Ï Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparyna

view-icon 720
Şu gün, 26-njy aprelde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül iş sapary bilen Aşgabada gelýär, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde däp boýunça Türkmenistanda bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçiriljek dabaralara gatnaşar.

Dostlukly ýurduň baştutanynyň bu sapary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri bilen üstünlikli ösdürilýän oňyn türkmen-türk hyzmatdaşlygyna itergi berer, şol saparyň barşynda taraplar köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alşarlar.

Türkmenistan we Türkiýe hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, şeýle hem iki doganlyk halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan taryhy, medeni we ruhy garyndaşlygyň berk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, ýylyň-ýylyna bütin sebitde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şerti bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

Şu ýyllaryň içinde bilelikde işlemegiň toplanan uly tejribesi we hususan-da, meşhur türk kompaniýalaryny türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalaryny hem-de sebit we halkara ähmiýeti bolan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň çekmek täze, geljegi uly meýilnamalar üçin ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň tomsunda türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň badalga alan taslamasy munuň oňat mysalydyr.

Ygtybarly, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlary we duşuşyklary, däbe öwrülen Türkiýäniň eksport harytlarynyň Türkmenistandaky sergileri üpjün edýär.

Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem soňky ýyllarda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary, şol sanda görnükli türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýän şanly senesine taýýarlyk görmek boýunça başlangyçlaryny türk tarapynyň goldamagy munuň subutnamasydyr. Türk medeniýetiniň “TÜRKSOÝ” halkara guramasynyň Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada birnäçe dabaraly çäreleri gurap, häzirki 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edendigini ýatlap geçmek ýeterlikdir.

Atçylyk sungatyny ösdürmek babatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Türk tomaşaçylaryna türkmen jigitleriniň at üstündäki milli oýunlaryny görkezen şöhrat gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň geçen ýylyň dekabrynda bolan şowly çykyşlaryny ýatlap geçmek ýeterlikdir. Şonda Prezident Abdulla Gül we Türkiýe Respublikasynyň hökümet agzalary şol çykyşyň hormatly myhmanlary boldular, olar artistleriň ussatlyk bilen taplanan sungatyna hem, bütin dünýäde bedewlere beletleriň we sarpa goýýanlaryň ählisini haýran galdyran ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligine we gowadanlygyna hem tüýs ýürekden haýran galdylar.

Türk hyzmatdaşlarymyzyň şu günler Aşgabatdaky türkmen bedewlerine bagyşlanylan halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy dünýä atçylygynda naýbaşy diýlip ykrar edilen bu haýran galmaly tohuma çäksiz gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasydyr. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, Türkiýe Respublikasy maslahata iň uly wekiliýetleriň birini ugratdy, onuň düzümine çapyksuwarlyk klublarynyň, gurluşyk firmalarynyň we ot-iýmleri, ýörite enjamlary hem-de öwseleleri we atçylyk fermalary üçin niýetlenilen beýleki önümleri öndürmäge, atçylyk sport ýaryşlaryny, atçylyk syýahatyny we höwesjeň atly gezelençleri guramaga ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleriniň ýüze golaýy girdi.

Mahlasy, türkmenleriň ajaýyp ahalteke bedewlerine çäksiz söýgüsini hem-de hormatyny beýan edýän şanly waka mynasybetli dabaralara Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň hut özüniň gatnaşmagy türk hyzmatdaşlarynyň halkara gatnaşyklary üçin bu, belli bir derejede täze ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.