Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

view-icon 980
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly bedewiň heýkeli oturdylan binanyň açylyş dabarasyna we Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň şöhratly bedewiň heýkeli oturdylan kaşaň binanyň ýerleşýän ýeri bolan Köpetdag şaýoly bilden N.Andalyp köçesiniň çatrygyndaky halkalaýyn ýoluň ýanyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň belli atşynaslary, şeýle hem paýtagtymyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly geçirilen halkara çärelerine gatnaşan myhmanlar, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar bar.

Milli taryhymyzyň gahrymanlarynyň keşbini janlandyrýan edebi-sazly çykyşlar şanly wakanyň dabarasyny artdyrdy. Ýurdumyzyň belli folklor toparlarynyň we aýdymçylaryň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazlar dabarany dowam etdi. Halkymyzyň bedewlere bolan çäksiz söýgüsini beýan edýän aýdymlar Ýanardaga begyşlandy. Onda tansçylar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň bäş welaýatyna we Aşgabat şäherine degişli bezegli ak öýler, belent ruha beslenen dabara tebigy gözellik bilen utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdym-sazly çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerde gurnalan münbere geçdi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Türkmenistanda her ýyl aprel aýynda giňden we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen mähirli gutlady.


Milli Liderimiz müçenama boýunça şu ýyl bedew ýyly bolup durýar we ol şowlulyk hem-de abadançylyk getirýär diýlip hasaplanylýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz çkyyşynda ahalteke bedewiniň halkymyzyň sungatynda we edebiýatynda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Munuň özi tötänden däldir, çünki, türkmeni atsyz göz öňünde getirmek mümkin däl.

Birnäçe halk paýhaslary, nakyllary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň käbirini hormatly Prezidentimiz mysal hökmünde getirdi. Olarda maksada bolan okgunlylyk bilen halkyň arzuwy äşgär duýulýar. Olaryň biri “At münen döwletli bor” diýen nakyldyr. Şeýle hem gündogaryň beýik şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragy bedewe “At gazanar goç ýigidiň, owal bedew aty gerek”, “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” ýaly setirler bagyşlapdyr.

Türkmen bedewini näçe wasp etseň edibermeli. Çünki, il içinde aýdylyşy ýaly, türkmeniň öýünde at barmy, onda şol öýde bagt bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz “behişdi bedewler” hakynda uly ägirt alada adýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Her welaýatda döwrebap atçylyk sport toplumlary guraldy. Aşgabatda we onuň töwerkelerinde şeýle merkezleriniň üçüsi, ýagny Halkara atçylyk sport toplumy, Aşgabadyň atçylyk sport toplumy we Ahalteke atçylyk toplumy bina edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu toplumlarda işleýän atşynaslara, müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli guwanjymyz bolan arassa ganly tohum atlary ösdürip ýetişdir megi dowam edýän ähli hünärmenlere çekýän asylly zähmetleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki döwürde bu asylly däpler ösüşiň täze tapgyryna çykdy we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalanýar. Şeýlelikde, ertir ýene-de bir işgärler üçin ýaşaýyş jaýlary bolan atçylyk toplumynyň düýbi tutular. Ganatly bedewlere dünýä ýüzünde, şol sanda atşynas hünärmenleriň uly gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýekrleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýanyň agzalary tarapyndan ahalteke bedewleriniň baş sanyny saklamak we olary köpeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Halkara we döwletimiziň içindäki guramalaryň gatnaşmagynda ylmy maslahatlar, bäsleşikler, sergöiler we beýleki çäreler geçirilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz umumy işe ägirt uly goşant goşýan assosiasiýanyň agzalaryna tüýs ýürrekden minnetdarlyk bildirdi. Ýanardagyň hormatyna guralan binanyň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlanydyrlan şanly waka barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu bedew biziň taryhymyzda aýratyn hormata mynasypdyr diýip belledi. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda orun almak bilen, ol ýurduň resmi nyşanyna, onuň belli nusgasyna öwrüldi.

Ýanardagyň heýkeli oturdylan täze binanyň ýanynda taýçanagyň bolmagy bu ady rowaýata öwrülen nesil ugrunyň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştytanymyz, “Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň gudraty, olar türkmeniň ganaty, biziň milli buýsanjymyz!” diýen sözler bilen çykyşyny jemledi we bu ýere ýygananldary Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, bagtyýar, abadan durmuş, atşynaslara bolsa asylly hem-de möhüm işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, belent bina açyldy, aýdym-sazlaryň şowhuny ýaňlandy, dürli reňkli howa şarlary asmana göterildi. Howa şarlary tutuş asmany gurşap aldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlardaky çeperçilik bezegleri wakanyň şowhunyny artdyrdy. Asmanda şekillendirilen bulutlar syryldy-da, olaryň aňarsyndan gökden uçup barýan bedewler göründi. Bu ýerlerdäki durmuş akymyny alamatlandyrýan we binanyň töweregini gurşap alan suw çüwdürimleriniň asmana göterilmegi dabara özboluşly öwüşgün çaýdy...

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkalaýyn ýoluň merkezindäki beýik binada oturdylan we gün şöhlesine öwüşgün saçýan Ýanardagyň altynsow heýkelini, onuň binagärlik-çeperçilik aýratynlyklaryny synlady. Ady rowaýata öwrülen erkin uçýan guş görnüşinde şekillendirilipdir. Ýanardagyň bu ýerdäki şekili, onuň aýaklarynyň çeýeligi uçup barýan guşa çalym edýär. Uzyn boýnuny çala gyşardan buýsançly başyny belent tutýan bedewiň göwresi, onuň okgunly hereketi ýaýdan sypan peýkama meňzeýär. Atyň beden gurluşyny synlanyňda onuň gözelligine göz ýetirmek kyn däl.

Ýanardagyň golaýynda taýçanagyň heýkeli oturdylypdyr. Ol şemal bilen oýun edip, Ýanardagyň hereketini gaýtalajak bolýana çalymdaş. Kuwwatly, buýsançly we erkin bedew bilen taýçanagyň şekilleriniň sazlaşygynda örän çuňňur we köp manyly mazmun bar. Munuň özi nesilleriň baglanyşygyny, geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň utgaşmagyny, däpleriň hem-de täze döwrüň özgertmeleriniň, tejribäniň we arzuwlaryň sazlaşygyny emele getirýän şekile öwrülipdir. Ahalteke bedewleriniň nesil ugurlarynyň iň gowylarynyň hem-de şöhratly nesilleriniň dowamatyny alamatlandyrýan bu bina görenleri haýrana goýýar. Ýeri gelende aýtsak, bedew sungat äleminde wepalylygy, mertligi, ýüwrükligi, kuwwaty we çydamlylygy alamatlandyrýar.

Binanyň umumy beýikligi 37 metr bolup, onuň binýadynda Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzy şekillendirilipdir. Şol ýyldyzdan ýokarlygyna altynsow nagyşlar bilen bezelen mermer şöhleleriň şekili uzap gidýär. Binanyň ýokarky guşaklygyndan inýän suw çüwdürimleri özboluşly akymlary emele getirýär.


Binanyň umumy eýeleýän meýdany 1,3 gektara barabar bolup, onuň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklar döredilipdir, dürli güller ekilipdir. Onuň daşynda bolsa sekiz sany käse şekilli howdany bolan suw çüwdürimleri bar. Tyllaýy agşamlarda binanyň töwereginde oturdylan yşyklandyryjylar bu künjegiň gözelligine gözellik goşýar.

“Myradym” hususy kärhanasynyň bina eden bu taslamasy geçen ýylyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasyngda amala aşyryldy. Şonda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça binanyň gurluşygynda işleýän gurluşykçylar döwlet Baştutanymyzyň ýokary bahasyna mynasyp bolan işleri üçin Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglyndylar. Bu gün bolsa olaryň işiniň netijesi aýdyň görnüýär.

Geçen ýyl Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk sport toplumyna barýan ýoluň ugrunda birnäçe gezek çempion bolan, köp çapyşyklarda ýeňiş gazanan şöhratly Polatly atly bedewiň heýkeli oturdylan toplumyň açylyş dabarasy bolandygyny bellemeli. Şeýlelikde, Türkmenistanda meşhur bedewleriň keşbini binagärlik sungatynda ebedileşdirmek däbiniň ýola goýlandygyny, şeýlelik bilen türkmen halkynyň “behişdi bedewlere” bolan çäksiz söýgüsiniň äşgär edilýändigini, olaryň medeniýetde we türkmeniň ruhy durmuşynda ägirt uly ornu eýeleýändigini äşgär edýän ýörelge emele geldi.

Täze binanyň ýanyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady. Şu gün ol ýerde ägirt uly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

... Ahalteke atçylyk toplumynda bolsa ählihalk dabaralaryna mahsus ýagdaý dowam edýär. Ol agzybirligiň belent möçberlerini özünde jemlemek bilen, döwlet derejesi bilen milli däpleriň gözelliginiň, özboluşlylygyň sazlaşygyny, taryhy geçmişimiz bilen häzirki we geljekki rowaçlygyň utgaşygyny döretdi. Onda türkmen toýuna mahsus belent myhmansöýerlik has-da dabaralandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Ahalteke atçylyk toplumynyň girelgesiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Milli Liderimiz hemmeler bilen mähirli salamlaşyp, baýramçylyk äheňde bezelen toplumyň çägine girýär. Ähli ýerde türkmen toýuna mahsus baýramçylyk dabarasy ýaýdaňlandyryldy. Aýdym-sazlaryň sesi belent ýaňlanýar. Meşhur aýdymçylar, döredijilik, tans we folklor toparlary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň münberine geçdi. Ol ýerde daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormtaly ýaşlular, ýaşlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, atçapyşyklarynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisine, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen wekiller bar.

Ümsümlik. Alypbaryjy dabaranyň başlanýandygyny yglan edýär. Tutuş türkmen halkynyň adyndan milli Liderimize Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine, dünýä ýüzünde ahalteke bedewleriniň abraýynyň belende galmagy ugrunda alyp barýan köp ugurly işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, gutlag sözleri ýaňlanýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gudraty, halkyň kalbynyň ganaty we milli baýramlaryň bezegi bolan ahalteke bedewiniň bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap barýan ýurdumyzyň has-da uly üstünliklere beslenmegi arzuw edilýär.

Hormatly Prezidentimiz dabaralar meýdançasyna çagyrylýar. Bu ýerde atçylyk pudagynyň ösdürilmegi, behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda edilýän çäksiz alada üçin hoşallygyň nyşany hökmünde milli Liderimize ahalteke bedewlerini sowgat bermek dabarasy boldy.


Meýdançada döwlet Baştutanymyzy Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň bäş welaýatynyň häkimleri garşyladylar. Iki sany hormatly ýaşuly we her sebitden bir ýetginjek bedewleri nobatma-nobat çykaryp başladylar. Welaýat häkimi milli Liderimize sowgat berilýän atyň pasportyny gowşurdy. Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan milli Liderimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berilýär.

Dabarany alypbaryjy halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşygynyň başlanýandygyny mälim edýär. Dabaranyň dowamynda ýaş nesilleri hünär taýdan terbiýeläp ýetişdirýän halypalaryň adyna hoşniýetli sözler aýdylýar. Soňra bu bäsleşige gatnaşýan bedewler hem-de olaryň menzili, at eýeleri, olaryň seýisleri we çapyksuwarlary yglan edilýär.

Dabara gatnaşyjylar türkmen çapyksuwarynyň lybasyny geýnen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli Liderimiz çapuw ýodasyna çykyp, Garahan atly ýedinji belgili bedewe atlandy we bäsleşige taýýarlandy.

Badalga yglan edilenden bedewler öňe okduryldylar. Şol pursat çapuw ýodasynda tejäribeli çapyksuwarlaryň erk edýän bedewleriniň arasynda ýiti çekeleşik emeli geldi. Çapyksuwarlaryň ikisi öňe çykdy. Ýedi belgidäki bedew ikinji bolup barýardy...

Biziň ýurdumyzda at çapyşygy gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlykdan peýdalanýar, olar diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, ula-kiçä oňyn täsiri bolan özboluşly tomaşadyr. Munuň özi şatlygyň, duýgynyň, tolgunmanyň we gözelligiň dünýäsidir.

...Tomaşaçylaryň nazary milli Liderimiziň erk edýän we bäsdeşlerinden öňe saýlanyp başlan bedewine gönükdi. Munuň özi milli Liderimiziň çapyşyk menziliniň soňky tapgyrynda ussatlyk görkezip, badyny peseltmändigi netijesinde amal boldy. Örän çekeleşikli we gyzykly bäsleşikde çapyksuwarlar öňe düşmäge çalyşdylar. Olaryň aýak uruşlary üýtgäp, depginleri artsa-da, döwlet Baştutanymyzyň erk edýän bedewi öňüne at geçirmedi. Hut şu ýagdaýda hem Garahan pellehanadan birinji geçmegi başardy.

Aýlawa tomaşa edýänler bäsleşigiň ýeňijisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Döwlet Baştutanymyz özüniň ýokary ussatlyk tejribesini, ýeňşe bolan pugta erkini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Geçen ýyl Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapaşykda milli Liderimiz özüniň Berkarar atly bedewinde ýeňiji bolupdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki ýeňşi, onuň ussatlygyny, sporta bolan şahsy göreldesini, yzygiderli türgenleşiklere, sagdyn durmuş ýörelgesine bolan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek subut etdi. Biziň hemmämiz hormatly Prezidentimiziň “Volkicar” we “Alfa Romeo” ýaryş ulaglarynda çykyş edip, özüniň sport ulaglaryna erk etmekdäki ussatlygyn görkzip, ynamly ýeňiş gazanandygyny bilýäris. Ýedi belgili sport ulagy bolsun, ýa-da ýedi belgili bedew bolsun döwlet Baştutanymyz iş ýüzünde ruhy taýdan uly kuwwata, synmaz erke, yhlasa eýedigini subut edip ýeňiş gazanýar.


Bu bäsleşikde Mälikmyrat Muhammedowyň çapan Ýaşlyk atly bedewi ikinji bolup pellehanadan geçdi. Çapyşygyň üçünji baýrakly ornuna bolsa Gerçek atly bedew mynasyp boldy. Ony Batyr Rejebow çapdy.

Soňra bu ýerde ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu bäsleşik türkmen halkynyň atşynaslyk ýörelegleriniň ösüşini höweslendirmäge, behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki şöhratynyň artmagyna, ähli görkezijiler babatda nusgalyk bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyrlarynda jemleýji bäsleşige gatnaşmak üçin bedewleriň onusy seçilip alyndy. Onda atlaryň tohum aýratynlygyna, beden gurluşyna, şeýle hem seýislenişine aýratyn üns berildi. Şu ugurlar boýunça guralan gözden geçirilişde abraýly eminler topary ýylyň iň owadan bedewi adyny almaga dalaş edýän atlaryň mynasyplaryny saýladylar.

Meýdança ajaýyp bedewler, şöhrat gazanan nesil ugurlarynyň saýlama wekilleri çykarylýar. Olar ahalteke bedewleriniň nesil ugurlarynyň şöhratly nesileridir.

Tomaşaçylaryň öňünde arassa ganly, birnäçe deslapky tapgyrlary geçen bedewleriň onusy peýda bolýar. Bu atlar tomaşaçylaryň öňünde çykarmazdan öňürti olaryň beden gurluşy, çeýeligi, tohzum häsietnamasy, olaryň seýsleýşi gözden geçirilýär.

Altynsow öwüşgünli bedewlerimiziň bezegi, owadanlygy, ýeňil we örän ynamly gadamlary, kuwwaty we çeýeligi öz işinde belent derejelere ýetmegi başaran şöhratly seýisleriň çäksiz yhlasynyň netijeleridir.

Ahalteke bedewleriniň şöhraty hiç bir döwürde hem egsilmedi, gaýtam, ol döwürleri özüne boýun edip, ynsan kalbynda pugta orun tutdy.

Ussat zergärleriň ellerinden çykan bedew şaý-sepleri, esbaplary bu atlaryň gözelligine gözellik goşýar. Olaryň her biri meýdança çykarylanda dabaranyň alypbaryjysy bedew baradaky ähli maglumatlary tomaşaçylara ýetirýär. Şeýle hem dabara mahalynda ahalteke bedewine bagyşlanan goşgular okaldy.

Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hünärmenlerinden ybarat bolan eminler topary özara maslahatlaşyp, belli netijä geldiler.

Şeýlelikde, ajaýyp we nepis görkli Gorkmaz diýen bedew ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhuny el çarpyşmalary astynda ajaýyp bedewiň eýesi Baýrammyrat Hallyýewe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy hem-de göçme Kubogy gowşurylýar.

Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy has-da täsirli boldy. Bu çapyşykda ikinji we üçünji orna mynasyp bolanlara awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Birinji orun üçin bolsa ajaýyp Beghan atly bedew baýrak berildi. Ol bu bäsleşikde ýeňiji bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşuryldy. Milli Liderimiziň adyna gutlag sözleri bilen bir hatarda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri hem aýdyldy.

Milli Liderimiz sowgat berlen aty sypalap, onuň jylawyny ele aldy we eýer esbaplaryny synlady hem-de bedewe atlandy. Ozal münüş görmedik sarç bedew bir bada çapyksuwaryň emrine maýyl bolmajak ýaly etdi. Ýöne at çapmakda, atlaryň hal-ýagdaýyna, häsiýetine düşünmekde ýeterlik tejribesi bolan hormatly Prezidentimiziň erjelligi Beghanyň sazlaşykly ýöremegini şertlendirdi. Meýdançada öwrüm eden döwlet Baştutanymyz bedewiň başyny çapuw ýodasyna tarap burdy.


Çapuw ýodasyna düşen Beghanyň aýaklary sazlaşykly hereket edip başlady. Çapyksuwaryň her bir emrini gyşarnyksyz ýerine ýetirýän bedew aýak urşuny has-da üýtgedip, tans hereketlerini ýerine ýetirdi. Çapuw ýodasynyň ýanyndaky otly meýdançadaky kepderileriň biri bedewini saklan hormatly Prezidentimiziň egnine gondy.

Bu pursatlary synlan her bir adamyň bu görnüşi döwletlilige, rowaçlyga ýorandygy aýdyň hakykatdyr. Çünki parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň nyşany bolan ak kepderiniň milli Liderimiziň egnine gonmagy halkymyzyň eşret ýoly bilen ak ertirlere gadam goýýandygyny, ýurdumyzyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan ýagdaýa öwrüldi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Beghany öz erkine sürüp, dabaralar meýdançasyna geldi. Bu ýerde çapyksuwar bilen bedewiň isleg-arzuwynyň ajaýyp sazlaşygy emele geldi. Hormatly Prezidentimiziň atlanan sarç bedewi bu ýerde ahalteke bedewlerine mahsus görnüşde çarpaýa galdy. Bedewiň hyjuw bilen çarpaýa galmagy türkmen halkynda gadymy döwürlerden bäri belli bolan “At rysgy alnynda” diýen jümläni äşgär edýän ýagdaý hasaplanylýar. Bu görnüşleri synlan tomaşaçylaryň, dabara gatnaşyjylaryň şowhun şatlygynyň, buýsanjynyň çägi bolmady. Olar hormatly Prezidentimizi ul üstünlik bilen gutladylar we eşretli zamana üçin hoşallyklaryny mälim etdiler.

Döwlet Baştutanymyz özüne baýrak hökmünde gowşurylan ajaýyp bedewi “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna berýändigini mälim etdi. Şeýlelikde, bu ajaýyp sowgat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen we Watanymyzyň çäklerinden daşynda türkmen çapyksuwarlyk sungatynyň şöhratyny belenlde galdyran toparyň iň ýaş wekiline gowşuryldy. Milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary ajaýyp ahalteke bedewleri bilen Belarusyň Ukrainanyň, Türkiýäniň tomaşaçylarynyň sagbolsunyna mynasyp boldular. Şeýle hem olar 2013-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda baş Kuboga we başga-da birnäçe baýraklara mynasyp boldular.

Ýurdumyzda sirk sungatyny we atlylar toparynyň işini ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň Döwlet sirkine ABŞ-nyň 50 müň dollaryny berendigini ýatlamaly. Şýele hem bir ýyl mundan ozal halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýeňiş gazanan hormatly Prezidentimiz özüne düşýän pul baýragyny Türkmenistanyň atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine geçirdi.

Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň pudagyň ösdürilmegi ugrunda edýän ägirt uly goldawynyň diňe biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Inçihon şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda we Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde XXVII Bütindünýä uniwersiadasynda ýeňiş gazanan türkmen türgenlerine pul baýraklarynyň berlendigini bellemeli.

Milli Liderimiziň türkmen türgenleri hakynda edýän atalyk aladasy, sport bilen meşgullanmak we bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak ýurdumyzy sport hereketiniň merkezine öwürmek üçin döredilýän şertler pudagyň ýokary derejelere göterilmegi, türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlarynda uly üstünlikler gazanmagy şertlendirdi. Şeýlelikde, 2013-nji ýylda biziň türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarynda we abraýly dünýä bäsleşiklerinde 300-e golaý medallara mynasyp boldular. olaryň ýüzüsiniň altyn medallardygy bellärliklidir.

Şu ýyl biziň türgenlerimiz daşary ýurtlarda geçiriýän ýaryşlarda biziň ýurdumyza abraýly wekilçilik edýärler. Ýakynda Nepalda geçirilen ITF ugry boýunça taekwon-do ugrundan Aziýa çempionatynda ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde biziň toparlarymyz uly üstünlik gazandy. Şonda türkmen türgenleri dürli medallaryň 16-syna mynasyp boldular. Şol bäsleşikde Türkmenistanyň sport mekdebiniň türgeni ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň absolýut çempiony diýen derejäni eýeledi. Biziň türgenlerimiz öz üstünliklerini beýik sport netijelerini gazanmakda şahsy görelde görkezýän milli Liderimiziň ady bilen baglanyşdyrýarlar.


Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Gündogaryň söweş sungaty boýunça ýokary derejeleriň eýesi bolup durýar. Milli Liderimize Bütindünýä karate federasiýasynyň gara guşagynyň altynjy dany, şeýle hem taekwon-do boýunça ýedinji derejäniň gara guşagy gowşuryldy. Halkara sport hereketini ösdürmekde ýokary netijeleri üçin hoşallygyň nyşany hökümnde döwlet Baştutanymyza Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy – Hormat ordeni gowşuryldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça Aşgabat 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde seçilip alyndy.

Milli Olimpiýa geňeşiniň başlygy bolup durýan hormatly Prezidentimiziň ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň gün tertibine, daşary ýurtlara guraýan saparlarynyň maksatnamasyna sport bilen baglanyşykly meselelriň girizilýändigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyz olaryň barşynda işiniň köpdügine garamazdan dürli ýurtlarda häzirki zaman sport düzümini guramagyň tejribesi bilen tanyşmaga wagt tapýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda biziň ýurdumyz üçin sportuň täze görnüşleri bolan hokkeý, buzda figuralaýyn typmak ýaly ugurlary hem ösdürilýär. Şýele hem welo we awto sportuň ösdürilmegine ýardam berilýär. Türkmenistanlylara sportuň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýän sportuň häzirki zaman halkara derejesindäki düzümi döredilýär we onuň gerimi giňeldilýär.

Şeýle işler bilen bir hatarda sportuň milli görnüşleriniň meşhurlygy saklanýar we olar ösdürilýär. Bu babatda at çapyşyklara aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynyň münberleri ýazky we güýzki at çapyşyk möwsüminde, şeýle hem milli baýramçylyklar mynasybetli guralýan at çapyşyklary döwründe hemişe köp adamly. Atçylyk sport ulgamy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Ol ruhy we maddy gymmatlygy özünde jemlemek bilen, milletiň bahasyz mirasyny, ösüşiň täze belentliklerine, ýeňişlerine tarap bolan okgunly hereketi bilen häzirki döwrüň rowaçlygyny alamatlandyrýar.

Soňra şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde, surat işlerinde we telegepleşiklerde ahalteke bedewleriniň gözelliginiň çeper beýany boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilýär. Çeper serişdeleriň kömegi bilen ahalteke bedewleriniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen döredijilik bäsleşigine köpsanly belli we ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar, zergärler, fotosuratçylar, neşirýat işgärleri, bezegçiler we teleoperatorlar gatnaşdylar.

Olaryň her biri öz döredijiliginde gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy hem-de beýik hormatyň nyşany hasaplanýan bedewe bolan garaýşyny beýan etmäge synanyşypdyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan baş baýraklar gowşuryldy.

Bu bäsleşikde surat eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň müdiri özüniň “Berkarar” atly işi bilen Parahat Gapançaýew baýraga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň “Boýnaw” , “Akhan” atly işleri Iň goy haly eserleri hökmünde ykrar edildi.

Heýkel eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Gurbangeldi Gaýypberdiýewiň “Bedew” atly heýkeli hem bäsdeşligiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Zergärçilik eserleriniň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Nurýagdy Mürrikowiň “Bedew şaý-sep toplumy” atly zergärçilik önümleri baýraga mynasyp boldy.

Neşir önümleri boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky Metbugat merkeziniň kompýuter operatory Annamuhammet Öwezowyň “2014-nji ýylyň senenamasy” atly işi iň gowy neşir önümi hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýaşlyk teleýaýlymynyň teleoperatory özüniň işi bilen Guwanç Öwezowyň “Türkmen bedewiniň baýramy” atly sýužeti baýraga mynasyp boldy.

“Çoh garaşdym, ajap eýýam gelipdir” atly baýramçylyk kompozisiýasy we çykyşy bilen her bir dabara baýramçylyk öwüşgünini, milli äheň çaýýan we daşary ýurtly tomaşaçylarda uly täsir galdyrmagy başarýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaranyň özboluşly dowamyna öwrüldi.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleriniň we gyzlarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan şowhun-şatlyk bilen garşylandy. Ahalteke bedewleriniň üstünde örän çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän çapyksuwarlar özleriniň ussatlyklaryny, çykyşlaryň täze usullaryny görkezdiler. Olaryň birnäçe atyň üstünde topar bolup durmaklary hem-de milli tugumyzy al-asmanda parlatmagy has-da täsirli boldy.

Baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan jemleýji aýdyma hemmeler goşuldy. Onuň owazy dag eteklerindäki dereleriň üstünden aşyp, ahateke bedewleriniň rowaç eýýamda ykbalynyň belentlere göterilýändigi hakyndaky hoş habar bolup, äleme ýaň saldy. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýäniň iň oňat atlary hakyndaky beýana öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda bu ýerden ugrady.