Şu gün Newanyň boýundaky şäherde bu ýerdäki medeni çäräniň çäklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe dabaralar geçirildi.
Türkmen şygryýetiniň zehinli şahyrynyň hormatyna guralýan dabaralar rus alymlarynda, döredijilik intelligensiýasynyň wekillerinde we Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň köpsanly muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär. Öz döwrüniň görnükli wekili, medeniýetiň we ruhy dünýäniň kämilleşdirilmegine uly goşant goşan Magtymguly dünýäniň edebiýat äleminde tanymal şahsyýetleriň biridir. Onuň eserleriniň täsiri hem-de ähmiýeti taryhy taýdan we millilik babatda giň gerime eýedir. Beýik ynsanperwer türkmen şahyrynyň eserleri häzirki wagtda dürli dillerde ýaňlanýar, onuň oý-pikirleri we öňe sürýän ýörelgeleri dünýäniň köp halklarynyň gymmatlygyna öwrülip, halklaryň özara düşünişmegine we dostlugynyň berkemegine ýardam edýär. Russiýanyň medeni paýtagtynda geçirilýän dabaralar muny dolulygyna tassyklaýar.
Sankt-Peterbergyň taryhy merkezinde, Sungat meýdançasynda ýerleşýän Russiýanyň etnografiýa muzeýinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze ýygyndysy bilen tanyşdyryş dabarasy türkmen şygryýetine uly sarpa goýýanlar üçin möhüm waka öwrüldi. Geçen asyrlara degişli ajaýyp türkmen halylary we milli lybaslar bu muzeýdäki türkmen toplumynyň bezegi bolup durýar. Bular türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň ösüşiniň maddy subutnamalary bolup, halkymyzyň kalbynyň gözelligini hem-de çuňňurlygyny, asyrlaryň dowamynda aýawly saklanan baý ruhy däp-dessurlary we özboluşly adatlary özünde jemleýär. Ýeri gelende aýtsak, birnäçe ýyl mundan ozal şu muzeýde Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy bilen tanyşdyryldy, şol ýygynda onuň rus diline terjime edilen şahyrana eserleri girizildi.
Täze ýylyndy bilen tanyşdyryş dabrasyna Sankt-Peterburgyň hökümetiniň agzalary, giň jemgyýetçiligiň, döredijilik intelligensiýasynyň, Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda kowçum bolup ýaşaýan köpsanly milletleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem Russiýanyň dürli sebitlerinden gelen watandaşlarymyz gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek üçin Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna türkmen wekiliýeti iberildi, onuň düzüminde alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Magtymgulynyň saýlanan eserlerini özünde jemleýän täze neşir şygyrlaryň 400-e golaýyndan ybaratdyr. Ýygynda türkmen şahyrynyň ozal rus dilinde çap edilen goşgulary bilen birlikde, ilkinji gezek rus diline geçirilen şygyrlaryň 300-den gowragy girizildi.
Täze kitaby taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu işde rus hünärmenleri ýardam berip, Magtymgulynyň eserlerini rus diline terjime etdiler. Magtymgulynyň many-mazmunly we ýazylyşynyň usuly boýunça dürli görnüşdäki şahyrana eserlerinde watançylyga, ahlak tämizligine we ruhubelentlige mahsus ýörelgeler beýan edilýär.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujynyň rus diline terjime edilen saýlama eserleriniň täze şahyrana ýygyndysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Magtymguly – ynsan kalbynyň öçmejek nury” diýen makalasy bilen açylýar. Şonda türkmen döwletiniň Baştutany Magtymgulynyň edebi mirasynyň dünýäde ylmy we medeniýeti ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýär. Milli Liderimiz şahyryň-filosofyň umumadamzadyň gymmatlygyna öwrülen durmuşda öz beýanyny tapýan dürli oý-pikirleriniň we garaýyşlarynyň häzirki wagtda kämil jemgyýetimiziň ruhy ýörelgesi bolup durýandygyny nygtaýär.
“Ylym” neşirýatynda çap edilen ýygyndy şahyryň has giňden belli bolan “Türkmeniň” diýen goşgusy bilen başlanýar, bu şygyr ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň agzybirliginiň belent şahyrana senasyna öwrüldi. Täze neşir şahyryň öz durmuşyna degişli “Pyragy” diýen şygry bilen jemlenýär. Magtymgulynyň goşgy setirlerinde şahyryň ýer ýüzündäki beýik maksady baradaky düşünje hem-de şahyryň öz halkyna bagyş eden ömrüniň manysy beýan edilýär.
Tanyşdyryş dabrasynyň barşynda çykyş eden türkmen alymlary, şeýle hem olaryň rus kärdeşleri Magtymgulynyň goşgularyny terjime etmek boýunça berjaý edilen işler barada aýdyp, beýik türkmen şahyrynyň rus diline terjime edilen saýlama eserleriniň täze ýygyndysynyň çap edilmeginiň ylmy taýdan uly ähmiýete eýedigini bellediler. Dabara gatnaşyjylar Magtymgulynyň eserlerinden ybarat bolan täze neşiriň iki döwletiň arasyndaky netijeli ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýetlidigini belläp, täze şahyrana ýygyndynyň doganlyk ýurtlaryň esasy milli we ylmy kitaphanalarynda mynasyp orun eýelejekdigini aýtdylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa milli medeniýeti ösdürmek, ony halkara derejesinde göwnejaý tanyşdyrmak işine uly şahsy goşandyny goşýandygy hem-de alymlaryň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Sankt-Peterburgyň gadymy binalarynyň birinde Magtymguly Pyragynyň türkmen we rus dillerindäki ajaýyp goşgulary ruhubelentlik bilen ýaňlandy.
Şu ýerde Aşgabatdan getirilen milli şaý-sepleriň sergisi guraldy, bu sergi zergärçilik sungatyna sarpa goýýanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Soňra beýik türkmen şahyryna bagyşlanan dabaralar Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogar golýazmalary institutynda dowam etdi, bu ýerde türkmen golýazmalarynyň, şol sanda Magtymgulynyň bu ylmy merkezinde saklanýan golýazma görnüşindäki mirasynyň täsin galdyrýan sergisi guraldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen şahyrlarynyň golýazmalary, şol sanda Magtymgulynyň eserleri diňe bir Türkmenistanda däl-de, dünýädäki dürli ýurtlaryň meşhur kitaphanalarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň golýazmalar gaznalarynda aýawly saklanýar. Türkmen alymlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň işjeňlik bilen ösdürilmegi netijesinde, ylmy toparlaryň çäklerinde, häzirki wagtda ata Watanymyza halkymyzyň gadymy taryhy, edebiýaty, dili, medeniýeti we sungaty bilen bagly bolan golýazmalaryň foto we elektron görnüşdäki nusgalary getirildi. Şol ylmy barlaglaryň barşynda Magtymgulynyň ozal belli bolmadyk goşgulary ýüze çykaryldy, bular şahyryň türkmen dilindäki goşgularynyň täze ýygyndysyna goşuldy, häzirki wagtda bu ýygyndy dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilýär.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň Sankt-Peterburgdaky bölüminiň gaznalarynda arap grafikasyndaky eserleriň 10 müňe golaýy, şol sanda türkmenleriň taryhyna we medeniýetine degişli eserleriň 300-e golaýy saklanýar, şolaryň birnäçesi 2007-nji ýylda bu ýerde guralan “Türkmen golýazma medeniýeti” atly sergide görkezildi.
Şu günki dabara gatnaşyjylara-da Peterburgdaky toplumyň dürdänesi – Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysy hem-de Magtymgulynyň, Magrupynyň, Mätäjiniň, Misgingylyjyň, Mollanepesiň, Ilgeldiniň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny özünde jemleýän ýygyndy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Sergide Magtymgulynyň XVIII asyryň ahyrynda -XIX asyryň başynda Hywada we Aşaky Powolžýede göçürilen goşgularynyň ýygyndysyna aýratyn üns berildi. Ýeri gelende aýtsak, institutyň golýazmalar gaznasynda Pyragynyň eserleriniň sanawynyň bäşisi bar, bular liriki goşgulardyr. Magtymguly diňe halk barada we halk üçin däl-de, halkyň dilinde ýazypdyr. Türkmenistana gelen syýahatçylar meşhur halylar, ahalteke bedewleri, süýji gawunlar bilen birlikde, Pyragynyň goşgularyny hem alyp gidipdirler.
Türkmenleriň taryhy we medeniýeti boýunça Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň Sankt-Peterburgdaky bölüminiň gaznalarynda saklanýan şeýle möhüm ähmiýetli maglumatlar baryp XX asyryň 30-njy ýyllaryndan bäri öwrenilýär we bu iş şu gün hem dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergi iki ýurduň alymlarynyň bu gaznadaky türkmenlere degişli bölegi ýene-de üns bermelidigini hem-de Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ylmy we medeni hyzmatdaşlygynyň geriminiň örän giňdigini görkezdi.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogar golýazmalar institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory Irina Popowa şu serginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm ähmiýetli wakadygyny belledi.
Şol günki dabaralar türkmen artistleriniň konserti bilen jeimlendi. Olar milli nusgawy sazlary, meşhur estrada aýdymlaryny, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen eserleri ýerine ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň saz sungatynyň ösdürilmegine güýçli itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň goşgy setirleriniň dutaryň mylaýym owazy bilen sazlaşyp, adamlaryň kalplaryny şatlandyrýandygyny we ruhlandyrýandygyny belleýär. Peterburglylara beýik ynsanperwer şahyryň eserleri esasynda döredilen halk aýdym-sazlarynyň ajaýyp çemenini bagyş eden türkmen bagşylarynyň çykyşlpary bu sözleri dolulygyna tassyklaýar.
Ýaşlar köşgüniň konsert zalynda türkmen artistleriniň çykyşlary diňleýjiler tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Şonda Russiýanyň demirgazyk paýtagtynyň durmuşyna türkmen baharynyň ýylysy we älemgoşara mahsus öwüşginler çaýyldy.
Ertir Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda we Russiýanyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen duşuşar, şol duşuşygyň barşynda gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.