Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň tanymal režissýory Çžan Imouny kabul etdi.
Myhman milli Liderimize duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan kabul edilmeginiň özi üçin uly mertebe bolup durýandygyny belledi. Jenap Çžan Imou tutuş dünýäde diňe bir oňyn özgertmeleri bilen däl-de, täsin galdyrýan taryhy-medeni mirasy we şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ahalteke atçylyk sungaty bilen tanalýan Türkmenistanda bolup görmäge mümkinçiligiň dörändigine örän begenýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli düýn synlan örän uly dabaralarynyň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny belledi. Jenap Çžan Imou Hytaýda doganlyk Türkmenistan bilen medeniýet we sungat boýunça hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini we şu ugurda iki ýurduň örän uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynyň müňýyllyklaryň, Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýandygyny hem-de şol ýol arkaly türkmen we hytaý halklarynyň arasynda uzakmöhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde, medeni gatnaşyklaryň hem ýola goýlandygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gumanitar-medeni hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, döwletara gepleşiginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny hem-de bu gepleşigiň irki döwürlerden bäri dowam edýän dostlukly gatnaşyklara we deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere esaslanýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman medeniýet boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, häzirki wagtda bu ugurda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak, onuň täze görnüşlerini, şol sanda kinematograf boýunça gatnaşyklary ýola goýmak üçin örän oňaýly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Çžan Imou Hytaýda Türkmenistan babatda uly gyzyklanma bildirilýändigini hem-de onuň biziň ýurdumyz barada filmi surata düşürmek isleginiň şol gyzyklanma bilen şertlendirilendigini belledi.???
Şeýle hem şanly wkalar, şol sanda halkara derejeli sport ýaryşlary mynasybetli uly dabaralary we medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi, şunda Türkmenistan dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribäniň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň toplan tejribesi babatda gyzyklanma bildirilýär. Hytaýda eýýäm birnäçe gezek abraýly halkara sport ýaryşlary, şol sanda 2008-nji ýylda XXIX tomusky Olimpiýa oýunlary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, režissýor Çžan Imou Pekinde geçirilen Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny esasy gurnaýjy boldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda, hytaýly hyzmatdaşlaryň tejribesi Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler.
Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyza türkmen-hytaý medeni gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine yzygiderli üns berýändigi we goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, öz gezeginde bu netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylymagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi. Jenap Çžan Imou Türkmenistanda bolanda özünde galan täsirler barada aýdyp, ýurdumyza ilkinji gezek sapara gelendigini, özünde ýakymly täsirleriň galandygyny we indi Türkmenistana ýygy-ýygydan gelmäge umyt baglaýandygyny aýtdy.
Hoşlaşanlarynda, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli işinde täze ajaýyp üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.