Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli giň gerimli ählihalk dabaralary geçirildi. Bu günki esasy dabara gatnaşmak üçin müňlerçe türkmenistanlylar we ýurdumyzyň köpsanly hormatly myhmanlary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleri müňýyllar mundan ozal atşynaslyk medenietiniň çeşmesib olan we ahalteke bedewaleriniň taryhy şejeresiniň gözbaşy hasaplanýan Köpetdagyň etegindäki ajaýyp düzlükde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumynda ýygnandylar.
Irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmazdan öňürti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biri Tatarystanyň döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikler barada pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy we Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesiniň strategiki, uzak möhletleýin hyzmatdaşylk etmek üçin örän uly mümkinçilikeriniň bardygyny aýtmaga esas berýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli ugurlardan peýdalanmaga taýýardygyny we bu hyzmatdaşlygyň öszara arkalaşykly hereket etmek arkaly toplanan oňyn tejribä, şeýle hem üç halkyň taryhy we medeni taýdan umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy.
Türkiýäniň we Tatarystanyň Baştutanlary türkmen Liderine mähiri kabul edendigi uçin hoşallyk bildirip, Türkmenistana ýene-de gelip görmäge, giň gerimli dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigine begenýändiklerini aýtdylar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmenistanlylary Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen gutladylar.
Soňra Ýewraziýa yklymynda ykdysady taýdan goşulyşmagyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halkara derejesinde möhüm ähmiýetli wezipeleriň birnäçesini iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda tagallalary birikdirmek, şeýle hem medeni gatnaşyklary we gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen döwletiniň Baştutany we myhmanlar energetika, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem senagat we oba hojalyk pudaklary, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda bilelikdäki maýa goýum we düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýändigini bellediler.
Şeýle hem söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm mesleleri boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Abdylla Gül we Rustam Minnihanow öz ýurtlarynyň dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, doganlyk halklaryň bähbitleri üçin geljekde-de bu gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz we myhmanlar esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýeri bolan Halkara atçylyk toplumyna tatap ugradylar. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we myhmanlary Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary garşylaýarlar.
Üç ýurduň Baştutanlary öz ýollaryny ahalteke bedewine tirkelen paýtun bilen dowam etdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy, Abdulla Güli we Rustam Minnihanowy baýramçylyga gatnaşýan köpsanly adamlar we myhmanlar şatlykly garşylaýarlar. Olaryň arasynda daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalyrynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralrynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda geçirilen iri halkara forumlaryna – Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisine, sergi-ýarmarkasyna we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulalar, ýaşlar bar. Şonda üç halkyň dostlugyny wasp edýän sözler ýaňlanýar.
Üç ýurduň Liderleri toplumyň ýodasy bilen ýöräp, aýlawa tarap barýarlar, şol ýodanyň ugrunda sergiler, konsert we sport meýdançalary guralypdyr, halkyň durmuşyna degişli sahnalar görkezilýär.
Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza degişli ak öýler gurlupdyr. Olar ähli aýratynlyklary bilen gadymy türkmen obalarynyň durmuş ulgamyny beýan edýär. Bu ýerde gadymy däp-dessurlar we adatlar suratlandyrylýar, zenanlar haly dokaýarlar, tikin edýärler, keçe basýarlar. Milli saz gurallary arkaly sazandarlyk edilmegi bilen bagşylar aýdym aýdýarlar, çagalar milli oýunlara güýmenýärler. Golaý ýeride milli çeperçilik senetleriniň önümleriniň sergileri guralyp, birgeňsi halylar, milli lybaslar, zergärçilik önümleri, irki durmuşa degişli zatlar we beýlekiler görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynda, ussalaryň ýörelgelerinde her sebitiň häsiýetli aýratynlyklary aýdyň duýulýar. Munuň özi halkyň gadymy mirasynyň baýlygyny, köp öwüşginliligini we onuň kalbyny hem-de zehinini aýdyň beýan etmäge mümkinçilik berýär. Bir söz bilen aýdanyňda, Halkara atçylyk sport toplumynyň çäginde türkmen toýy uludan tutuldy.
Bu ýerde türgenler, söweş sungatyna eýerýänler, gimnastlar, akrobatlar we beýlekiler öz ussatlygyny görkezýärler. Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Tatarystanyň Liderleri pälwanlaryň tutluşyklaryny aýratyn gyzyklanma bildirip synlaýarlar. Milli göreş boýunça bäsleşikler baýramçylyklaryň we dabaralaryň şowhunyny artdyrýan ýagdaýlaryň biridir. Guşakly göreşiň ähli görnüşlerinde türkmen türgenleriniň artykmaçlygy aýdyň duýulýar. 2013-näi ýylda Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçirilen Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň ýaryşlarynda biziň pälwanlarymyz jemi 9 medallara mynasyp boldular. Şol sanda altyn medallaryň bardygyny hem bellemeli.
Ýodanyň uzaboýuna sergiler guraldy. Şunda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň esasy gahrymanlary bolup durýar. Sergide suratlar, kiçeňräk heýkeller, haly, zergärçilik we keramika önümleri hem-de ýaşlaryň – Döwlet şekillendiriş akademiýasynyň talyplarynyň we çeperçilik mekdeplerinde tälim alýanlaryň beýleki döredijilik işleri görkezilýär. Ýaşlar bu ýerde bedewleriň şekillerini, şu günki baýramçylyga degişli pursatlary suratlandyrýarlar. Golaýda amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň, milli saz gurallarynyň, at esbaplarynyň we bezeg şaý-sepleriniň sergisi hem guraldy.
Ýolugra üç ýurduň Prezidentleri gören-eşidenleri we özlerinde galan täsirler barada pikir alyşdylar. Toplumyň esasy binasynyň ýanynda belent mertebeli myhmanlary türkmen deprekçileriniň uly topary şowhunly saz kompozisiýa bilen garşylaýarlar.
Deprekler sazlaşykly çalynýar hem-de adamlaryň kalplaryny tolgundyrman durmaýar. Irki döwürlerde deprekçileriň ýörişlerde we söweşlerde goşunyň ýanynda bolup, diňe bir sazlaşykly hereket edilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, esgerleriň ruhuny beýgeldendigi we edermenlik görkezmäge iterendigi bellenilýär. Häzirki wagtda alymlar deprekleriň sazlaşykly çalynmagynyň adama diňe bir psihiki taýdan däl-de, onuň bedenine-de güýçli täsir edýändigini subut etdiler. Şu gezekki çykyşyň barşynda şol täsir ruhubelentligi artdyrýan ýagdaýy döretdi. Soňra mylaýym owaz ýaňlanyp, oňa beýleki sazandalar we aýdymçylar hem goşulýar. Ata Watanymyzy, Arkadagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän, belent ruha beslenen aýdym ýaňlanýar.
Aýdym-sazly çykyşlara baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen türkiýeli artistler – meşhur aýdymçy zenan Neşe Zara Bekin we “Hoja Paşa” atly folklor-tans topary goşuldy. “Adygel” tans-hor topary ýygnananlary tatar halkynyň saz sungatyna mahsus ýörelgeler bilen tanyşdyrdy.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Abdulla Gül we Rustam Minnihanow toplumyň münberlerine çykyp, öz orunlarynda oturýarlar.
Alypbaryjy dabaranyň başlanandygyny yglan edýär, türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli gutlag sözleri aýdylýar, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Tatarystanyň arasyndaky dostlukly gtanaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi arzuw edilýär.
Baýramçylyk dabarasyny aýlawyň meýdançasynda täsirli çykyşlary bilen märekäni haýran galdyrýan meşhur “Galkynyş” atçylyk-sport topary açýar. Türkmen jigitleri we ýaş zenan çapyksuwarlar ajaýyp bedewlere atlanyp, özleriniň ussatlygyny görkezýärler. Bu çykyş ýygnananlarda özboluşly we sirk sungatyna mahsus täsir galdyrdy.
Gaýduwsyz jigitler ýokary galýarlar, soňra batly çapýan atyň aýaklarynyň arasyndan geçip, ýene-de eýerde oturýarlar. Şunda çylşyrymly emeller görkezilýär. Jigitler bedewiň üstünde dik durup, Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyrýan üç gatly piramidany düzýärler. At üstündäki şunuň ýaly oýunlar tomaşaçylarda elmydama ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şu gezek hem bu täsirli çykyş ýurdumyzyň myhmanlaryny hakykatdan-da haýran galdyrdy.
Soňra ýodalara Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň baýdaklaryny göterip barýan atlylaryň üç hatary çykýar. Halklaryň dostlugyna bagyşlanan atly ýöriş dabaraly sazyň ýaňlanmagy bilen geçýär, baýdaklary göterýänleriň toparlary hatara düzülmegiň dürli usullaryny görkezdiler hem-de toplumyň meýdançasynda dürli şekilleri düzdüler.
Seýkin basyşly, hakykatdan-da diýseň owadan, dürli reňklerde öwşün atýan ahalteke bedewlerine birkemsiz baş öwredilendigi aýdyň görünýär. Çapyksuwarlaryň emri bilen, atlar sazlaşykly, hereketleri çalasyn we dürs ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedew ählihalk söýgüsine mynasyp bolup, asyrlaryň dowamynda nesilleriň arabaglanyşygyny, maksatlaryny we üstünliklerini, zähmetiň, joşgunyň we döredijiligiň sazlaşygyny täsirli görnüşde äşgär edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewini aýawly saklamakda we onuň dünýädäki at-abraýyny has-da beýgeltmekde uly işleri bitirýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça atçylyk pudagy täze sepgide ýetirildi. Ýurdumyzda bu pudagyň düzümini ösdürmek, arassa tohumlara degişli ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň görnüşlerini we atçylyk boýunça milli ýörelgeleri wagyz etmek babatda ozal görlüp-eşidilmedik çäreler amala aşyrylýar.
Şol bir wagtyň özünde baýramçylyk dabarasynda bedewler “küştdepdi” tansyny ýerine ýetirýärler. Olaryň saza takyk we endigan goşulmagy haýran galdyrýar. Bedewleriň hereketlerinde bu tansa mahsus bolan hereketleri görmek bolýar. Owadan gyzlaryň hereketleri bu kompozisiýanyň has-da täsirli bolmagyna ýardam berýär. Märeke olaryň çykyşyna şowhunly el çarpýar. Bu çykyş daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Şol özboluşly çykyş türkmen seýisleriniň ussatlygyny, olaryň bedewleriň ynamyny gazanyp, olar bilen düşünişmegi başarýandygyny görkezýän ýene-de bir subutnama öwrüldi.
Bu günki gün türkmen bedewleriniň şanyna uly we ajaýyp toý tutulýar, aýdym-sazlar ýaňlanýar, tans oýnalýar. Baýramçylyk dabarasynda at çapyşyklary hem guraldy.
Bäsleşikleriň başlanýandygy yglan edilýär. Ýyndam bedewler ýeňiş gazanmak üçin öňe okdurylýarlar. Atlar çapyksuwarlaryň her bir sözüni inçelik bilen syzyp, pellehana öň barmak üçin badyny gowşatman çapýarlar. Ahalteke bedewleriniň toýnaklaryny ýere degirmän diýen ýaly süýnüp çapyşy ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Bu ýerde guralan çapyşyklaryň ikinjisinde Türkiýäniň çapyksuwarlary arap atlarynda özara bäsleşýärler.
Halkara atçylyk sport toplumynda bolmagynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkie Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilýär.
Baýramçylyk çapyşyklary jemi 7 tapgyrdan ybarat bolup, onda ilkinji gezek arap atlarynyň bäsleşiginiň guralandygyny bellemeli. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şanyna guralan baýramçylyk mynasybetli geçirilen çapyşyklarda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite baýraklary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kuboklary gowşuryldy.
Milletiň buýsanjyna we guwajyna öwrülen, dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan türkmen bedewleriniň baýramçylygy mynasybetli guralan birinji çapyşyga dört we ulyýaşar bedewleriň 10-sy 2200 metr aralykdan goşuldylar . Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy ugrunda güýç synanyşdylar. Örän çekeleşikli we gyzykly geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gumman bu aralygy 2 minut 33,0 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy. Ony bu ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan atşynasy K.Agamyradow taýýarlady. Gummany Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy.
Bu tapgyrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bahreýn diýen dor at ikinji orna düşdi. Onuň bu aralyga görkezen wagty 2 minut 33,6 sekunda deň boldy. Bahreýni ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy. Birinji çapyşykda üçünji baýrakly orna B.Şadurdyýewiň hojalygyna degişli Meleguş mynasyp boldy. Bu aralygy 2 minut 34,4 sekuntda geçen Meleguşy T.Taýlyýew çapdy.
Çapyşyklaryň ikinjisinde dört we uly ýaşar arap atlarynyň 10-sy 2200 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Ýurdumyzda guralýan bäsleşiklere ilkinji gezek gatnaşýan arap atlarynyň arasynda guralan çapyşyk örän gyzykly boldy. Onda Osman Zyýa Tekinalpyň hojalygyna degişli Anadolu ruzgary atly bedew bu aralygy 2 minut 35,3 sekuntda geçip, birinji geldi.
Üçünji çapyşykda hem dört we ulyýaşar atlar ýaryşa goşuldylar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kubogy ugrunda guralan bäsleşigiň menzili 2400 metr boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degigli Dalbedew bellenilen aralygy 2 minut 48,6 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy. Ony hem ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Bu çapyşykda M.Agamyradowyň çapan Kemeri ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kemer bu aralyga 2 minut 48,9 sekunt wagt sarp etdi. Çapyşygyň üçünji baýrakly ornuna Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gindiguş atly bedewi mynasyp boldy. Bu aralygy 2 minut 52,6 sekuntda geçen Gindiguşy uççat çapyksuwar Ş.Agamyradow çapdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda geçirilen dördünji çapyşyga hem dört we ulyýaşar atlaryň 10-sy goşuldy. 2000 metr aralyk boýunça güýç synanyşan bedewleriň arasynda M.Sopyýewiň hojalygyna degişli Dorsekil-II birinji orna mynasyp boldy. Bu aralygy 2 minut 17,4 sekuntda geçen Dorsekili E.Babalyýew çapdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Gudrat atly bedew bu çapyşykda ikinji geldi. Ö.Ýalkabowyň çapan bedewi bu aralygy 2 minut 17,8 sekuntda geçdi. Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Guşganat bu aralygy 2 minut 18,3 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Ony B.Berkeliýew çapdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda geçirilen bäşinji çapyşykda hem dört we ulyýaşar atlar 2000 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gurgun bu aralygy 2 minut 19,2 sekuntda geçip, öň gelmegi başardy. Gurguny M.Agamyradow çapdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gündogar A.Agalyýewiň çapmagyna bu aralygy 2 minut 19,6 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Bu çapyşykda üçünji orna Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Garamaşal üçünji orny eýeledi. Bellenilen aralyga 2 minut 20 sekunt wagt görkezen bu bedewi ussat çapyksuwar G.Agamyradow çapdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda geçirilen altynjy çapyşykda üçýaşar bedewler özaralarynda güýç synanyşdylar. Olar 1800 metr aralyga Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda güýç synanyşdylar. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda M.Orazowyň hojalygyna degişli Abraýly bu aralyga 1 minut 58 sekunt wagt görkezip, birinji geldi. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Bu çapyşykda ikinji orna Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumyna degişli Jaňlygara mynasyp boldy. B.Berdimuhammedowyň çapan bedewi görkezilen aralygy 2 minut 0,2 sekuntda geçdi. Üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Garlawaç mynasyp boldy. Ol bu aralygy 2 minut 0,8 sekuntda geçdi. Garlawajy ikinji derejeli çapyksuwar Ö.Ýalkabow çapdy.
Jemleýji ýedinji çapyşykda hem üçýaşar bedewleriň 10-sy Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda 1600 metr aralyga goşuldylar. Şonda bellenilen aralygy 1 minut 50,2 sekuntda geçen Aknazar birinji geldi. Ony M.Handurdyýew çapdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meledepel bu çapyşykda ikinji orna mynasyp boldy. Bellenilen aralygy 1 minut 50,6 sekuntda geçen Meledepeli ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Serkerde atly bedew bu aralygy 1 minut 50,9 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Serkerdäni Y.Saparow çapdy.
Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan çapyşyklarda ýeňiji orunlara düşen bedewleriň hemmesine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy bolan ýeňil awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.
Münberleri dolduran tomaşaçylar, tele we foto kameralaryň ýüzlerçesi tarapyndan syn edilen bu täsirli tomaşa üç sagada golaý wagtlap dowam etdi. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň çapyşyklary hakykatdan-da, bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem tutuş adamzadyň öçmejek şan-şöhratyna we buýsanjyna öwrülen behişdi bedewleriň gözelliginiň, ýyndamlygynyň we nepisliginiň senasyna öwrüldi.
Soňra atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça guralan baýramçylyk bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Onda uzak aralyga geçiilen çapyşyklarda we päsgelçiliklerden bökmekde ýeňiji bolanlar mübäreklendiler.
Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan konkur ýaryşynda dürli päslgelçiliklerden böküp geçmäge werziş bolan bedewleriň bäsleşigi örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Böri birinji orna mynasyp boldy. Onuň çapyksuwary B.Garajaýew. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine degişli Gökdere atly bedew bäsleşigiň ikinji ornuna düşdi. Oňa D.Ataýew çapyksuwarlyk etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atlçylyk toplumyna degişli Ýedigaýa bäsleşigiň üçünji ornuna mynasyp boldy. Onuň çapyksuwary A.Ballyýew.
Baýramçylyk mynasybetli uzak aralyk boýunça geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Şagadam ýeňiji bolmaga başardy. Ony M.Guldanow çapdy. Uzak aralyga geçirilen çapyşykda ikinji orna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine degişli Merhemet mynasyp boldy. Bu bedewi Ş.Ataýew çapdy. Özboluşly bäsleşikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Paýtagt atly bedew üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.
Şeýlelikde, atçylyk sportuna degişli bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan degişli baýraklar we kuboklar gowşuryldy.
Häzirki döwürdäki tejribe ahalteke bedewleriniň diňe bir adaty at çapyşyklarynda däl-de, eýsem atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri, şol sanda päsgelçiliklerden geçmek, baş öwretmek ýaly olimpiýa görnüşleri boýunça ajaýyp netijeleri gazanýandygyny görkezýär. Şu görnüşler boýunça türkmen sporty örän uly mümkinçiliklere eýedir. Ahalteke bedewleri tizlik boýunça oňat netije görkezmek arkaly, ýyndam bolmak bilen çäklenmän, päsgelçiliklerden geçmekde-de gujurlydygyny görkezýärler. Galyberse-de, bedewler dürli hereketleri berjaý etmegi başarýarlar. Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň ýanynda ýapyk manežli täze Okuw merkeziniň açylmagy bolsa, türkmen türgenleriniň baş öwretmek we päsgelçiliklerden geçmek boýunça daşary ýurtlarda guralýan halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýäde atçylyk sporty boýunça öňdebaryjylar bilen mynasyp derejede bäsleşip ugrajak wagtynyň daşda däldigini görkezýär.
Soňra Halkara atçylyk sport toplumynyň toý mekanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şu günki dabaralaryň belent mertebeli myhmanlarynyň hormatyna resmi nahar berildi.
Tatarystanyň Baştutany hormatly Prezidentimize Türkmenistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda şu ýyl 290 ýyllyk ýubileýi giňden bellnilýän beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysynyň tatar diline terjime edilen nusgasyny sowgat berdi.
Döwlet Baştutanlary Halkara atçylyk sport toplumyndan çykyp, üç ýurduň halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryna we ýörelgelerine, öz many-mazmuny boýunça umumy adamzat ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak hökmünde, bilelikde metjide bardylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden öz ýurtlaryna ugradylar.
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda dabaraly çäreler geçirildi. Şonda baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly we şahyrana agşamlar, ýurdumyzyň atşynaslarynyň we seýisleriniň hormatyna dabaralar guraldy.
Baýramçylyk mynasybetli köp adamly döredijilik we sport çäreleri türkmen halkynyň senenamasynda möhüm orny eýeleýän we häzirki wagtda özüniň sazlaşykly gözelligi bilen adamlary ruhlandyrmagy dowam edýän behişdi bedewlere bagyşlanan uly dabaralara öwrüldi.
Türkmenistan şu dabaralar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde milli atçylygy ösdürmek boýunça yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylýan işler arkaly, bir wagtlar dünýä ajaýyp ahalteke bedewini bagyş eden we häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň bu baýlygyny geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkezi bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.

* * *