Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türk işewüri döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzda geçirilen Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we umumymilli dabaralaryň giň gerimine hem-de köp öwüşgünliligine haýran galandygyny nygtady. Oňa köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň, dünýä ýurtlarynyň teleýaýlymlaryny arkaly dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda özüniň hem şaýat bolandygyny aýtdy. Ahmet Çalygyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň baý taryhy, däp-dessurlary, ajaýyp medeni we ruhy gymmatlyklary dürli milletleriň, şol sanda doganlyk türk halkynyň medeniýetiniň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, doganlyk halklaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhynyň we medeniýetiniň umumylygynyň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygyň Türkmenistanda amala aşyrylýan uzakmöhletli ykdysady syýasatyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz kuwwatly senagat düzümini döretmegi hem-de durmuş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegi ugur edinmek bilen, daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda türk işewürlirei bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Öz gezeginde “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, milli Liderimize häzirki döwürde biziň ýurldumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Esasan-da, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň, gazturbinaly elektrik beketleriniň we türkmen paýtagtynda Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň, ýurdumyzyň sebitlerinde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna degişli beýleki desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.
Gurulýan desgalaryň möhümdigini, olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini hem-de binalaryň bellenilen möhletinde tamamlanmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary alyp barmaga hemişe taýýardygyny nygtady.
“Çalyk Holding” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen, Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyzy bildirilen ýokary ynamy abraý bilen ödemek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.