Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 767
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň we bu ýurduň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Maslahatyň gün tertibine geçmek bilen, milli Liderimiz halkymyzyň milli guwanjyna we buýsanjyna öwrülen hem-de dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň şanyna guralýan dabaralaryň gerimi, onuň guramaçylyk derejesi milletiň “behişdi bedewlere” goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwlet derejesinde we giň gerimde bellenilen Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, dünýä ýüzünde şöhrat gazanan we türkmen atşynaslarynyň ussatlygyndan, zehininden kemal tapan deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň şanyna guralan bu dabaralar halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, bitewüliginiň we onuň gadymy däplere, baý taryhy-medeni mirasa ygrarlydygynyň, ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çärelerde Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň hyzmatdaşlyk syýasatynyň has-da aýdyň ýüze çykandygyny nygtady. Dabaralaryň giň gerime eýe bolmagy we oňa köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagy ýurdumyza gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň yzygiderli artýandygyny alamatlandyrýar. Döwletimiz geljekde-de milletimiziň düýp özenini ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz düzýän ajaýyp medeni mirasyny saklamak, öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere uly üns berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylaryň milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, pudaklaýyn düzümlerde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň we onuň ýanynda bolýan wekilçilikli toparyň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatlaryny diňledi we olaryň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi, ol 28-30-njy aprelde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Horwatiýanyň Prezidenti bilen duşuşygynyň iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlyga badalga berendigi bellenildi. Ýokary derejedäki şol gepleşik 2008-nji ýylyň aprelinde Buharest şäherinde NATO-nyň sammiti geçirilen mahalynda, iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň barşynda dowam etdirildi. 2008-nji ýylyň iýulynda Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary we 2009-njy ýylyň iýununda Türkmenistanyň Prezidentiniň Horwatiýa Respublikasyna resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Şeýlelikde, ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk türkmen-horwat gatnaşyklarynyň ähli ugurlar – uly mümkinçiliklere eýe bolup durýan söwda-ykdysady ulgam, şeýle hem gumanitar-medeni ugur boýunça ösdürilmegine täzeden badalga berer. Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Horwatiýanyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýandygyny we şunda Horwatiýanyň ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz deňhukuklylyga, özara hormat goýulmagyna we netijelilige mahsus ýörelgeler esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary derejede geçiriljek türkmen-horwat gepleşikleriniň däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we onuň geriminiň giňeldilmegine, bu hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden iş ýüzünde peýdalanylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gepleşigiň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu sapara taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna gabatlanyp geçiriljek türkmen-horwat işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahata ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň 30-a golaýynyň, şeýle hem döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşar. Şeýle hem wise-premýer öňde boljak işewürlik maslahatynyň gün tertibi barada aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu maslahatyň geçirilmeginiň iki ýurduň dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde geçirilýän bu çäräniň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we iki ýurduň döwlet hem-de telekeçilik düzümleriniň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, türkmen-horwat işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ähli çäreleri görmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew çykyş edip, gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hem-de 28-30-njy aprelde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyna taýýarlyk görülmegine degişli guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi boýunça hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gözegçilik edýän düzümleriniň işine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň türkmen-horwat gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan döwlet saparyna guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyzda boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 30-njy mart – 2-nji aprel aralygynda türkmen wekiliýetiniň Horwatiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi geçirildi. Örän ýokary halkara abraýyna eýe bolan geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýokary gyzyklanma bildirýän horwat kompaniýalarynyň ýolbaşçylary türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamalara, hususan-da, häzirki zaman önümçiliklerini döretmek we enjamlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy we beýlekiler boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny nygtamak bilen, türkmen wekiliýetiniň ýük gatnatmagyň ähli häzirki zaman usullaryny işjeň peýdalanýan örän möhüm deňiz menzilleriniň işleri bilen içgin tanyşmagy Horwatiýanyň tejribesini öwrenmek meselesinde peýdaly bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz wise-premýere Horwatiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza saparyna taýýarlygy üpjün etmek babatynda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, medeniýet boýunça türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu saparyň barşynda medeni çäreleri ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berip, medeniýet babatda ysnyşykly türkmen-horwat gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça işiň birnäçe möhüm ugurlaryny kesgitledi hem-de şol gatnaşyklary ösdürmekde we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmakda täze, döwrebap çemeleşmeleriň ulanylmalydygyny, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýaş döredijilik işgärleriniň çekilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, Horwatiýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur şertleriň bardygyny bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen bu ýurduň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Gatnaşyklaryň täze ugurlaryny, şol sanda maýa goýum ulgamyny ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa ýüzlenip, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň toplumlaýyn ösüşine, kuwwatly senagat düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen uzakmöhletleýin ykdysady strategiýanyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmakda ýokary derejede geçiriljek türkmen-horwat gepleşikleriniň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowa ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gurluşyk senagatymyzyň hil taýdan täze ösüş derejesine ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi we bu ugurda dünýä tejribesiniň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow Horwatiýnyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň barşy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa bilen obasenagat toplumy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ähli mümkinçilikleri içgin öwrenmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyza türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli düzümlerdäki iş barada aýtdy.

Milli Liderimiz ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport we syýahatçylyk boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary has işjeň ýgadaýda ösdürmek bilen bagly mümkinçilikleri öwrenmegi we şolardan peýdalanmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdlarymyzyň arasynda eýýäm baglanylan we geljekde baglaşyljak ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin, şu ugurda maglumat alşylmagy, edaralayň we hünärmenleriň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Horwatiýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza döwlet saparynyň dowamynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek bilen bagly wajyp meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmaga ýokary derejede taýýarlyk görmek barada wise-premýere tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Horwatiýa Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde milli parlament tarapyndan alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz iki döwletiň parlamentleriniň derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň uly ähmiýete eýedigini belläp, munuň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň we özara düşünişmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurdaky ileri tutulýan wezipelere Mejlisiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Iş maslahatyny tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.