Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşan Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly jenap Kun Minneni hem-de Italiýanyň “Pýetro Beretta Spa” kompaniýasynyň wise-prezidenti we dolandyryjy direktory jenap Franko Gusalibrettany kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmanlar döwlet Baştutanymyzy türkmen halkynyň ajaýyp we gözelligi hem-de ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine bolan ägirt uly söýgüsini alamatlandyrýan geçen nurana bahar baýramy bilen gutladylar. Şanly sene mynasybetli guralan çäreleriň gerimine we dabarasyna haýran galýandyklaryny bellemek bilen, myhmanlar baýramçylyga dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly myhmanlaryň gatnaşandygyny aýtdylar we tutuş türkmen halkyna bagt, rowaçlyk hem-de özygtyýarly ösüş ýolunda uly üstünlikler arzuw etdiler.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň we ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýandygy bellenildi.
Ýewropa Bileleşiginiň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän we ägirt uly senagat, ykdysady we serişde kuwwaty bolan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtamak bilen, myhmanlar milli Liderimiz bilen ähli ugurlar, ilkinji nobatda bolsa nebitgaz pudagynda, Italiýanyň “Pýetro Beretta Spa” kompaniýasynyň ýöriteleşen ugry bolan howpsuzlyk ulgamynda gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Biziň ýurdumyz halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmäge we düýpli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermek bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň çekmegi ugur edinýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iň döwrebap tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary bolan ýewropa kompaniýalarynyň oňyn tejribesine islegiň ýokarydygyny aýtdy.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, özara gyzyklanmalary we ikitaraplaýyn bähbidi nazara almak bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.