Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň gepleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň gepleşikleri

view-icon 1007
Şu gün Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow resmi sapar bilen geldi.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde Tatarystanyň baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Belent mertebeli myhmana asylly däbe görä, düz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti howa menzilinden sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Tatarystanyň baştutanynyň ýurdumyza bu gezekki sapary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüler. Munuň özi ýurdumyzyň Russiýanyň iri senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bolan öňdebaryjy sebitleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ugur bolup durýar.

Günüň ikinji ýarymynda Tatarystanyň baştutany paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Köşgüň eýwanynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Ruhyýet köşgüniň VIP zalyna geçdiler. Ol ýerde ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany Aşgabatda ýene-de görýändigine şatdygyny aýdyp, biziň ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin Tataystanyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Bu saparyň ählihalk dabarasy bolan Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasyna gabat gelendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Prezident Rustam Minnihanowy ertir, 27-nji aprelde geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz türkmen-tatar gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, türkmen-tatar gatnaşyklary özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem-de onuň köpugurly mümkinçilikleri esasyny düzýän, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr.

Prezident Rustam Minnihanowa Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge şahsy goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz pursatdan pýdalynyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiň Başlygy Dmitriý Medwedewe mähirli salamyny aýtdy.

Mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Rustam Minnihanow Tatarystanyň hoşniýetli dosty hem-de geljegi uly hyzmatdaşy bolan doganlyk Türkmenistana ýene bir ýola gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy. Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän türkmen-tatar gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha bermek bilen, Tatarystan Respublikasynyň baştutany türkmen we tatar halklaryny köp ugurlaryň, şol sanda medeni-ruhy umumylygyň, häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän taryhy däp-dessurlaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Tatarystanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we milli Liderimiziň hut özüniň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmelere tüýs ýürekden guwanýarlar. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Prezident Rustam Minnihanow şeýle ajaýyp baýramçylygyň dünýäniň hiç ýerinde ýokdygyny belledi.

Ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandynyň bardygyny bellemek bilen, Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge meýillidigini tassyklady.

Tatarystan Respublikasynyň baştutany şu günki duşuşygyň bozulmaz dostluk gatnaşyklaryna we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak hem-de özara ýörelgelere daýanýan türkmen-tatar hyzmatdaşlygyyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly, netijeli we birek-birege ynanyşmak, ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de söwda-ykdysady we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow däp bolan gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, bilim, ylym, medeniýet, şeýle hem sport-syýahatçylyk ugurlaryndaky özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berdiler.

Soňra gepleşikler Ruhyýet köşgüniň Uly mejlisler zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirildi.

Gepleşiklere başlamazdan öňürti Prezilentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-biregi Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň baştutanyny hem-de Türkmenistana gelen resmi wekiliýetiň agzalaryny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Tatarystanyň ýolbaşçylygy bilen duşuşygyň eýýäm däbe öwrülendigini we yzygiderli ýagdaýda geçirilýändigini belledi. Munuň özi iktaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygidrli häsiýete eýedigine hem-de şol gatnaşyklaryň iş ýüzünde oňyn netije berýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen döwletiniň Baştatunu sözüni dowam edip, Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-gumnitar hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, özara arkalyşykly hereket etmegiň oňat nusgasy bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly baýlaşdyrylýandygyny we üstüniň ýetirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, serişdeler we senagat babatda örän uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy hem-de doganlyk iki halkyň arasynda taryhy gatnaşyklaryň saklanýandygy üçin, Tatarystan aýratyn orna eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllarda türkmen-tatar gatnaşyklaryna güýçli badalga berlip, bu gatnaşyklaryň täze hilli derejä eýe bolandygyny belledi. 2012-nji ýylyň mýaynda Kazan şäherinde Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekilmegi wajyp ähmiýetli waka öwrüldi. Türkmenistana oba hojalyk maşynlaryny, beýleki ýörite tehnikany we enjamlary ibermek, gämi gurluşygy, motor gurluşygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň sanawyna goşulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Tatarystanyň iri kärhanalary bilen berk, uzakmöhletleýin we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyeýtiniň ýurdumyzdaky işini aýratyn görkezdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda göwnejaý işleýän bu meşhur kysymly awtoulaglaryň 5 müňden gowragy ulanylýar. 2008-nji ýyldan bäri “KamAZ” söwda we okuw-serwis merkezi hereket edýär. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň geljekde-de bu hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklady.

Awiagurluşyk-- geljegine uly umyt baglanýan ýene-de bir ugurdyr. Russiýanyň iri awiagurluşyk kärhanasy – “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde, Türkmenistana MI-17 kysymly dikuçarlar getirildi. Şeýle hem Tatarystanyň motorgurluşyk we gämi gurluşygy kärhanalary bilen hyzmatdaşylk etmek hakynda deslapky ylalaşyklar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýangyç-energetika pudagynyň ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şu ugur boýunça “Tatneft” kompaniýasy bilen möhüm ähmiýetli ylalaşyklar baglaşylýar.

Milli Liderimiz şu mysallaryň türkmen-tatar ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijelidigini tasyklaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti biz şol hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň gerimini giňeltmek hem-de täze, oňaýly ugurlary döretmek üçin ähli şertleri üpjün etmegi maksat edýäris diýip, ýurdumyzdaky ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda ilkinji nobatda, senagaty diwersifikasiýa etmegiň, täze pudaklary döretmegiň, ýokary hilli we eksport üçin niýetlenen önümleriň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça diýen ýaly, aýratyn-da maşyn gurluşygy, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagaty boýunça türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikler bar, şu ugurda Türkmenistan we Tatarystan örän uly kuwwata eýedir.

Milli Liderimiz ýokary tehnologiýalar we ylmy tutumly önümçilikler boýunça hyzmatdaşlyga degişli meselelere ünsi çekip, häzirki wagtda munuň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi. Şunda türkmen tarapy Tatarystanyň kuwwatly ylmy we ylmy-önümçilik mümkinçiliklere eýedigini göz öňünde tutup, tatayrstanly hyzmatdaşlar bilen bileleşigi işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bilim ulgamy, ökde hünärmenleri taýýarlamak boýunça hut şu ugur bilen içgin baglydyr. Indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistan ýaşlary Tatarystana okuwa iberýär, häzirki wagtda esasy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 900-den gowragy okaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän talyplaryň sanyny ýylsaýyn artdyrmagy, işgärleriň taýýarlanylýan ugurlaryny yzygiderli ýagdaýda giňeltmegi, döwrebap ýokary tehnologiýalar bilen hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýandygyny tassyklady.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, Türkmenistanyň uniwersitetleri we institutlary tarapyndan Tatarystanyň okuw we ylmy-barlag merkezleri bilen gös-göni ylym-bilim gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garalmagynyň maksada laýykdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz Tatayrstanyň Ylymlar akademiýasynyň binýadynda Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak boýunça bilelikdäki merkezi döretmek boýunça işlenip taýýarlanylýan ylalaşyga uly umyt baglaýarys diýip belledi.

Milli Liderimiz taryhy ylym, doganlyk iki halkyň baý medeni-taryhy mirasyny täzeden dikeltmek boýunça türkmen-tatar gatnaşyklaryna oňat badalga berlendigini aýtdy. Bilelikdäki arheologik we etnografik işler geçirilýär, bilelikdäki neşirler çap edilýär. Alymlar, döredijilik toparlary Türkmenistanda we Tatarystan geçirilýän halkara ylmy we medeni çärelere gatnaşýarlar. Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti “Kazan—2014-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty” atly dabaranyň açylyşyna gatnaşmak üçin Kazanda bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, medeni taýdan özara baýlaşmagyň, irki döwürlerden bäri Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň arasyndaky dostluga we özara düşünişilmegine mahsus bolan oňat ýörelgeleri pugtalandyrmagyň örän möhümdigini aýratyn belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigini ööz öňünde tutmak arkaly, sport boýunça ikitarpalaýyn hyzmatdaşlyga degişli mesele barada aýratyn durup geçdi. Biziň ýurdumyzda şunuň ýaly derejedäki sport çäresi ilkinji gezek geçirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýäde toplanan oňyn tejribäniň öwrenilmegine gyzyklanma bildirýär. 2013-nji ýylda Kazanda Bütindünýä tomusky uniwersiada guramaçylyk taýdan we sport bilen baglylykda, göwnejaý derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda toplanan tejribäniň örän oňaýlydygyny belläp, türkmen tarapynyň Tatarystanyň degişli düzümleri bilen içgin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny, iri sport forumyna taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleleriň ählisiniň jikme-jik öwrenilmegini niýet edinýändigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda türkmen Lideri Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň ruhy taýdan bize örän ýakyn ýurtdugyny, türkmenistanlylaryň Tatarystanyň mährem, ak göwünli, zähmetsöýer doganlyk halkyna tüýs ýürekden uly hormat goýýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti biz soňy döwürde ykdysady hymatdaşlygyň ýokary we netijeli derejä ýetirilendigine ýokary baha berýäris hem-de Tatarystany ygtybarly we geljegine uly umyt baglanýan hyzmatdaş diýip hasaplaýrys diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli hyzmatlary bitirýändigini belläp, Türkmenistanyň geljekde-de dürli ugurlar boýunça Tatarystan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirjekdigini aýtdy. Şunda türkmen döwletiniň Baştutany şu hyzmatdaşylyň Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine, ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna laýyk gelýändigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemläp, Tatarystanyň köp milletli ilatyna döredijilikli zähmetde uly üstünlikleri gazanmagy, parahatçylygy we abadançylygy arzuw etdi.

Soňra Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Tatarystanyň Baştutanynyň ýene bir ýola belleýşi ýaly, myhmansöýer Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdyr. Şu günler türkmen halky özüniň iň söýgüli we özboluşly seneleriniň biri bolan Türkmen bedewiniň baýramyny belleýär. Ol häzirki döwürde giň meşhurlyga we halkara derejesine eýe boldy diýip, belent mertebeli myhman belledi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize çakylyk we Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen türkmen-tatar dostlugynyň berkeýändigini alamatlandyrýan ýagdaýlary gözümiz bilen görmek biziň üçin uly hormatdyr diýip, Prezident Rustam Minnihanow aýtdy.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklary çuňňur taryhy we medeni ruhy, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar arkaly baglanyşýar. Tatarystanda Türkmenistanda bolup geçýän şanly wakalara uly gyzyklanma bilen syn edýärler we türkmen halkynyň üstünliklerine guwanylýar. Geçen döwürde türkmen döwleti özüniň durmuş we ykdysady ösüşinde uly üstünliklere eýe boldy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy birnäçe senagat pudaklary boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär diýip, Prezident Rustam Minnihanow sözüni dowam etdi. Türkmenistanda “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” ýaly Tatarystanyň iri kompaniýalarynyň wekilhanalry işleýär we birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Tatarystanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarada hyzmatdaşlygyň möhüm ugry kesgitlendi. Üstünlikli hyzmatdaşlygyň biri hökmünde belent mertebeli myhman “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleri görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde şol şertnamany has-da giňeltmek boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygy bellenildi. “Tatneft” kompaniýasy öz ugry boýunça ägirt uly tejribe toplady we ol türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmaga taýýardyr diýip, Prezident Rustam Minnihanow nygtady.

Şeýle hem Tatarystanyň Baştutany hormatly Prezidentimize “KamAZ” kompaniýasynyň işine goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy. Soňky ýyllarda ägirt uly işler bitirildi we Türkmenistanda “KamAZ-yň” awtoulaglarynyň doly tapgyry hereket edýär diýip, Rustam Minnihanow aýtdy. Russiýanyň bu öňdebaryjy kompaniýasy dünýäniň ýük awtoulaglaryny öndürijileriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, “KamAZ” Açyk paýdarlar jemgyýetiniň biziň ýurdumyz bilen ýola goýlan özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge meýillidigi nygtaldy.

Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan meýillerini Tatarystanyň beýleki öňdebaryjy kompaniýalary hem-de kärhanalary mälim edýärler. Şeýle hem nebithimiýa senagatynda, suw hojalygynda we beýleki pudaklarda işleýän tatar kompaniýalary Türkmenistan bilen gatnaşyklary ýola goýmaga meýillidirler.

Tatarystanyň baştutany hyzmatdaşylygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda maşyn gurluşygyny, uçar gurluşygyny, gäm gurluşygyny, gaz turbina önümçiligini, sowadyjy we beýleki enjamlaryň önümçiligini, IT-tehnologiýlaryny görkezdi. Lukmançylyk, derman önümçiligi, azyk senagaty ýaly ugurlar hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr.

Şuguň bilen bir hatarda, Prezidenti Rustam Minnihanow ylym-bilim ulgamyndaky ikirtaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini belldei. Tatarystan Resupblikasynda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy guwançly ýagdaýdyr diýip, belent mertebeli myhmana aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň baştutany bu netijeli hyzmatdyşlygy, şol sanda talyplary alyşmak ugruny dowam etmek barada aýtdy.

Sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Prezident Rustam Minnihanow geçen ýyl Kazanda Bütinüdýnä tomusky uniwersitadanyň üstünlikli geçendigini, onda türkmen türgenleriniň altyn, kümüş we bürünç medallary eýeläp, öz ýurduna mynasyp wekilçilik edendiklerini belledi. Bu barada aýtmak bilen, Tatarystanyň baştutany tatar tarapynyň Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 bilen baglanyşykly zerur goldaw bermäge we öz tejribesini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. Biz bu ugur boýunça işjeň hyzmatdaşlyk ederis diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi.

Syýahatçylyk ulgamy boýunça ägit uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradak öňe süren taslamasynyň uly geljeginiň bardygyny, oňa köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň çekilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistana Russiýa Federasiýasyndan we Tatarysystandan syýahatçylary çekmegi işleşdirmek barada aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Tatarystanda köp sanly taryhy-medeni desgalaryň bardygyny, olaryň türkmenistanlylar üçin gyzyklanma bildirjekdigini mälim etdi.

Şeýle hem medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ägrit uly ähmiýeti bar diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Şu gün belli tatar şahyry Gabdulla Tokaýyň dogulan güni bellenilýär. Şeýle hem şü gün Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda “Kazan—2014-nji ýylda türki dünýäniň medeniýet paýtagty” atly dabara açylýar. Bu çärelere Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň gatnaşýandygy bellärliklidir diýip. Tatayrstanyň baştutany aýtdy.

Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, türk dünýäsinde türkmen halkynyň şöhratly ogly, şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglun gününiň 290 ýyllygy ýaly şanly waka möhüm orun eýeleýär. TÜRKSOÝ guramasy şu ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etdi we Tatarystan bu baýramçylyga işjeň gatnaşýar. Kazanda şu ýylyň sentýabrynda türki halklaryň geçmişine, edebi ösüşine we saz sungatyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahatynda Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyrynyň döredijiligi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Tatarystan Respublikasynyň baştutany habar berdi.

Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň kitabynyň tatar dilindäki nusgasynyň ýakynda neşir edilendigini aýtmak bilen, belent mertebeli myhman onuň bir nusgasyny Türkmenistanyň Prezidentine gowşrumak mümkinçiliginiň dörejekdigine ynam bildirdi. Magtymguly Pyragynyň 2900 ýyllygy Tatarystan üçin hem örän uly wakadyr. Bu şanly senäni tutuş türki dünýäsi giňden dabaralandyrar diýip, Prezident rustam Minnihanow belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen Tatarystanyň baştutany 2012-nji ýylda söwda-ykdysady, ylmy-tehnik we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň ilkinji mejlisiniň geçirilendigini, Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleriniň bolandygyny aýty. Şunuň bilen baglylyda, Prezident Rustam Minnihanow ýokarda agzalan iş toparynyň ikinji mejlisini Kazanda geçirmegi we Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günlerini hem şol senä goşmagy teklip etdi.

Çykyşynyň ahyrynda belent mertebli myhman milli Liderimize Türkmenistana gelip görmäge we Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmagy beren çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu saparyň türkmen-tatar dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde möhüm ädime öwrüljekdigini belledi.

Prezident Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasyna guraýan saparlarynyň biriniň çäklerinde Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy we döwdet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanan soň, Ruhyýet köşgüniň Kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasmynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Ylalaşyga; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Balkanabat şäheriniň (Türkmenistan) we Almetýewsk şäheriniň (Tatarystan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanan soň, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystanyň Respublikasynyň Prezidentleri Ruhyýet köşgüniň Metbugat-maslahat zalynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Geçirilen gepleşikleriň jemini jemläp, milli Liderimiz Tatarystanyň baştutanyna we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryna netijeli iş üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we täze hil bilen üstüni ýetirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny tassyklady. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de Balkanabat we Almetýewsk şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyp.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Iki halkyň ruhy ýakynlygy, asyrlarboýy ynsanperwer gatnaşyklar netijesinde däp-dessurlaryň umumylygy türkmen-tatar gatnaşyklaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu bolsa biziň gatnaşyklarymyzy baýlaşdyrýar we oňa durnukly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň oňyn ösdürilmeginiň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň umumy ösüşini şertlendirýändigini belledi.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gezekki gepleşiklerde taraplar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Senagat pudagynda, oba hojalygynda, maşyn gurluşykda, energetikada, uçar gurluşygynda we beýleki pudaklarda ýygjam gatnaşyklary dowam etmek we olary ösdürmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň kuwwatlyklary ykdysadyýetiň bu ulgamlarynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biziň ýurdumyzyň Tatarystanyň “KAMAZ”, “Kazanskiý wertoletnyý zawod” ýaly iri önüm öndürijileri bilen pugta we üstünlikli gatnaşyklary ýola goýuldy. Olaryň önümleri Türkmenistanda doly ykrar edildi we biz bu hyzmatdaşlygy geljekde dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň kuwwatly önümçilik binýady bolan Tatarystanyň gämi gurluşygyndaky we motor gurluşygyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Tatarystan bilen ýola goýulýan gatnaşyklarda ýokary tehnologiýalary hem-de ylmy önümçilik ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň Tatarystanda bar bolan ägirt uly mümkinçilikler bilen bir hatarda, ýokary tehnologiýaly ulgama tapgyrlaýyn geçýän milli ykdysadyýetimiziň islegleri netijesinde gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigini aýtdy. Biziň ýurdumyzy senagat taýdan çalt depginler bilen ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatynda şeýle hyzmatdaşlygyň örän uly ähmiýeti bolar.

Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde gumanitar ulgamy görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki güne çenli türkmenistanly talyplaryň 900-den gowragynyň Tatarystan Respublikasynyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi oňyn netije berýän ýagdaýdyr we ol geljekde-de dowam eder hem-de giňeldiler. Şunuň bilen bir hatarda, taraplar ylmy hyzmatdaşlyga goşmaça itergi bermäge meýillidir. Medeni ulgamdaky gatnaşyklary, Türkmenistanyň we Tatarystan Pespublikasynyň sungat hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Sport ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etjekdigini belledi. Biziň ýurdumyz bu ugurda dünýä tejribesini, şol sanda geçen ýylyň tomsunda Kazanda Bütindünýä tomusky Uniwersiadany üstünlikli geçirmegiň mysalynda oýunlary guramagyň usullaryny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Tatarystan Resupblikasy Türkmenistan üçin doganlyk ýurtdur, doganlyk halkdyr. Biz hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýärsi diýip, milli Liderimiz aýtdy we biziň tatarystanly dostlarymyz, hyzmatdaşlarymyz hem şeýle çemeleşmäni äşgär edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany gepleşikleriň jemini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimize mähirli kabul edilendigi we Tatarystanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi. Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, Prezident Rustam Minnihanow ähli bellenilen taslamaldaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde belent mertebeli myhman Türkmenistanda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän we gatnaşyklaryň täze giň ugurlaryny hödürleýän “KamAZ” Açyk paýdarlar jemgyýetiniň işini getirdi.

Belent mertebeli myhmanyň aýdyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda gumanitar ulgamdaky, şol sanda ylym, medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklar berkidilýär. Türkmenn we tatar halklarynyň taryhy taýdan ruhy-medeni umumylygy bu gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär. TÜRKSOÝ-yň çäklerindäki bilelikdäki işler, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Kazan – 2014-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty” atly ýylyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň şol dabaralara gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek barada aýtmak bilen, Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda gaz himiýa boýunça täze ugry döretmek baradaky çözgüdine şatlanýandyklaryny belledi. Munuň özi dünýä derejesindäki geljegi uly taslama hasaplanylýar. Türkmenistan tebigy gazy iri öndürijileriň biri bolup durýar diýip, ol sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Rustam Minnihanow tatar tarapynyň nebitgaz himiýa ulgamynda türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, belent mertebeli myhman Tatarystanyň talyplarynyň Aşgabatda bilim almaklary baradaky pikiri aýtdy. Şonuň bilen bir hatarda dünýäniň ylmy-tehniki ösüşini, täze ylmy-barlaglar ugruny, IT tehnologiýa, nanatehnologiýa ýaly ugurlary nazara almak bilen, özara gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikler açylýar diýip, Tatarystanyň Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şu gün gol çekilen Ylalaşygyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, Prezident Rustam Minnihanow milli Liderimiziň işewür hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmegiň orta we kiçi telekeçiligiň wekilleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy hakynda aýdanlaryny goldaýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan sazlaşykly ösüşine ýokary baha bermek bilen, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany keşbi okgunly özgerýän, adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilýän şäheri bolan Aşgabadyň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Tatarystanda türkmen hyzmatdaşlarynyň köp sanly işläp taýýarlamalary uly meşhurlyga eýedir. Biz her gezek bu ýerde bolanymyzda, köp sanly şgyzykly teklipleri alýarys we onuň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýäris diýip, Tatarystanyň ýolbaşçysy aýtdy.

Biziň ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň 2013-nji ýylda geçirilen Uniwersiada işjeň gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň “Aziada-2017-ni” ýokary guramaçylyk derejesinde geçirjekdigine ynam bildirdi. Öz tarapyndan Tatarystan türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmaga we iri halkara ýaryşlaryny guramak meselelerine işjeň ýardam bermäge taýýardyr.

Kazanda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň mejlisini guramak babatda türkmen Lideriniň tabşyryk berendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Rustam Minnihanow Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Prezidentine uly ruhubelentlik bilen garaşylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, biziň ýurdumyza bolsa uly üstünlik hem-de rowaçlyk arzuw edip, Tatarystanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu günki çapyşykda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, türkmen Lideri hakyky ýolbaşçynyň nähili bolmalydygyny görkezmek arkaly şahsy görelde bolýandygyny aýratyn nygtady.

Metbugat maslahaty tamamlanan soň, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Ruhyýet köşgünden çykyp, sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän myhmanhana tarap ugrady.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär. Garaşylyşy ýaly, belent mertebeli myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşar.