Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

view-icon 721
Mälim bolşy ýaly, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, bu babatda ildeşlerimize, esasan-da, ýaşlara görelde bolmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adaty endigine öwrüldi. Ine, bu günem milli Liderimiz özüniň asylly ýörelgesine eýerip, agtygy bilen Giňdiwaryň belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna geldi.

Säher şapagynyň öwüşgüni bilen ajaýyp görnüşi emele getirýän gözel künjekde baharyň ajaýyplygy, dag-dereleriň gözel keşbi jana ýakymly dag howasy bilen utgaşyp, ynsan ruhuny göterýän ýagdaýy emele getirýär. Bu ýerleriniň tebigy aýratynlygy, baýyrlaryň, dag etekleriniň gök lybasa bürenmegi baharda joş urýan türkmen topragyna mahsus aýratynlykdyr.

Agtygy bilen Saglyk ýoluna gadam goýan hormatly Prezidentimiz köpçülikeýin bedenterbiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, bu hereketiň ynsan saglygy üçin zerurlykdygyny gürrüň berdi.

Şu ýyl tutuş halkara jemgyýetçiliginiň giňden dabarlandyrýan Bütindünýä saglyk gününi ählihalk baýramçylygy hökmünde belleýän ýurdumyzda gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça aprel aýynyň dowamynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy ýaýbaňlandyryldy. Bir aýlap dowam eden köpçülikleýin çäräniň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine, dürli görnüşdäki ýaryşlara giň gerim berildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen guralan giň möçberli çäre umumy ruhy galkynyşy döretmek bilen, oňa sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adamlaryň müňlerçesi işjeň gatnaşdy. Şu döwürde dürli sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen bir hatarda sport ulgamyna degişli döwrebap binalaryň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň açylyş dabaralary boldy.

Şeýle hem ýurdumyzda halkara derejesinde bellenilen Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň biraýlyga gabat gelmeginde aýratyn many bar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şanyna guralan baýramçylyk dabaralaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy, onda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň we halkara at çapyşygynyň geçirilmegi baýramçylygyň dabarasyny has-da belende göterdi. Çärelere gatnaşyjylar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna, oňa tutuş ilatymyzyň işjeň gatnaşmagyna, şeýle hem sportuň ýokary gazananlarynyň dabaralandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.


Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji milli Liderimiz adam hem-de onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi babatda ýurdumyzda kanunalaýyk çözgütler kabul edilýär, “Bedenterbiýe we sport hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Saglyk ýoluna ýöriş mahalynda döwlet Baştutanymyz agtygyna watansöýüjilik, edep-terbiýe, maksada okgunlylyk hem-de zähmete bolan söýgi babatda dürli rowaýatlaryň üsti bilen manyly gürrüň berdi. Şeýle hem milli Liderimiz agtygyna türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň aýratynlygy, bahar paslynyň türkmen tebigatyna eçilýän ajaýyplygy hem-de tebigatymyzy gorap saklamagyň, daşky gurşawy abadanlaşdyrmak işini alyp barmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýörişiň dowamynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygynyň şu gün tamamlanýandygyny, bu çäräniň ynsan saglygyny berkitmekde möhüm ornunyň bardygyny aýdyp, biraýlyga tutuş ildeşlerimiziň, esasan-da, ýaşlaryň höwes bilen gatnaşandygyny aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, biraýlygyň çäklerinde “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda okuwçylaryň we talyplaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, dürli düzümleriň işgärleriniň, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň gatnaşmagynda bedenterbiýe we sport hereketine giň gerim berildi. Onda dürli ýaşdaky adamlar özara toparlara bölünip sport bäsleşiklerini ýaýbaňlandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň agtygy özüniň surat esbaplaryny ele alyp, Saglyk ýolunyň ajaýyp belentliginden tebigatymyzyň şu pursatdaky ajaýyplygyny şekillendirmäge girişdi. Bu ýerden soňky ýyllarda, gönüden-göni milli Liderimiziň başlangyjy we ýadawsyz tagallasy boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz onuny berkidýän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi açylýar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda adamlaryň oňaýly dynç alyşy we döwrebap ýaşaýyşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şol pursatda hormatly Prezidentimiziň agtygy özüniň çeken suratyny atasyna görkezdi. Tebigatyň aýratynlyklary, dürli guşlar, dag haýwanlary, türkmen bedewi çekilen suratlaryň esasyny düzýär. Milli Liderimiz agtygynyň çeken suratlaryny synlap, kagyza geçirilen şekilleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Çaga zehininden kemal tapan suratda türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, bahar paslynyň gözelligi, dürli haýwanlar çeper beýan edilipdir. Şeýle hem ol suratlaryň arasynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň suratynyň bolmagy has-da täsirlidir. Atasynyň bu surat bilen içgin gyzyklanandygyny aňyp, agtyjagy Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan okamaga höwes bildirdi. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden okap beren goşgularyny uly gyzyklanma bilen diňledi.

Bu pursatlar ata üçin örän ýakymly bolmak bilen, ol peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygyny alamatlandyrýan anyk ýagdaýdyr. Soňra hormatly Prezidentimiziň agtygy bilen ýörişi dowam etdi. Köpetdagyň gözel künjeginden çekilen saglyk ýolunyň şu ýerinden paýtagtymyz we onuň töwerekleri eliň aýasynda ýaly görünýär. Milli Liderimiziň agtygy göm-gök baýyrlaryň arasynda ýaýylyp ýatan Nusaý galasynyň özboluşlylygy bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz agtygyna gadymy döwürlerde bu künjekde gülläp ösen Parfiýa döwletiniň bolandygyny, Nusaýyň bolsa şol kaşaň döwletiň paýtagty bolandygyny gürrüň berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Parfiýa döwletiniň ähli ugurlar boýunça gülläp ösendigini, Nusaýda dünýä belli bazarlaryň hereket edendigini, Beýik Ýüpek ýolundan geçýän söwda kerwenleriniň bu şäheriň kerwesaraýlarynda düşläp, gerek harytlaryndan ýüküni tutup, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna tarap ýol salandyklaryny giňişleýin aýdyp berdi.

Soňra olar ýoluny dowam etdiler. Ýolugra hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagynda, onuň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Saglyk ýolunyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny gürrüň berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň gerime eýe bolan biraýlygyň çäklerinde geçirilen çäreler, olaryň ýaşlar, körpe nesiller üçin ähmiýeti barada agtygyna gürrüň berdi.

Şeýlelik bilen ata bilen agtygyň baharyň hoştap howasynda säher bilen Saglyk ýoluna guran ýörişi tamamlandy. Olar ýörişi tamamap bu ýerden ugradylar.