Ï Türkmenistanda dünýäniň atçylyk boýunça hünärmenleriniň maslahaty tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda dünýäniň atçylyk boýunça hünärmenleriniň maslahaty tamamlandy

view-icon 683
Şu gün Türkmen bedewiniň baýramynyň esasy dabaralaryna işewürlik girişmesi hökmünde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahaty we ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka öz işiniň jemini jemledi. Atçylyk ulgamynyň dürli ugurlarynyň hünärmenlerine tejribe we peýdaly işläp taýýarlamalary alyşmak, häzirki zaman atçylygyny ösdürmegiň we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljekki ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri açan we ussatlar görnüşinde geçen sergi-gözden geçiriliş hem-de pudaklaýyn maslahat onlarça ýurtdan wekilleriniň ýüzlerçesini ýygnady.

Serginiň we maslahatyň işi atçylyk assosiasiýalarynyň we klublarynyň, tohumçylyk merkezleriniň hem-de aýlawlaryň, weterinariýa hassahanalarynyň enjamlary, abzallary we esbaplary, ot-iýmleri öndürýän, gurluşyk we maslahat beriji kompaniýalarynyň wekillerini öz işini atçylygyň dürli ugurlarynda, şeýle hem ylmy barlag guramalarynda we belli bir ugurly ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli ösdürýän işewürleri birleşdirdi.


Sergi köşgünde geçirilen sergi bedewleriň janköýerleriniň, şol sanda ahalteke bedewleriniň syratyna, owadanlygyna we ýüwrükligine maýyl bolýan ýurdumyzyň myhmanlarynyň hem uly ünsüni çekdi. Şonuň üçin hem gözden geçirilişiň birinji güni esasan iş maksatlaryna, täze gatnaşyklary ýola goýmaga, önümler hem-de hyzmatlar tanyşdyrmaga bagyşlanan bolsa ikinji güni işjeň tomaşaçylar gyzyklanmasy bilen has resmi däl ýagdaýda geçdi.

Atçylyk sport şäherçelerini gurmagyň taslamalaryndan, aýlaw hojalygy üçin enjamlardan we atlara ideg etmek boýunça serişdelerden başlap, aýlaw terapiýasynyň usullaryna, çapyksuwarlary okatmak hem-de atlary türgenleşdirmek boýunça bilim taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna çenli ähli zatlar özüne çekiji boldy. Weterinarlar, çapyksuwar türgenler, tälimçiler, hususy athanalaryň eýeleri tomaşaçylaryň aýratyn toparyny düzdi. Olar iş ýüzündäki nukdaýnazaryndan harytlar hem-de täze önümler hakynda jikme-jik soraşdyrmak bilen, daşary ýurtly önüm öndürijileriň diwarlyklarda hödürlenen önümlerini has düýpli öwrendiler.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Gollandiýa (“Havens”), Germaniýa (“German Horse Industry”), Beýik Britaniýa (“Barnsby”), Italiýa (“Saddletrip”), Şweýsariýa (“Stueben”) we beýleki ýurtlaryň esasy kompaniýalary bar. Olaryň köpüsi atçylyk dünýä wekillerine, beýlekileri bolsa maýa goýum toparlaryna wekilçilik edýärler. Şol ýerde atçylyk işewürligine maýa goýmak aýratyn abraýly hasaplanylýar. Şeýle kompaniýalaryň biri HHR-de durmuşa geçirilýän iri möçberli atçylyk taslamalaryny, şol sanda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we wagyz etmek boýunça taslamalary goldaýan Hytaýyň “Mazulon” kompaniýasydyr. Birleşen Arap Emirliklerinden atçylyk ulgamynda ýöriteleşýän kompaniýa hem Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär, bu ýurt şöhratly atçylyk däpleri, arassa ganly bedewleriň arasynda dünýä çempionatlary, iri atçylyk sergileri bilen meşhurdyr.

Amaly sungatyň, halk döredijiliginiň eserleri atçylyk mowzugyny beýan eden sowgatlyk zatlar we nyşanlar, ajaýyp fotosuratlar, žiwopis suratlary we heýkeller her hili ýörite esbaplar, eýerler, üzeňňiler öwüşginli keşbi döretdi. Şu ýerde ussadyň eli bilen bedewiň hereketiniň täsirli beýanyny emele getirip, kiçeňräk at heýkeliniň nähili döreýändigini synlamak hem bolýar. Öz erkiňi çakgan bedewe tabyn etmek ýaly, ony beýan etmek hem çylşyrymlydyr. Bu döredijilik wezipesinde heýkeltaraşlar başarnygy, zähmeti hem sabyrlylygy bilen hakyky ajaýyplyklary döredýän seýislere köp babatda ýakyndyr.

Ajaýyp bezelişi we milli öwüşgini bilen tapawutlanýan türkmen bölümleri myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. ajaýyp halylar, zergärçilik şaý-sepleri, owadan bezelen keramika, özüne çekiji el keşdeleri—bularyň hemmesi sergide hakyky göwher bilen gymmat bahaly bezelen ahalteke bedewine hyzmat etdi. Onuň keşbi köptaraply açylypdyr, munuň özi behişdi bedewlere halk söýgüsiniň ähli çuňlugyna, ýurdumyzyň medeniýetine hem-de taryhyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ýöne, elbetde, daşary ýurtly telekeçiler, menejerler we kompaniýalaryň marketologlary üçin geljegi uly türkmen bazaryna okgunly çykmaga çalyşmak bilen baglanyşykly işewür gyzyklanmalar, atçylyk we atçylyk sporty babatda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak esasy delil bolup hyzmat etdi.

Çäreleriň maglumata baýlygy we aýdyň beýan edilmegi Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň şu gününi, maýa goýum mümkinçiliklerini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini göz öňüne getirmäge ýardam berdi. Çünki serginiň we maslahatyň maksatnamasy diňe bir atçylyk işine milli tejribä, ahalteke bedewlerini wagyz etmäge ünsi çekmek bolman, eýsem, täze tehnologiýalary we ylmyň gazanan üstünliklerini türkmen ussatlarynyň iş tejribesine çekmekden hem ybaratdyr.

Bu babatda ylmy maslahatyň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn esaslaryny kämilleşdirmek, ahalteke bedewleriniň tohumyny gorap saklamak hem-de naýbaşy baş sanyny artdyrmak boýunça seçgi-tohumçylyk işlerini geçirmäge, bedewleriň immunogen barlaglaryny hem-de synaglaryny geçirmäge, halkara atçylyk ýaryşlaryny, atçylyk syýahatyny we başgalary guramaga täzeçe çemeleşmeler ýaly meseleleriň gyzyklanylyp ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Zootehnika we weterinariýa, pudak üçin işgärleri taýýarlamak, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak ýaly mowzuklar hem hünärmenleriň ünsüni çekdi.

Maslahatyň ýapylyş dabarasynda bellenip geçilişi ýaly, sergi-ýarmarka hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahat özara gatnaşyklary giňeltmäge, türkmen atşynaslarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň, milletimiziň we tutuş adamzadyň özboluşly baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etdi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda atçylyk pudagyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýändigi we ägirt uly goşant goşýandygy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýndygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna ägirt uly hoşallyk bildirdiler.