Şu gün Halkara atçylyk-sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli dabara bolan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan çärelere gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.
Mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türk Lideri Türkmenistanda ýene-de bolmaga dörän mümkinçilige örän şatdygyny belledi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny giňden we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen gutlady. Baýramçylyk dabaralarynyň möçberlerine we köp öwüşginliligine haýrar galýandygyny bellemek bilen, Prpezident Abdulla Gül özüniň türkmen kärdeşine we doganlyk türkmen halkyna abadançylyk, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmelerii durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, öz başlangyjyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-türk gatnaşyklary häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Türkmenistan we Türkiýe şöhratly taryhy, baý medeni mirasy bolan iki döwlet bir milletdir diýip, Abdulla Gül belledi.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň baştutanyny türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Milli baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Abdulla Güle minnetdarlyk bildirmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň biziň ýurdumyzyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri blup durýandygyny aýtdy. Iki döwletiň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ylalaşykly hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýar. Dürli derejede geçirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi şertlendirýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Taraplaryň pikirine görä, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň uly galkynyşa eýe bolýandygy we onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi we bar bolan mümkinçilikler, şeýle hem iki halkyň taryhy, medeni umumylygy gatnaşyklary giňeltmäge bolan uly gyzyklanmalary şertlendirýär diýip bellediler.
Iki döwletiň baştutanlary ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem gatnaşyklary diwersifikasiýa etmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary, energetika, senagat, gurluşyk we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary ylym we bilim ugrundaky gatnaşyklary, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni alyş-çalyşmalary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi barada aýtdylar. Bellenilişi ýay, taryhy umumylyk we doganlyk gatnaşyklary iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýar.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Abdulla Gül taraplaryň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar hem-de däp bolan türkmen-türk gatnaşykarynyň iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.