Şu gün türkmen paýtagtynda saparda bolýan BMG-niň Merkezi Aziýada bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Bernard Doýl Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetirij Komitetiniň hemişelik agzasy bolup durýan Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri netijeli pirir alyşmalaryň esasyny düzdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlary häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir we ol biziň ýurdumyzyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine, demokratik ösüşiň hem-de häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň esaslaryna ygrarlydygyny äşgär edýär. Türkmenistanda “Bosgunlar hakynda” Kanun hereket edýär. Döwlet Baştutanymyzyň adam hukuklaryny goramak ulgamynda öňe sürýän başlangyçlaryny we tekliplerini netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky” Kanuny kabul etdi. Onda daşary ýurtly raýatlaryň hukuklary bilen bir hatarda raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna aýratyn orun degişlidir.
Bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk bermek işinde Türkmenistanyň toplan tejribesi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. 2012-nji ýylda Aşgabatda “Musurman dünýäsindäki bosgunlar” ady bilen geçirilen Halkara maslahaty biziň ýurdumyzyň bu ulgamda halkara derejesindäki gazanan tejribesini dünýä bileleşigine äşgär etdi. Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda migrasiýa we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri bilen baglanyşykly Halkara maslahatyny geçirmek bellenildi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň alyp barýan migrasiýa syýasatynyň giň möçberliligini we ynsanperwerligini dünýä bileleşigine aýdyň eder.
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Bernard Doýl Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.