Ï Türkmen-horwat işewürler maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-horwat işewürler maslahaty

view-icon 681
Şu gün paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-horwat işewürler maslahaty geçirildi. Oňa dostlukly döwletiň baştutany we onuň ýanynda bolýan hökümet wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Bu wekiliýetiň düzümine Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri hem girdiler. Foruma gatnaşyjylaryň arasynda Horwatiýanyň ykdysady palatasynyň, iri “Uljanik” gämi gurluşyk zawodynyň, gämi gurluşygynda, şeýle hem ýol gurluşygy we taslaýyş, gurluşyk materiallaryny we metal gurnamalaryny, elektrootlulary, elektroenergetika enjamlaryny öndürmek, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar, sport desgalaryny gurmak we enjamlaşdyrmak, konsalting ulgamlarynda işleýän beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.


Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Ykdysadyýet we ösüş, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Energetika, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Demir ýol ulaglary, Awtomobil ulaglary, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Işewürler maslahatyna wekilçilik edýän düzümleriň hatarynda Sport we syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, Haryt-çig mal biržasy, Söwda-senagat edarasy we golaýda döredilen Türkmenistanyň önümleriniň haryt dolanyşygyny öwrenmek baradaky instituty, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen-horwat işewürler maslahatynyň ähmiýeti barada belleýşi ýaly, Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu babatda Horwatiýa ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz işewürler maslahatynyň geçirilmeginiň iki döwletiň hem köpugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

“Mizan” täjirçilik merkeziniň eýwanynda ýurdumyzyň myhmanlary üçin köp öwüşginli sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde milli zergärçilik önümleri, ýüpekden we ýüňden dokalan halylar, sowgatlyk, döwrebap dokma, neşirýat önümleri görkezildi.

Ýokary derejedäki türkmen-horwat gepleşikleri tamamlanandan soň, bu ýere gelen Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti sergä uly gyzyklanma bilen syn etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary myhmanda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Sergi bilen tanyşlykdan soň, işewürler maslahatynyň açylyşy boldy, onuň işine iki tarapdan ýüzden gowrak adam – hökümet toparlarynyň wekilleri, şol sanda Horwatiýanyň kompaniýalarynyň 30-a golaýynyň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň açylyşynda bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ýokary derejedäki türkmen-horwat gepleşikleriniň dowamy bolup durýar. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç foruma gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Belent mertebeli myhman şu gün geçirilen türkmen – horwat gepleşiklerine kanagatlanma bildirip, şol gepleşikleriň täze derejede ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin oňat esasy goýandygyny belledi. Döwletleriň ikisi hem iki halkyň bähbidine işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny ykrar etdi. Horwatiýa hem öz tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmaga, şol sanda dünýäde özlerini mynasyp görkezen esasy kompaniýalaryň önümlerini hem-de hyzmatlaryny hödürlemäge çalyşýar diýip, jenap Prezident aýtdy.

Prezident Iwo Ýosipowiç ýokary derejedäki duşuşyklaryň örän netijeli bolandygyny ýene-de bir gezek belläp, taraplaryň bilelikdäki maýa goýum we düzümleýin taslamalara bildiren gyzyklanmasynyň energetika, ulag, gämi gurluşygy, metaly gaýtadan işlemek we beýleki ulgamlarda öz aýdyň beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi. Horwatiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan bilen islendik pudakda hyzmatdaşlyk etmäge, tejribeleri we tehnologiýalary alyşmaga taýýardyr.

Dostlukly döwletiň lideri käbir horwat kompaniýalarynyň eýýäm Türkmenistanda öz wekilhanalaryny açandyklaryny we hususy taslamalarynyň bardygyny aýdyp, bu işewürler maslahatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de Horwatiýanyň beýleki köpsanly kompaniýalaryny geljegi uly türkmen bazaryna çekmegiň ýolunda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň iki ýurduň işewür toparlarynyň giň möçberli hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin iň oňaýly şertleri üpjün etmäge bolan meýli bu babatda esasy şert bolup durýar. Prezident Iwo Ýosipowiç foruma gatnaşyjylary türkmen önüm öndürijileriniň horwat bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmek, dünýä bazarlaryna bilelikde çykmak babatda ikitaraplaýyn taslamalary işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge çagyrdy. Munuň özi Türkmenistanyň we Horwatiýanyň ykdysady hem-de senagat kuwwatyndan has doly peýdalanmaga ýardam eder.

Horwatiýa Respublikasynyň baştutanynyň çykyşy foruma gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen garşylandy. Bu forumyň esasy wezipesi ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin ylalaşykly ýollary we meýilnamalary kesgitlemekden ybaratdyr.

Soňra ýurdumyzyň myhmanlary üçin Türkmenistan bilen wideo tanyşdyrylyşy guraldy. Foruma gatnaşyjylara hödürlenen filmde döwletimiziň ykdysady eksport we maýa goýum syýasatynyň üstünlikleri, halk hojalygynyň esasy pudaklaryny, durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça gazanylanlar hem-de meýilnamalar, maýa goýum ulgamyndaky mümkinçilikler, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri halkara taslamalary we beýlekiler barada gürrüň berildi. Köp öwüşginli şekillerde ýurdumyzyň köpugurly hem-de haýran galdyryjy keşbi peýda boldy. Mähriban diýarymyzda ykdysady ösüş durmuş ösüşi, senagat taýdan ösüş ekologiýa aýawly garamak, innowasiýalar bolsa halkyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak bilen sazlaşýar.

Soňra foruma gatnaşyjylar çykyş etdiler. Şol çykyşlarda bolsa netijeli döwletara gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy we ony ösdürmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýlelikde, ulag ulgamy, şol sanda türkmen flotuny döwrebaplaşdyrmak hem-de giňeltmek ugry boýunça hyzmatdaşlyk duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şu mesele boýunça Horwatiýa Respublikasynyň gämi, ulag we düzüm ministri Siniş Haedaş Donçiş çykyş etdi. Horwatiýanyň Ykdysady palatasynyň prezidenti Luka Burilowiç horwatiýaly hyzmatdaşlaryň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde bu ýurduň pudaklarynyň we senagat kärhanalarynyň bäsleşik babatda artykmaçlyklaryna ünsi çekdi.

Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri häsiýetlendirip, olaryň ösüşiniň has ähmiýetli görkezijileri we geljegi barada gürrüň berdiler. Ykdysady özgertmeleriň innowasion ugruna, ýurdumyzdaky amatly maýa goýum ýagdaýyna we daşary ýurtly kompaniýalaryň işlemegi üçin döredilen oňaýly şertlere, ösen düzüme aýratyn üns berildi. Bularyň ählisi daşary ýurtly işewürleriň netijeli işlemegi üçin ulag mümkinçiliklerini döredýär.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki meýilnamalar anyklaşdyryldy. Iki ýurduň bazarlarynyň häzirki ýagdaýy babatda maglumatlar gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol taslamalar Adriatikadan Hazara çenli özboluşly ykdysady köpri üçin daýanç bolup hyzmat edip biler.

Mysal üçin, Horwatiýa syýahatçylyk ulgamynda öňdäki hatarlaryň birini eýelemek bilen, Türkmenistanda syýahatçylyk zolaklaryny ösdürmäge, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky giň möçberli taslama gatnaşyp biler. Mysal üçin, şypahana kenarýakasynda köpugurly sport desgalaryny gurmagyň mümkinçilikleri “Concept 90” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Horwatiýanyň kompaniýalary Ýewropada derman senagaty bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynyň, şol sanda lukmançylyk enjamlaryny ibermek ulgamynyň hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly pudaklaryň biridigini bellemelidiris. “Medical Intertrade” kompaniýasy şeýle şertnamalara gyzyklanma bildirdi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda däp bolan gurluşyk ulgamy we nebitgaz pudagy bar.

Horwatiýanyň kompaniýalarynyň 10-a golaýy, şol sanda ýol gurluşygynda, energetika pudagynyň kärhanalaryny enjamlaşdyrmakda işleýän kompaniýalar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça öz tekliplerini hödürlediler. Olaryň arasynda “Rijeka-Zagreb”, “Hrwatske Autoceste”, “Wiadukt”, “Koncar Engineering”, “PA-EL” we beýlekiler bar.

Geljegi uly hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugry gämi gurluşygy bilen baglanyşyklydyr: Horwatiýada bu pudak okgunly ösýär. Horwatiýanyň Pula şäherinde ýerleşýän “Uljanik” gämigurluşyk kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň möhüm buýurmasy esasynda “RO-PAX” kysymly ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan paromlaryň ikisi gurulýar. Bu dünýä meşhur zawodyň dolandyryjy hünärmenleri hem-de ýurdumyzyň Döwlet derýa we deňiz ulaglary gullugy şol taslamalary ilerletmegiň hem-de türkmen gämiçiligini ösüşiniň çaklamasy esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Foruma Horwatiýanyň esasy wagon gurluşyk kompaniýasy bolan “TZW Gredelj” kompaniýasy, metal gurnawlaryny öndürýän “Monter Strojarske Montaze” kompaniýasy hem gatnaşdylar. “Konsilium” kompaniýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasyndaky duşuşykda maslahat beriş we işewürlik menejmenti meselelerine aýratyn üns berildi.

Häzirki zaman ykdysadyýetçileri ykdysady ösüş üçin önümçiligiň maddy däl ugurlaryna, ýagny bilime we tehnologiýalara maýa goýmagyň möhüm bolup durýandygyny tassyklaýarlar. Bu mesele işewürlik forumynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Horwatiýanyň “King ICT” kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda oňa garaldy. Mundan başga-da, beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durlup geçildi hem-de ýakyn geljek üçin anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň barşynda foruma gatnaşyjylar geljekki işewür hyzmatdaşlar bilen peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, geljekki işiň ugurlaryny kesgitlemek, derwaýys başlangyçlary we iki ýurduň özara bähbitli gatnaşyklarynyň ýokary derejesine laýyk gelýän haryt dolanyşygynyň ösüşiniň ýokary depginini üpjün etmegiň çärelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik aldylar.

Işewürler maslahatynyň ahyrynda Horwatiýanyň wekilleri işewürler maslahatyny ýokary derejede geçirmäge edilen ýardam, şeýle hem myhmansöýerlik hem-de geçirilen gepleşikleriň we geňeşmeleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler. Şol gepleşikler we geňeşmeler bolsa bilelikdäki işleriň garaşylýan netijeleri berjekdigine ynam döredýär.