Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Schneider Electric” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Schneider Electric” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 843
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabaralara gatnaşan Fransiýanyň belli “Schneider Electric” kompaniýasynyň ýolbaşçylary – kompaniýanyň syn beriş geňeşiniň prezidenti Genri Lakmanny we ýerine ýetiriji wise-prezident Frederik Abbaly kabul etdi.

Genri Lakmann Fredrik Abbalyň Türkmenistanda bu kompaniýa wekilçilik etjekdigini aýtdy we döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem ol tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy, şol sanda Fransiýanyň belli kompaniýalary bilen ýygjam gatnaşyklary esasy ugur edinýän Türkmenistanyň özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we berkitmäge ygrarlydygyny nygtady.

Köpýyllyk hyzmtadaşlygyň geljekki ösüşi boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda elektroenergetika ulgamynda dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan kompaniýanyň ýolbaşçylary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Aşgabatda elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem olar özara gyzyklanmalara jogap bolup durýan hyzmatdaşylgy has-da ösdürmek boýunça täze teklipleri öňe sürdüler.

Mälim bolşy ýaly, elektroenergetika öňdebaryjy pudaklaryň biri bolmak bilen, onuň üpjünçilik derejesi tutuş halk hojalygy toplumynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we türkmen tarapynyň ýurduň energoulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda