Ï Täze atçylyk toplumynyň gurluşygyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze atçylyk toplumynyň gurluşygyna badalga berildi

view-icon 869
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar dowam edýär. Şu gün Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, köpsanly ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda işgärler üçin şäherçesi bolan täze atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Şu gün gurluşygyna badalga berlen toplumda esasy binadan başga-da, ýerasty geçelgeleri bolan atçylyk toplumy, iki gatly iki öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 57-si, çagalar bagy, iki dükan, sport we çagalar oýun meýdançalary bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olary gurmak we doly taýýar edip tabşyrmak Türkiýäniň “Belda Inşaat Taahhüt ve Tiсaret Ltd. Şti.” kompaniýasyna ynanyldy. Bu iri taslama “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça amala aşyrylar.

Taslama laýyklykda umumy meýdany 600 müň inedördül metr bolan ýerde atçylyk-tohumçylyk toplumy bolar, Ýaşaýyş jaý üçin 200 müň inedördül metr bölünip berildi. 250 müň inedördül metre bolsa ot-iýmlik ekinler ekiler.

Atçylyk-tohumçylyk toplumynyň çäginiň girelgesinde keselleriň öňüni almaga niýetlenen howuz we degişli bina bolar. Dünýä ülňülerne laýyk gelýän tohumçylyk-seçgi we ýörite barlaghana binasynda bedewleri keselden saplamak, hususan-da, milletiň buýsanjyna öwrülen bedewleriň sagatlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bejeriş işlerini geçirmek çäreleri üçin niýetlenen otaglar, ýokary derejeli rentgen enjamlary we UZI otaglary bedewleriň hyzmatynda bolar.

Atçylyk toplumynyň hojalyk bölüminde her birinde 60 at ýatagy bolan dört sany athana, her birinde taýçanaklar üçin 80 ýatagy bolan iki sany athana, şeýle hem her birinde taýçanaklar üçin 50 ýatagy bolan dört sany athana, mundan başga-da, her birinde 20 sany at ýatagy bolan ene bedewlere niýetlenen iki sany athana, umuman 640 at ýatakly athanalar bolar. Gurnamanyň taslama aýratynlygyna laýyklykda bu ýerde oňaýly howa ýagdaýy, salkynladyş şertleri ýola goýlar. Şeýle hem toplumda ýörite bina bolup, onda atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin zerur şertler üpjün ediler. At çapmak boýunça ýörite sapak geçmäge niýetlenen ýörite enjam, çäge düşelen manež, taýlara baş öwretmek üçin çapuw ýodalary, şeýle hem ugurdaş desgalar, şol sanda ýörite iým taýýarlamaga niýetlenen desgalar, sklad jaýlary bolar.

Toplumyň ýöriteleşdirilen ýerlerinde, türgenleşik meýdanaçalarynda zeýkeş ulgamlary oturdylan düzümler dörediler. Şeýle hem athanalara düşekleri atlaryň aýagyna zeper ýetirmeýän ýörite çägeler hem-de degişli çagyllar düşeler. Şeýlelikde, bu ýerde atlary gezdirmek, çapyşyga taýýarlamak üçin her möwsüme laýyk şertler üpjün ediler.

Toplumda aýratyn bina bolup, onda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary we türgenleşik zallary bolar. Olarda 150 orunlyk auksion geçirmäge niýetlenen zal hereket eder.

Toplumda döredilen ýörite tohumçylyk bölüminde geljekki ahalteke bedewleriniň ösüş ýoluna syn etmek mümkinçiligi hem bolar. Bu ýerde ýaşajyk taýçanaklar we olaryň enelerini saklamak üçin ýörite şertler üpjün ediler.

Atçylyk-tohumçylyk toplumy bilen hünärmenleriň ýaşaýan ýerleriniň arasynda bölüji zolak dörediler. Şeýle hem toplumyň çäginde atlar üçin çapuw ýodalary enjamlaşdyrylar.

Ýeri gelende aýtsak, bu künjegiň arassa dag howasy, gök öwüsýän sonarlar, şeýle hem şowhunly şäherden uzaklyk bu toplumyň atlary we taýçanaklary üçin has oňaýly şertleri üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Gökdepe etrabynyň çäginde howanyň derejesi şäher bilen deňeşdirilende hemişe 3-4 gradus pes bolýar. Bu bolsa ahalteke bedewleri üçin ýaramly tebigy şertleriň üpjünçiligini şertlendirýär.

Şeýlelikde, bu ýerdäki toplum dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylar. Onuň iň abraýly ylmy-barlag atşynaslyk merkezine öwrüljekdigi gumansyzdyr.

Şeýle hem bu ýerde toplumyň işgärleri üçin amatly ýaşaýyş we dynç alyş mümkinçilikleri dörediler. Bu ýerde 114 maşgala niýetlenen iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar. Toplumyň çäginde iki dükan bu ýeriň ilatynyň hyzmatynda bolar. Desgalaryň hemmesi ak mermer bilen örtüler. Bu ýerde çagalar üçin ýöriteleşdirilen oýun meýdançasy gurlar.

160 orunlyk täze çagalar bagy, ondaky giň gimnastika we saz otaglary, oýun meýdançasy körpeleriň ygtyýarynda bolar. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.

Toplumyň taslamasyna laýyklykda, desgalar gurlanda we olaryň bezeg işlerinde ýokary hilli mermer daşlary we beýleki zerur gurluşyk serişdeleri peýdalanyar. Tutuşlygyna alnanda täze binagärlik toplumy döwrebap gündogar äheňinde bina ediler. Toplumyň çäginde gök zolaklar dörediler we dürli güller ekiler.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa arassa ganly ahalteke bedewlerini saklamak, bularyň baş sanyny artdyrmak we ady rowaýata öwrülen bedewleriň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny üpjün etmek babatda edýän yzygiderli aladasy üçin çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmenistanda atçylygyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmaga, seýisleriň we atşynaslaryň täze nesillerini kemala getirmäge, atçylyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işler, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen we dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän täze atçylyk toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary derejesinden habar berýär.