Şu gün 28-nji aprelde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana gelýär.
Soňky aýlaryň dowamynda geçirilen özara taýýarlyk işlerini we bar bolan oňyn gatnaşyklary hasaba alanyňda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin oňat esas boljakdygyny ynam bilen aýdyp bolar, bu hyzmatdaşlyk bolsa saldamly serişdeler we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolup, olary iki tarap hem dostlukly döwletleriň halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge meýillidir.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Iwo Ýosipowiçiň duşuşygynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň has işjeňleşýän döwründe geçiriljekdigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň we onuň Lideriniň oňyn syýasatynyň ýokary abraýynyň ýene-de bir gezek subutnamasydyr, bu syýasatyň ileri tutulýan strategiki ugry bolsa ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdyr.
Soňky ýyllarda horwat tarapy okgunly depginler bilen ösýän we dünýäniň geosyýasy gurluşynda aýratyn möhüm ähmiýetli sebit bolan Merkezi Aziýada uly orny eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga çuňňur gyzyklanma bildirýändigini ençeme gezek beýan etdi. Türkmenistanyň we Horwatiýanyň özara bähbitli we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we ÝHHG-nyň çäklerinde ýola goýmaga özara gyzyklanma, dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýşlarynyň ýakynlygy halkara derejesinde türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Aşgabatda we Zagrebde ýokary derejede ozal geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçiliklei açdy.
Taraplar mundan beýläk-de bilelikde hereket etmäge çemeleşmeleri anyklaşdyryp, strategiki ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda, dokma, azyk we himiýa senagaty, maşyn gurluşyk, ulag- aragatnaşyk we gumanitar ulgamlaryny, saglygy goraýyş, gurluşyk, sport, syýahatçylyk we köpsanly beýleki ugurlary görkezdiler. Bu ugurlarda tagallalary birleşdirmek has entijeli häsiýete eýe bolar.
Şu ýylyň fewral aýynda biziň ýurdumyzda Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekiliýeti saparda boldy, onuň agzalary Horwatiýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Garaşylyşy ýaly, iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Iwo Ýosipowiç ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşarlar, ozal bar bolan ägirt uly tejribäni hem-de iki döwletiň täze taryhy eýýamda gazananlaryny nazara almak bilen bilelikde hereket etmegiň täze ugurlaryny kesgitlärler.
Işjeň dynç almagy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Adriatika deňziniň kenarynda ajaýyp künjeklerde ýerleşýän bütin dünýä belli şypahanalary bolan Horwatiýanyň bu pudakdaky baý tejribesi Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda öz möçberleri we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça halkara taslamasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan üçin örän peýdaly boljakdygy gürrüňsizdir.
Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamaga uly üns berler, muňa bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň alyp barýan işi täze kuwwatly itergi berer. Iki dostlukly halka müňýyllyklaryň dowamynda toplanan örän baý medeni gymmatlyklar bilen yzygiderli tanyşmaga mümkinçilik berýän medeni-gumanitar gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak gepleşikleriň aýratyn ugry bolar.
Gün tertibine girizilen döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri Türkmenistanyň we Horwatiýanyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr, şunda taraplaryň ikisi hem öz ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini iki dostlukly halklaryň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine batly depginler bilen ösdürmäge deň derejede gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler.