Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament orunbasaryny kabul etdi

view-icon 704
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament orunbasary jenap Takao Makinony kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, myhman Ýaponiýanyyň imperatory Akihitonyň we premýer-ministri Sindzo Abeniň milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda uly üstünlikler baradaky aýdanlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň baştutanynyň orunbasaryny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Imperatoryna hem-de premýer-ministrine hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de ony özara gyzyklanmalara laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklady.

Soňky ýyllarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýola goýlan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” netijeli gatnaşyklaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça özara pikir alyşdylar. Taraplaryň pikire görä, halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelmegi hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Jenap Takao Makinonyň belleýşi ýaly, Ýaponiýada Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugry we türkmen Lideriniň parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary uly goldawa eýedir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda täzeçillk maksatnamalarynyň we iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirlmeginiň diňe bir ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagy däl, eýsem ýurdumyzyň daşary ýurt maýadarlary üçin has-da özüne çekiji bolmagyny şertlendirýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Tokio guran resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Esasan-da, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, saglygy goraýyşda, sport we syýahatçylyk ugurlarynda, bilim hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine deglip geçildi.

Milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm bolan bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw berýändigi üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň iki halky asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrýan ykdysady we medeni gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Strategik we uzakmöhletleýin hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan täsirini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler gürrüňdeşligiň aýratyn mowzugyna öwrüldi.

Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament orunbasary jenap Takao Makinony ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini nazara alanyňda uly geljegi bolan özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýsusige Okimoto gatnaşdy.