýan ediji hökmünde uly sarpa goýýar.
Türkmenistanyň Newanyň boýundaky şäher bilen ýola goýlan gatnaşyklarynyň gumanitar ugry hem möhüm bolup, onuň esasynda türkmenistanlylary peterburglylar bilen öňden birldeşdirýän ruhy gatnaşyklar durýar. Olar umumy taryhda, biziň şäherlerimiziň häzirki we geljekki günlerinde öz beýanyny tapýar. Sankt-Peterburg – muzeý şäheri öz kitaphanalarynda, ylmy merkezlerinde we muzeý gymmatlyklarynda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny, şol sanda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary – türkmen halkynyň gadymy medeniýetiniň subutnamalaryny saklaýar. Ýeri gelende ýatlasak, Döwlet Ermitažynyň sungat eserleriniň toplumynda bäş müň ýyl taryhy bolan gadymy “Pazyryk” halysy saklanýar. Bu ýerde, Günorta Türkmenistanyň gadymy obalaryndan ýüze çykarylan arheologik tapyndylar görkezilýär. Beýik Pýotr adyndaky antropologiýa we etnografiýa muzeýinde /Kunstkamera/ dünýä belli halylar we haly önümleri, türkmenleriň gadymy egin-başlary saklanýar. Türkmen ylmynyň we medeniýetiniň görnükli işgärleri barada gymmatly golýazmalar we maglumatlar Sankt-Peterburgyň iri kitaphanalarynyň we ylmy merkezleriniň gaznalaryny düzýär. Russiýanyň Milli kitaphanasynda türkmen dilinde neşir edilen kitaplaryň 13 müňe golaýy saklanýar. Magtymgulynyň “Diwanlaryny” öz içine alýan golýazmalaryň dördüsi aýratyn gymmata eýedir. Golýazmalaryň käbirinde türkmen nusgawy edebiýatynyň öwrenilmegine uly goşant goşan akademik A.N.Samoýlowiçiň galam bilen ýazan bellikleri bar.
Şu gün türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen bilelikde Piskarýow ýadygärlikler toplumyna baryp, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Newanyň boýundaky şäherde şirin janyny gurban eden watandaşlarymyzyň ýagty ýadygärligine baş egdiler.
Türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bilelikde baýram edilmegi--dünýä medeniýetiniň ykrar edilen beýik şahyrlary Magtymgulynyň we Puşkiniň döredijiliginde beýan edilen belent ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň esasynda iki halky ýakynlaşdyrýan nobatdaky hakykat durýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna bagyşlanan esasy çäreler ertir geçiriler.
Türkmen wekiliýeti üçin Russiýanyň medeni paýtagtynyň iri muzeýlerine baryp görmegi, ajaýyp ýerleri bilen tanyşmagy öz içine alýan medeni maksatnama göz öňünde tutuldy.