Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň arasynda gepleşikler
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden belent mertebeli myhman “Oguzkent” myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhanadan “Oguzhan” Köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Iki döwletiň Liderleri dostlarça görşüp, “Oguzhan” zalyna barýarlar. Belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy başlanýar.
Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi iki ýurduň Prezidentlerine hasabat berýär. Horwatiýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem-de ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümiň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda Horwatiýanyň Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny özüniň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşenlerinden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini “Altyn zala” çagyrýar. Şol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalaryny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Horwatiýanyň Baştutanynyň Türkmenistana saparynyň üstünlikli döwletara hyzmatdaşlygynyň dowamy boljakdygyna we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Iwo Ýosipowiç mähirli kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Horwatiýa iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýär hem-de Türkmenistanyň durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasatyny we onuň ähli başlangyçlaryny goldaýar.
Belent mertebeli myhman türkmen paýtagty bilen ilkinji tanyşlykdan soň galan täsirler barada gürrüň berip, onuň gözelligine hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň giň möçberliligine haýran galýandygyny aýtdy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Iwo Ýosipowiç özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň ägirt uly kuwwata eýedigini belläp, taraplaryň döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentleri özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylary energiýa we suw serişdeleriniň ýetmezçiligi, sebit howpszulygy ýaly häzirki döwrüň meselelerini çözmek boýunça halkara dünýä bileleşiginiň tagallalaryny goldaýandyklaryny aýtdylar.
Iki ýurduň Liderleri türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki döwürde onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň, özara geňeşmeleri, türkmen-horwat işewürler forumlaryny geçirmegiň, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Şol gatnaşyklaryň barşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alşylýar.
Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň täze, geljegi uly ugurlaryny gözlemegiň möhümdigini nygtadylar. Söwda-ykdysady ulgam, gämi gurluşygy, ulag-aragatnaşyk, energetika, ýangyç-energetika toplumy, senagat pudaklarynyň birnäçesi, syýahatçylyk we sport, oba hojalygy, şeýle hem gumanitar-medeni ulgam ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Horwatiýa resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we Horwatiýanyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin jenap Iwo Ýosipowiçe minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen Lideri bu duşuşyga türkmen - horwat gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde baha berilýändigini aýtdy we Horwatiýanyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleleriň giň toparyna serediljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Horwatiýanyň daşary syýasat ulgamynda özara düşünişýändiklerini aýdyp, häzirki döwrüň halkara durmuşynyň ençeme esasy meseleleri boýunça biziň ýörelgelerimiziň we garaýyşlarymyzyň umumydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýada we Günorta Ýewropada howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyny berkitmegiň örän möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny belledi.
“Häzirki döwür ençeme düýpli meseleleri çözmekde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu meseleleriň hatarynda ekologiýa, energetika, ulag we azyk howpsuzlygy ýaly ählumumy howpsuzlygyň dürli ugurlary bilen bagly meseleleri görkezmek bolar. Bu meseleleri çözmek babatda biziň pikirimiz birdir. Häzirki döwürde ählumumy howpsuzlyk meseleleri özara bagly bolmak bilen, olar toplumlaýyn, ulgamlaýyn we hemmetaraplaýyn çözülmegini talap edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Horwatiýanyň hyzmatdaşlygyny dowam etmegi maksat edinýäris diýip belledi. Şoňa görä-de, dünýäniň geosyýasy we ykdysady gurluşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen birek-biregiň oňyn tekliplerini hem-de başlangyçlaryny goldamaga taýýardyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmen Lideri häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde Türkmenistanyň we Horwatiýanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini aýdyp, biziň ýurtlarymyzyň halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklar ulgamynyň durnukly hem-de berk bolmagynda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm orny eýeleýär diýen pikirden ugur alýandyklaryny belledi. Şu meselede biziň garaýyşlarymyz, esasan, meňzeş bolmak bilen, jogapkärli we hakyky çemeleşmä, şeýle hem dünýäniň energetika giňişliginde hemmeleriň bähbitleriniň nazara alynmagynyň zerurdygyna esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz bu meselede Horwatiýa Respublikasyna ýurdumyzyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny nygtap, onuň köp ýagdaýlarda energiýa serişdelerini geçirijileriň geljekdäki ugurlary baradaky pikirlerimizi, şeýle hem Ýewraziýada giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak baradaky garaýyşlarymyzy goldaýandygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Horwatiýanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe işjeň goldaýandygyny belläp, energiýa serişdelerini öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň arasynda deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, adalatly nyrhlary bellemek we energiýa geçiriji ulgamlaryň goragly bolmagyny hemmetaraplaýyn kepillendirmek bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ölçegleri bolup durýar diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu günki geçirilen gepleşikleriň iki tarapyň hem şeýle garaýyşlara eýerýändigini tassyklaýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Iwo Ýosipowiçe şeýle çemeleşmeleri, jogapkärli we uzakdan görüji garaýyşlary üçin, uly minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga we neşeleriň ýaýradylmagyna garşy netijeli göreşmek meselesine hem biziň ýurtlarymyz möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Biz diňe döwletleriň bilelikdäki tagallalary arkaly halkara guramalary bilen ysnyşykly hereket edilende, bu howplaryň garşysyna üstünlikli göreşip bolar diýen pikire geldik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
“Biziň şu günki geçiren gepleşiklerimiziň jemleri we gazanylan ylalaşyklar görkezilen ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlejekdigine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ydysady gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň we Horwatiýanyň diňe bir ýangyç-energetika pudagynda däl-de, eýsem beýleki ugurlar boýunça hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýeterlik şertleriniň bardygyny nygtady we statistiki maglumatlaryň görkezişi ýaly, söwda dolanyşygynyň ösüşiniň häzirlikçe biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigini aýtdy.
Horwatiýanyň maşyn gurluşygy, gämi gurluşygy, derman we himiýa senagaty, agaç işläp bejermek we azyk senagaty, elektronika we elektrik tehnikasy ýaly pudaklarynyň uly mümkinçilikleri bar. Türkmenistan bu ugurlarda bilelikdäki önümçilik we maýa goýum taslamalaryna seretmäge taýýardyr.
Türkmenistanyň Baştutany ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, bu meselede Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmen Lideri söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga iki ýurduň telekeçilik guramalaryny işjeň çekmegiň, anyk maksatlara gönükdirilen işewürler maslahatlaryny yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşmak üçin, türkmen telekeçileriniň wekiliýetini Horwatiýa ibermegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýratyn durup geçdi. Horwatiýanyň kuwwatly we özboluşly gämigurluşyk binýady bar. Häzirki döwürde Horwatiýa bu ugurda Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň deňiz ulaglarynyň ösdürilmegi hem-de Gara deňzi we Ortaýer deňzi sebitlerine çykmagy nazara alnanda, bu pudagyň geljegi örän uludyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, Türkmenistanyň buýurmasy esasynda häzirki döwürde Horwatiýa Respublikasynyň «ULJANIK» gämigurluşyk kompaniýasynda ýolagçylary gatnatmaga we ýük awtoulaglaryny daşamaga niýetlenen iki sany «RO-PAX» görnüşli döwrebap gäminiň gurluşygy alnyp barylýar.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady gatnaşyklary işjeň alyp barýan häzirki döwründe aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany türkmen döwletiniň Horwatiýanyň «GündogarGünbatar» ugry boýunça sebitara ulag taslamalaryna gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn goldajakdygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyz ýöriteleşdirilen halkara guramalarynda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynda bilelikde alyp barýan işlerini güýçlendirseler, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatynyň geçiriljekdigini habar berdi we Horwatiýanyň wekiliýetini bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy.
Syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. “Biz Adriatik deňziniň kenarynda häzirkizaman syýahatçylyk ulgamyny döretmekde Horwatiýanyň toplan baý tejribesini öwrenmäge hem-de ulanmaga gyzyklanma bildirýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny özleşdirmäge horwat kompaniýalaryny we hünärmenlerini çekmegiň oňat mümkinçilikleriniň bardygyny beleldi.
Gumanitar gatnaşyklaryň hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr. “Biz medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, gumanitar gatnaşyklary has işjeň ýola goýmaga ýardam bereris. Döwrüň ruhuna we adamlaryň isleglerine laýyklykda ähli zerur şertleri döredip, bu ugurda alyp barýan bilelikdäki işlerimizi geljekde hem dowam ederis. Giň gerimli gumanitar gatnaşyklary üpjün etmegiň şertnamalaýyn binýadyny we bu ugurda hyzmatdaşlygy iş ýüzünde amala aşyrmagyň usullaryny kämilleşdireris” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, Türkmenistana hormat goýýandygy hem-de hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi üçin horwat tarapyna minnetdarlyk bildirip, bu gepleşikleriň Türkmenistanyň we Horwatiýanyň arasynda ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny türkmen-horwat gatnaşyklaryna uzak möhletleýin häsiýet bermek üçin, iki döwletiň mundan beýläk-de ähli işleri etmäge uly isleg bildirýändiklerini görkezýändigini nygtady.
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçe söz berilýär.
Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy we mähirli garşylandygy hem-de myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň bu sapara uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu sapar soňky ýyllarda has işjeňleşen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.
Horwatiýanyň lideri häzirki wagtda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine we okgunly ösüşine begenýändiklerini, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny, geljekde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Biz iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga dostlaryň hyzmatdaşlygy hökmünde garaýarys diýip, Horwatiýanyň Prezidenti belledi hem-de onuň özara ynanyşmak häsiýetine eýedigini aýratyn nygtady. Belent mertebeli myhman, ilkinji nobatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylymda we bilimde gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi.
Horwatiýanyň baştutany şu gün Aşgabatda geçirilýän türkmen-horwat işewürler maslahatynyň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, bu forumyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmekde Horwatiýanyň kompaniýalarynyň baý tejribe toplandygyny aýdyp, olaryň dünýäniň ähli künjeklerinde giň möçberli gurluşyklary alyp barýandyklaryny hem-de beýleki örän ähmiýetli ugurlarda işleýändiklerini nygtady.
Olaryň tejribesi we tehnologiýalary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu kompaniýalaryň, ilkinji nobatda, gämi gurluşygynda, deňiz portlaryny gurmakda, syýahatçylyk düzümini döretmekde, derman senagaty we gaýtadan işlemek senagatynda tejribesi öwrenilmäge we iş ýzünde ornaşdyrylmaga mynasypdyr diýip, jenap Iwo Ýosipowiç aýtdy. Belent mertebeli myhman şeýle hem Horwatiýanyň ylym, bilim we tehnologiýa babatda uly üstünliklere eýe bolandygyny habar berdi.
Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistanyň buýurmasy boýunça gurluşyklary giň gerimlde alyp barmaga, şeýle hem iki ýurduň ulag ministrlikleriniň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň wajypdygyna düşünýäris diýip, Horwatiýanyň baştutany aýtdy we öz ýurdunyň türkmen bazarynda maýa goýumlaryny amala aşyrmaga isleg bildirýändigini nygtady.
Şeýle hem belent mertebeli myhman Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ornunyň bardygyny belledi. Biz diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem, medeni ulgamda hem gatnaşyklarymyzy ösdürmäge aýratyn üns berýäris diýip, Iwo Ýosipowiç aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman adamzadyň taryhy we medeni gymmatlyklarynyň ähmiýetini belläp, olaryň ähli üstünlikleriň we ýeňişleriň özeni bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, biz medeni, ylym, bilim, syýahatçylyk, ulgamlarynda hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirmelidiris diýip, Horwatiýanyň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Iwo Ýosipowiç Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Horwatiýada çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýdyp, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine goldaw berjekdigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda Horwatiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň ykdysady we medeni gatnaşyklar babatda gazanan üstünliklere uly gyzyklanma bildirýändigini we ony tüýs ýürekden goldaýandygyny aýtdy.
Jenap Iwo Ýosipowiç çykyşyny tamamlap, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny ýene-de bir gezek nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, türkmen Liderine we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Horwatiýa Roespublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga, Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Höküimeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga, Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlekt komiteti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Syýahatçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç Türkmenistana döwlet saparynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýýanama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Iwo Ýosipowiç “Baýram han” zalyna barýarlar, şol ýerde metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, netijeli gepleşikler üçin Prezident Iwo Ýosipowiçe tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gepleşikler dostluk we birek-birege hormat goýmak ýagdaýynda geçdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gün geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Horwatiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgilendi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary, hususan-da, syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmek işinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Halkara durmuşynyň köp meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýratyn nygtamak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiz sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek we ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş edýärler diýip belledi.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň ýolbaşçylary halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine garşy durmakda, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny goldaýandyklaryny aýtdylar.
Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek meselelerine degip geçip, milli Liderimiz dünýä ykdysadyýetiniň isleglerini hasaba almak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurlygyna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmegiň usullaryny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň edýän tagallalarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we olaryň biri-biriniň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga taýýardygyny belledi. Söwda - ykdysady gatnaşyklarymyzy ösdürmek we giňeltmek türkmen-horwat hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellendi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň işi bu ugurda edilýän bilelikdäki tagallalaryň örän möhüm düzüm bölegi bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Geçirilen gepleşikleriň barşynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistan Horwatiýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, şol sanda ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady toparynyň ugry boýunça has-da ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Horwatiýanyň wekiliýetini halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanyp, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Gepleşikleriň barşynda medeni-gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ugurlaryna garaldy we ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Baştutany iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Horwatiýanyň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri guramakda birek-birege ýardam bermegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Birleşigi bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklarynda Horwatiýa möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ol soňky döwürde ýokary depginlere eýe boldy we türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň möhüm taraplarynyň birine öwrüldi.
Biz bu duşuşugyň netijelerine uly kanagatlanma bildirýäris. Gazanylan netijelere Türkmenistan bilen Horwatiýanyň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýene-de bir möhüm goşant hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz öz kärdeşi Prezident Iwo Ýosipowiçe geçirilen netijeli gepleşikler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Horwatiýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we uly zähmet üstünliklerini gazanmak baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, öz adyndan we Horwatiýanyň wekiliýetiniň adyndan myhmansöýerlik hem-de birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlemek boýunça döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Horwatiýanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçmek bilen, horwat kompaniýalarynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary diňe däbe öwrülen ykdysady, syýahatçylyk ýa-da azyk senagaty ýaly ugurlarda däl-de, eýsem, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda hem giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we olaryň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak meselelerine ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara türkmen-horwat toparynyň bu işde uly orun eýeleýändigini belledi.
Soňra Prezident Iwo Ýosipowiç Horwatiýanyň gämi gurluşykda, demir ýollary çekmekde, maşyn gurluşykda uly tejribesiniň bardygyny belläp, nou-haular babatda we täze tehnologiýalary ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ornaşdyrmak babatda öz hyzmatlaryny teklip etmäge taýýardygyny aýtdy.
Horwatiýanyň lideri şeýle hem öz ýurdunyň energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Jenap Iwo Ýosipowiç söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, iki ýurduň ägirt uly kuwwatyny nazara alanyňda syýahatçylyk, lukmançylyk, derman senagaty we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň ugryň açylýandygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistana döwlet saparynyň ähmiýetini bellemek bilen, Horwatiýanyň Prezidenti gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar özara bahbitlere gabat gelýän işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin oňat binýat bolup hyzmat edýär diýip nygtady.
Horwatiýanyň Prezidenti taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda iki ýurduň pudaklarynyň, kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň, telekeçileriniň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeň ulanmak barada ylalaşandyklaryny habar berdi.
Prezident Iwo Ýosipowiç Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmegiň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy türkmen-horwat syýasy gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezdi. Eger parahatçylyk bolmasa, biziň ösüşimiz hem bolmaz, biz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny goldaýarys diýip, horwat lideri belledi.
Horwatiýa Respublikasynyň Baştutany aýdylanlary jemläp, öz ýurdunyň ägirt uly serişdeler hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady.
Metbugatyň wekilleri bilen duşuşyk tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýaly kärdeşi Iwo Ýosipowiç bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistan bilen tanyşlygynyň üstünlikli dowam etmegini arzuw edýär.
Günüň ikinji ýarymynda Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti türkmen-horwat işewürler maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu maslahat “Mizan” täjirçilik merkezinde öz işine başlady.
Soňra Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Gypjak obasyna ugrady, şol ýerde jenap Iwo Ýosipowiç Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, kümmete gül goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Şol gün Horwatiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Däbe görä, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda agaç nahalyny oturtdy.
Soňra belent mertebeli myhman üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halysy türkmen halkynyň buýsanjydyr we milli gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halysynyň muşdagy hem-de Türkmenistanda halyçylygyň şöhratyny we iň gowy däplerini dikeltmekde işjeň ilerlediji bolmak bilen, özüniň taýsyz tagallalary hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi bilen bu gadymy senediň täzeden galkynmagy we gülläp ösmegi üçin iň gowy şertleri döretdi. Döwet Baştutanymyz milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat” atly kitabynda okyjylara bu ajaýyp sungatyň täsinlikleri barada çeper gürrüň berýär.
Ýewropada türkmen halylaryna hemişe ýokary baha berlipdir. Olaryň gadymy nusgalary häzirki wagtda hem Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerinde, sergi zallarynda we çeperçilik galereýalarynda aýawly saklanýar.
Jenap Iwo Ýosipowiç türkmen halyçylarynyň ussatlygyna we döredijilik zehinine mynasyp baha berip, muzeýdäki gymmatlyklaryň gözelligine hem-de täsinligine haýran galýandygyny aýtdy.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. onuň barşynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Iwo Ýosipowiç geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, taraplaryň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassykladylar we Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.